Häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň ähli ugurlarynda düýpli özgertmeleri giňden ýaýbaňlandyryp, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň bedew bady bilen öňe gitmegini üpjün etmek maksady bilen, onuň kanun binýadyny dünýä ülňülerine laýyklykda kämil derejelere çykarylmagyna aýratyn uly ähmiýet berilýär. Bu babatda geçen asyryň 90-njy ýyllarynyň bosagasynda döwlet özbaşdaklygyny yglan edip, berkarar eden Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň kanun binýadyna esas bolup hyzmat edýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň mundan 24 ýyl öň, 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda kabul edilenden soňky çärýek asyra golaý döwrüň içinde ädimme-ädim kämilleşdirilip gelinendigi, hormatly Prezidentimiz döwlet baştutany wezipesine girişenden soňky geçen dokuz ýyldan gowrak döwrüň içinde düýpli işleriň edilendigi, hususan-da Türkmenistanyň Esasy Kanunynyň – döwletimiziň Konstitusiýasynyň döwrümiziň talap edýän özgertmeleri nazarda tutulyp işlenip düzülen täze redaksyýasynyň 2008-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda bolan Türkmenistanyň nobatdan daşary XXI Halk Maslahatynda kabul edilendigi, häzirki wagtda bolsa hormatly Prezidentimiziň 2014-nji ýylyň 16-njy maýynda gol çeken resminamasyna laýyklykda döredilen Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek baradaky Konstitusion topar tarapyndan bu Esasy Kanunyň kämilleşdirilen görnüşiniň taslamasynyň taýýarlanmagy hem-de onuň giň halk köpçüliginiň arasynda ara alnyp maslahatlaşylmagynyň ýola goýulmagy bu işe aýtayn uly ähmiýet berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Çünki Konstitusiýa hemgyýetiň ähli düzümleriniň sazlaşykly ösmegine esas bolýan köp sanly kanunlaryň hamyrmaýasay bolup hyzmat edýär, ýurtda dowam edýän ähli kanunlar şol Esasy Kanundan gözbaş alyp gaýdýar, şoňa daýanýar. Garaşsyzlygyň çärýek asyra golaý döwrüniň içinde bu Konstitusiýanyň esasynda täze taryhy eýýamyň talaplaryna laýyk gelýän demokratik, hukuk, dünýewi döwlet, onda-da prezident respublikasy görnüşinde dolandyrylýan döwlet ädimme-ädim kemala getirildi we hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen onuň dünýä ösüşi bilen aýakdaş gidýän döwlete öwrülmegi üpjün edildi. Bu babatda alnyp barylan işler halkymyzy Berkarar döwletiň bagtyýar döwrüne alyp geldi. Bu döwürde hormatly Prezidentimiziň häzirki zaman türkmen jemgyýetini düýpli kämilleşdirmek bilen, ony dünýä siwilizasiýasynyň döwrebap subýektine öwürmegi, türkmen döwletiniň dünýä ösüşine içgin integrasiýalaşmagyny üpjün etmegi jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda giňden ýaýbaňlandyran düýpli özgermeleriniň baş maksady hökmünde öňe sürüldi. Iňňän uzaklary nazarlaýan bu özgertmeleriň baş ýörelgesi edibem hormatly Prezidentimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen parasatly ýörelgäni saýlap almagy biziň halkymyzy täzeden-täze üstünliklere galkyndyrdy, ony milli Liderimiziň parasatly syýasatynyň saýasynda has berk jebisleşdirdi, biziň parasatly ata-babalarymyzyň, merdana halkymyzyň Magtymguly Pyragy ýaly akyldar ogullarynyň asyrlar boýy berkarar döwletli bolmak barada edip gelen arzuwlarynyň wysal bolmagyna amatly şertleri döretdi. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda başlan il-ýurt bähbitli düýpli özgertmeleri jemgyýetimizi dolandyrýan milli döwletimiziň kanun binýadyny döwrüň talabyna laýyk getirmek zerurlygyny orta çykardy. Şol taryhy zerurlykdan ugur almak bilen, hormatly döwlet Baştutanymyz turuwbaşdan berkarar döwletimiziň mizemezliginiň kepili bolup hyzmat edýän kanun binýadyny, ilkinji nobatda bolsa, milli kanunçylygymyzyň hamyrmaýasy bolan Türkmenistanyň Esasy Kanunynyň – döwletimiziň Konstitusiýasynyň döwrümiziň talap edýän özgertmeleri girizilen täze redaksyýasynyň işlenip düzülmegini we onuň 2008-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda bolan Türkmenistanyň nobatdan daşary XXI Halk Maslahatynda kabul edilmegini ýola goýdy. Bu Konstitusiýanyň esasynda döwletimiziň ähli kanunlarynyň döwrebap kämilleşdirilmegi, Konstitusiýa girizilen üýtgetmeleri we goşmaçalary göz öňünde tutýan täze kanunlaryň işlenip düzülmegi boýunça düýpli işleriň alnyp barylýandygy hormatly Prezidentimiziň ynsan bähbitlerine gönükdirilen syýasatynyň mundan buýana-da gyşarnyksyz dowam etjekdiginiň güwänamasy bolup hyzmat etdi. Döwletimiziň bu kämil kanun binýadyna daýanyp hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda durmuşa geçirýän düýpli özgertmeleri häzirki zaman türkmen jemgyýetini dünýä siwilizasiýasynyň ösüş derejesinde kämilleşdirmegi, biziň berkarar döwletimiziň dünýä ösüş prosesine içgin aralaşyp, şol ösüşiň aýrylmaz subýektleriniň birine öwrülmegini üpjün etmägi, şeýdibem dünýä taryhynda şohratly yz galdyran zähmetsöýer hem merdana halkymyzyň bütin adamzat ösüşine mynasyp goşant goşýan halka öwrülmegini ýola goýmagy, ynsanyýetiň asyrlar boýy arzuwlap gelen raýat jemgyýetini berkarar etmegi baş maksat hökmünde öňe çykardy. Bu babatdaky alnyp barylan işler biziň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň bedew bady bilen öňe gitmegine giň mümkinçilikleri emele getirdi. Şonuň üçinem döwletimiziň Esasy Kanunyny şol ösüşde ýetilen sepgitlere laýyklykda ýene-de kämilleşdirmek zerurlygy emele geldi. Şonuň üçin hormatly Prezidentimiz 2014-nji ýylyň 16-njy maýynda Türkmenistanyň Konstitusion toparyny döretdi hem-de şol ýylyň 6-njy iýulynda bu toparyň ilkinji guramaçylyk mejlisini geçirip, onuň öňünde duran anyk wezipeleri kesgitläp berdi, 2015-nji ýylyň 28-nji maýynda bu Konstitusion toparyň nobatdaky maslahatyny geçirip, onda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze taslamasynyň işlenip düzülişi bilen baglanyşykly meseläni giňden ara alyp maslahatlaşmagy, ahyrky netijede hem şol taslamanyň mazmuny barada geçen, 2015-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda Türkmenbaşy şäherinde, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dabaraly ýagdaýda ulanmaga berlen “Awaza” kongresler merkezinde geçirilen Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatynda çuňňur manyly söz sözlemegi hem-de dili senalay ýaşulular bilen ony ara alyp maslahatlaşmagy, soňra bolsa Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly diýlip yglan edilen 2016-njy ýylyň 2-nji fewralynda Konstitusion toparyň nobatdaky mejlisini geçirip, bu taslamanyň halk arasynda ara alnyp maslahatlaşylmagy üçin metbugatda onuň çap edilmegine ak pata bermegi, şonuň netijesinde 15-nji fewralda ýurdumyzyň esasy metbugat organlary bolan “Türkmenistan” hem-de “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetlerinde neşir edilmegi we halkyň giňden ara alyp maslahatlaşyp, öz tekliplerini öňe sürmeklerine giň mümkinçilikleriň döredilmegi biziň ýurdumyzda hakyky halk häkimýetiniň hökmürowandygynyň aýdyň subutnamasy boldy. Munuň özi ýurdumyzyň häzirki wagtda bedew bady bilen öňe barýan döwrüniň ruhuna laýyk gelýän kanunçylygyň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda tutuş halk bolup kemala getirilýandiginiň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen kanunçylygy döwrebap kämilleşdirmegiň dünýä tejribesini ata-babalarymyzyň döwlet gurujylyk we döwleti dolandyryjylyk tejribeleri bilen berk utgaşdyrmak arkaly berkarar döwletimiziň Konstitusiýasynyň has kämil derejelere çykarylmagy biziň ýurdumyzyň ähli raýatlarynyň erkin, asuda durmuşda ýaşamaklaryna, döredijilikli zähmet çekip, hormatly döwlet Baştutanymyzyň il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegine mynasyň goşant goşmaklaryna ähli amatlyklary döredýär. Konstitusion taýdan kepillendirilýän hukuklar we azatlyklar tutuş halkymyzy ösüşiň täze sepgitlerine ýetmäge galkyndyrýan bolsa, onda ädimme-ädim kämilleşdirilip gelinýan Konstitusiýamyzda göz öňünde tutulan konstitusion borçlar özlerine hyzmat edýän döwletiň öňündäki olaryň jogapkärçiligini has ardyrýandygy ikuçsyzdyr. Biziň döwletimiziň her bir raýatynyň öz bu konstitusion borçlaryna çuňňur aň ýetirmek bilen, yhlasly çekýän döredijilikli zähmeti biziň gazanýan ähli üstünliklerimiziň çeşmesi bolup hyzmat edýar. Hormatly Prezidentimiziň yhlasy bilen täze döwrüň talaplaryna laýyk kanunçylygyň döredilmegi jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda adamlar arasyndaky gatnaşyklaryň sazlaşykly bolmagyna, her bir adamyň döredijilik ukyp-başarnyklaryny açmagyň esasynda adamzadyň döredýän ähli eşretleriniň hözürini görüp ýaşamgyna giň mümkinçilikleri açýar. Bu babatda hormatly Prezidentimiziň gol çekip, biziň durmuşymyza ornaşdyran ykbal kesgitleýji ähmiýeti bolan onlarça kanunlarynyň mysalynda ony aýdyň görüp bolýandygyny uly guwanç hem buýsanç bilen aýdyp bolar. Bu kanunlaryň biziň jemgyýetimizi mundan buýana hem kämilleşdirmäge, bu ýerde milli demokratiýanyň, adalatlylygyň has rowaçlanmagyna, ykdysadyýetiň bazar gatnaşyklaryna geçilýän häzirki döwründe adamlar arasyndaky zähmet gatnaşyklarynyň talabalaýyk, sazlaşykly ýola goýulmagyna, adamlaryň eşretli ýaşaýyşyny ýola goýmak bilen, ösüp gelýän ýaş nesilleriň sagdyn ösmegini üpjün etmäge ygtybarly esas döredýändigi bolsa aýdyň hakykatdyr. Adamlaryň erkin, azat, eşretli durmuşda ýaşamagyna esas döredýän şertleriň kanun taýdan kepillendirmegi adamlarda geljege bolan ynamy has pugtalandyrýar. Durmuşdaky ähli kynçylyklary hem päsgelçilikleri ýeňip geçmegiň ygtybarly esasy bolup hyzmat edýan ynamyň – durmuşy özgerdýän gudratly güýçdigini, Watana bolan çuňňur söýgüdigini, ynsany belende göterýän kuwwatly ganatdygyny hormatly Prezidentimiz “Döwlet guşy” romanynda hemmelere düşnükli bolar ýaly edip beýan etdi. Şol ynam biziň hemmäizi täze zähmet üstünliklerine galkyndyrýar, hormatly Prezidentimiziň ýöredýän ynsanperwer, öňdengörüjilikli syýasatynyň daşynda has berk jebisleşdirýär. Munuň özi biziň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününi baýramçylyk dabaralaryna besleýän häzirki günlerimizde aýratyn nygtamaga mynasypdyr. Aýratynam hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly düýlip yglan edilen üstümizdäki ýylda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň Mukaddes Garaşsyzlygymyzy gazanmagymyzyň şanly 25 ýyllygynyň dabaralary bilen utgaşyp gelmegi beýik Magtymgulynyň eserlerinde öz ajaýyp beýanyny tapan ata-babalarymyzyň ýüzýyllyklaryň dowamynda edip gelen isleg-arzuwlarynyň Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe doly wysal bolýandygyny bütin dünýä äşgär etmekde ähmiýetiniň iňňän uludygyny bellemek gerek. Munuň özi üç asyr mundan öň ýaşan Magtymgulynyň bu günki Berkarar döwletimiziň kemala gelmeginde mynasyp goşandynyň bardygyny, bu döwletiň külli türkmeniň döreden döwletidigini, ony bolsa hormatly Prezidentimiziň XXI asyryň täze tarhy şertlerinde bütin ynsanyýetiň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilen parastly we ynsanperwer syýasaty ýöredip, oňa mynasyp goşant goşýan döwlete öwrendigini külli äleme äşgär edýär. Onsoňam Beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň berkarar eden Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletiniň bu gün dünýäde öz mynasyp ornuny tapandygy, onuň bilen dünýäniň ähli döwletleriniň, iri halkara guramalarynyň hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmäge hyjuwlydygy, bu döwletiň öňe sürýän ynsanperwer başlangyçlaryny bu gün dünýäniň ähli döwletleriniň hem-de halkara bileleşikleriniň ikelläp goldaýandygy, bu döwletiň bu gün diňe bir Zeminiň üstünde däl, eýsem öz milli emele hemrasyny arşa çykaryp, Älem giňişliginde hem öz mynasyp ornuny eýeleýändigi uly buýsanç hem guwanç bilen bellemäge mynasypdyr. Şunuň ýaly döwletiň raýaty bolup, şunuň ýaly ýurtda ýaşamagyň özi, sözüň doly manysynda, bagt, bagtyýarlyk diýilýän arzyly ýaşaýyşyň çürbaşydyr. Şonuň üçnem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ösüşiniň häzirki ýeten derejesini Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri diýip atlandyrdy. Şu pursatda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda amala aşyrýan düýpli özgertmeleriniň esasynda Berkakar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýaşamak we döretmek bagtyna eýe bolmak bilen, şol özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşmagy ömrüň hem döwrüň manysy hasap edýän ýurdumyzyň ýedi ýaşdan ýetmiş ýaşa çenli ähli raýatlarynyň täze taryhy döwürde emele getirilen eşretli durmuşyň hözürini görüp ýaşaýandyklaryna ähli şertleri özünde jemleýän bagtyýar zamanany öz halkyna bagyş eden hormatly Prezidentimize müň keren alkyş aýdýandyklary aýratyn bellemäge mynasypdyr. Bizem sözümiziň şu pursatynda ata-babalarymyzyň asyrlar boýy arzuwlap, iki müňýyllygyň sepgidinde amal eden döwlet berkararlygynyň simwoliki aňladylmasy bolup biziň durmuşymyza mäkäm ornaşan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli uly dabaralara beslenýän bu ajaýyp baýram bilen tutuş halkymyzy, ilkinji nobatda, hormatly Prezidentimizi tüýs ýürekden mähirli gutlaýarys, hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutumly işlerininiň elmydama rowaç bolmagyny arzuw edýäris! Atajan Burunow, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň kafedra müdiri, professor.