23-nji iýul irden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden iş sapary bilen Mary welaýatyna ugrady. Biraz wagtdan soň, milli Liderimiziň uçary Mary şäheriniň howa menziline gelip gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Mary welaýatynyň häkimi mähirli garşyladylar. Hormatly Prezidentimiz howa menzilinden welaýatyň häkimligine tarap ugrady, bu ýerde Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi geçirilip, onda welaýatdaky işleriň ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol gün agşamara milli Liderimiz Mary şäheriniň Mollanepes köçesiniň ugrunda täze gurlan “Bagtyýarlyk” seýilgähiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. ....Türkmenistanyň Prezidentini ýol ugrunda şäheriň ýaşaýjylary, jemgyýetçiligi we ýaşlar mähirli mübärekleýärler. Seýilgähiň öňündäki meýdançada döwlet Baştutanymyzy köpsanly dabara gatnaşyjylar we myhmanlar garşylaýarlar. Olaryň hatarynda Mejlisiň Başlygy, hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, welaýatyň häkimi, hormatly ýaşulular bar. Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy mähirli garşylaýarlar. Baýramçylyk lybasyna beslenen gyzlar milli Liderimize gül desselerini gowşurýarlar. Türkmen jemgyýetiniň hormatly wekilleri bolan ýaşulular döwlet Baştutanymyzy duz-çörek bilen garşyladylar. Eziz Watanymyzyň asudalygy we rowaçlygy, ýurdumyzyň keşbini düýpli özgerden ägirt uly özgertmeleriň başyny başlaýjy hormatly Prezidentimiziň baş saglygyna doga-dileg edilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylanandygy üçin hemmelere minnetdarlyk bildirip, ýaşulular bilen söhbetdeş boldy, olaryň durmuşy, gündelik iş-aladalary bilen gyzyklandy. Döwlet Baştutanymyz şu günler Mary welaýatynda möhüm çäreleriň ençemesiniň geçiriljekdigini aýdyp, hemmeleri täze açyljak desgalar bilen gutlady. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, alnyp barylýan durmuş ugurly syýasat ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmek hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen bagly wezipeleri üstünlikli çözmekde oňat netijeleri gazanmaga ýardam edýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, şol sanda Mary welaýatynda önümçilik desgalary hem-de durmuş-medeni maksatly binalar, hususan-da, ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlary, döwrebap obalar we şäherler guruldy we gurluşygy dowam edýär. Munuň özi bize oba we şäher ilaty üçin has oňaýly durmuş şertlerini döretmäge mümkinçilik berýär. Türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolmagynda galar we bu barada şu ýyl Aşgabatda geçiriljek nobatdaky Ýaşulular maslahatynda hem gürrüň ediler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aksakallara halkymyzyň agzybirligini we jebisligini berkitmäge, aýratyn-da, ösüp gelýän nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek işine goşan möhüm goşantlary üçin minnetdarlyk bildirdi. Soňra döwlet Baştutanymyz “Bagtyýarlyk” seýilgähiniň baş girelgesine barýar, bu gün bu ýerde baýramçylyk ýagdaýy höküm sürýär. Hormatly Prezidentimizi bagtyýar çagalar güler ýüz bilen garşylaýarlar. Olar öz nobatynda hoşallyk sözlerini goşgy setirleri bilen beýan etdiler, olaryň şadyýan seslerine täze seýilgähde ýygnanan çagalar hem goşuldylar. Şeýle hem bu ýerde çagalar döredijilik toparlarynyň, şol sanda “Altyn nesli” we “Joşgun çagalar” toparlarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazly çykyş ýaýbaňlanýar. Ýaş aýdymçylaryň ýerine ýetirmeginde eziz Watanymyzy we mähriban Arkadagymyzy wasp edýän aýdym ýaňlanýar. Birleşen tans topary bagtly çagalyk baradaky dürli öwüşginli sahnany görkezýär. Döwlet Baştutanymyz ajaýyp çykyşlar üçin ýaş artistlere minnetdarlyk bildirip, dabaraly owazyň hem-de dostlukly el çarpyşmalaryň astynda toý bagyny kesýär hem-de “Bagtyýarlyk” seýilgähini açýar. Seýilgähiň girelgesinde milli Liderimizi ýaş dutarçylar saz sowgady bilen garşylaýarlar. Watanymyzy wasp edýän aýdymlar ýaňlanýar. Döwlet Baştutanymyz artistlere minnetdarlyk bildirip, çagalar bilen ýoluny dowam edýär. Seýilgähiň çäginde milli Liderimizi çagalar—körpelerden başlap, uly synplaryň okuwçylaryna çenli oglan-gyzlar güler ýüz bilen garşyladylar. Körpeler goşgy setirlerini uly joşgun bilen aýdyp, öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çagalar hem-de dabaranyň myhmanlary bilen bilelikde, täze seýilgäh bilen tanyşmagyny dowam edýär. Bu ýerde her bir adam boş wagtyny ýakymly geçirip, dynç alyp biler. Ýöne dynç alýanlaryň arasynda, elbetde, çagalar agdyklyk eder, olara seýilgähiň ähli künjeklerinde duş gelmek bolýar. Döwlet Baştutanymyz seýilgähiň esasy ýodasy bilen ýöräp, bu ýere gelen çagalary mübärekleýär. Seýilgähiň bezegine öwrülen beýikligi 14 metre ýetýän ajaýyp derweze konsert meýdançasy bilen sazlaşykly utgaşýar. Dürli öwüşginli suw çüwdürimleri asmana atylyp, şadyýan aýdymdyr sazlar ýaňlanýar. Çagalara we myhmanlara her ädimde diýen ýaly doňdurmalar, dürli tagamly içgiler we beýlekiler hödürlenýär. Ýeri gelende aýtsak, bu medeni-dynç alyş toplum ýurdumyzyň “Oguz ýoly” hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçylary tarapyndan bina edildi. Bu ýerde pürli we gyrymsy agaçlar oturdyldy, dürli gülleri öz içine alan aýmançalar guruldy. Seýilgähde körpeler üçin ajaýyp şertler döredilip, dürli hiňňillikler hem-de pyrlampaçlar, dyrmaşmak, bökmek üçin meýdançalar guruldy, çagalaryň gowy görýän güýmenjeleri we beýleki zatlar göz öňünde tutuldy. Seýilgähiň gündogar tarapynda “Syn ediş halkasy” seleňläp görünýär. Hormatly Prezidentimiz täze seýilgäh bilen tanyşlygynyň barşynda geljekki suratkeşleriň—Mary şäheriniň çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň döredijilik işlerine aýratyn üns berdi, Ýolöten şäheriniň sazçylyk mekdebinden bolan tüýdükçi gyzlaryň ýerine ýetirmeginde Çary Nurymowyň “Biz Watanyň gülleri” atly eserini diňledi. Bu ýerde her bir ädimde diýen ýaly sahnalaşdyrylan konsert meýdançalary bolup, olarda dürli ýaşdaky hem-de dürli äheňdäki, halk, nusgawy we estrada aýdym-sazlaryny ýerine ýetirýän sazandalar çykyş edýärler. Mahlasy, seýilgähiň açylan ilkinji pursatlaryndan başlap şatlyk-şowhun asmana galyp, dürli ýaşdaky çagalar hiňňilliklerde hezil edip uçýardylar, dürli oýunlara güýmenýärdiler. Dünýäniň dürli halklarynyň lybaslaryna beslenen çagalar milli Liderimiziň ünsüni özüne çekdi. Olar “Dil merkeziniň” ilkinji okuwçylary bolup, onda daşary ýurt dillerini öwrenmek isleýänler bilim alýar. Çagalaryň türkmen, türk, hytaý, nemes we iňlis dillerinde dostluk hakynda ýerine ýetiren tansly aýdymy seýilgähiň açylyş dabarasyna sowgat boldy. Türkmenistanyň ähli okuw mekdeplerinde daşary ýurt dillerini öwretmek göz öňünde tutulandyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýapon we hytaý dilleriniň okuw maksatnamasyna girizilmeginiň hasabyna olaryň sanawynyň artandygyny bellemek gerek. Milli Liderimiz hiňňillikleriň ýanynda saklanyp, öz şatlyk duýgularyny joşgunly aýdymlardyr tanslary, sazlarydyr goşgulary bilen beýan eden çagalaryň şadyýan hereketlerine atalyk duýgusy bilen guwandy. Adamlar, şol sanda ýaş nesil barada alada, türkmenistanlylara ýaşamak, zähmet çekmek we dynç almak üçin döwrebap düzümli şäher gurşawynyň, amatly şertleriň döredilmegi ýurdumyzda amala aşyrylýan şäher gurluşyk syýasatynyň möhüm ugrudyr. Bu babatda täze “Bagtyýarlyk” seýilgähi döwlet Baştutanymyzyň şol meselelere uly üns berýändiginiň ýene bir aýdyň subutnamasy boldy. Umumy meýdany 12 gektara deň bolan seýilgäh toplumynyň aýratynlygy onuň maşgala bolup dynç almak üçin güýmenjeleriň dürli görnüşlerini özünde jemlemegi bolup durýar. Bu ýerde çagalar hem, ulular hem boş wagtyny gyzykly we şadyýan geçirip biler. Seýilgähdäki dabara barha gyzyşýar. Ähli ýerde çagalaryň gülküleri ýaňlanyp, körpeler uly täsir bilen ähli attraksionlarda bolmak isleýärler, ýaşajyk myhmanlaryň hemmesine bu gün ýakymly sowgatlar garaşýar. Seýilgähde oturdylan dürli haýwanlaryň keşpleri onuň görküne görk goşýar. Bu gün oýunçy maýmynjygyň ýerine ýetirmeginde sirk çykyşlary hem dabaranyň täsirini artdyrdy. Milli Liderimiziň ýanyndaky çagalar onuň çykyşyna höwes bilen tomaşa etdiler. Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplarynyň çykyşlary hem gyzykly bolup, olar masgarabazlaryň, darbazlaryň, kengurunyň, akrobatlaryň, jonglýorlaryň we beýlekileriň keşbine girdiler. Elbetde, täze seýilgäh diňe körpelere däl-de, eýsem, ululara hem örän ýarady. Seýilgähiň medeni merkeziniň açyk asmanyň astyndaky teatryna hem tutuş maşgalaň bilen baryp bolýar. Bu ýerde indiden beýläk nusgawy, halk we estrada aýdym-sazlaryny öz içine alýan konsertler guralar. Sallançaklar, syn ediş halkasy, “Älem” we beýlekiler çagalarda uly täsir galdyrdy. Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze toplum bilen tanyşlygy deprekçiler toparynyň üstünden bardy. Olaryň saz gurallarynyň batly sesi daş-töwerege ýaň salýardy. Soňra döwlet Baştutanymyz “Böwenjik” kafesine baryp gördi, bu ýerde dynç alýan körpeler milli Liderimizi görüp, has-da begendiler. Olar döwlet Baştutanymyza joşgunly goşgy setirleri bilen bu ýerde wagtyňy şadyýan geçirip bolýandygyny gürrüň berdiler. Türkmen ertekileriniň iň meşhur gahrymanlarynyň biriniň adyny göterýän “Böwenjik” kafesinde çalt we tagamly garbanmak bolýar. Onuň myhmansöýer eýeleri dürli tagamlary we içgileri hödürlediler. Mundan başga-da, seýilgähde göçme söwda bölümleriniň köpsanlysy göz öňünde tutulyp, olarda doňdurma, şireli içgiler, “şeker pagta” we beýlekileri satyn almak bolýar. Mahlasy, dynç alyş hyzmatlarynyň dürli görnüşleri jemlenen bu ýerde baýramçylyk hem-de medeni, okuw çärelerini, bäsleşikleri we sport ýaryşlaryny we beýlekileri geçirmek üçin mümkinçilikler döredildi. Sport we oýun meýdançalarynda bolsa tomaşaçylar köpçülikleýin çykyşlara we ýaryşlara gatnaşyp bilerler. Bedenterbiýe-sagaldyş çäreleriniň dynç almagyň köpçülikleýin görnüşlerini guramagyň aýrylmaz bölegidigini bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ösüp gelýän nesli bedenterbiýä we sporta çekmek wezipesini döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi. Soňra döwlet Baştutanymyz welaýatyň sazçylyk mekdepleriniň biriniň okuwçylarynyň-skripkaçylaryň we akkordeonçylaryň çykyşyny diňledi. Olar “Durdy bagşy” türkmen halk sazyny ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Çagalar kafesinden uzak bolmadyk ýerde ýene-de bir ak mermerli bina – çagalara dürli oýunlary we güýmenjeleri hödürleýär. Ýeri gelende aýtsak, tutuş toplum dynç alyş desgalaryny özünde jemlemek bilen çäklenmän, eýsem, dynç alyş zolaklaryny we her bir meýdançanyň aýratynlygyna gabat gelýän baglary öz içine alýan seýilgäh bolup durýar. Tebigy şertleriň ýerlikli ulanylmagy gezelenç etmek we dynç almak üçin ýerleri kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Bu gün täze seýilgäh özüniň ilkinji myhmanlaryny gujak açyp garşylaýar hem-de şu pursatdan başlap, onuň çagalar we ulular üçin wagtyňy gyzykly we işjeň geçirmek üçin meşhur merkeze öwrüljekdigine şübhelenmese bolar. Hormatly Prezidentimiz seýilgähiň aýratynlyklary bilen tanşyp hem-de täze dynç alyş merkeziniň hemmelere ajaýyp pursatlary, täsin duýgulary peşgeş berjekdigine ynam bildirip, açyk asmanyň astyndaky teatra tarap ugrady. Onuň sahnasynda ýurdumyzyň we welaýatyň sungat ussatlarynyň konserti boldy. Konsertiň maksatnamasyna tanymal sazandalaryň we halk aýdymlaryny ýerine ýetirijileriň, belli estrada aýdymçylarynyň hem-de döredijilik we tans toparlarynyň, çagalar döredijilik toparlarynyň çykyşlary girdi. Sahnada eziz Watanymyzy, onuň gözelligini we kuwwatyny wasp edýän nusgawy türkmen sazlary we häzirki zaman aýdymlar ýaňlanýar. Baýramçylyk konsertine gatnaşyjylaryň Gahryman Arkadagymyza bagyşlanan aýdymy bilelikde ýerine ýetirmegi dabaranyň jemleýji pursady boldy. Aýdymyň joşgunly sözleri hem-de sazy millionlarça raýatlarymyzyň Garaşsyz, Bitarap Watanymyza bolan buýsanç we bagtyýarlyk duýgularynyň beýanyna öwrüldi. Türkmenistan bu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady bilen berk bagly bolan hakyky rowaçlyk eýýamynda ýaşaýar, döredýär. Dabara Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň baýramçylyklarynyň aýrylmaz bölegi bolan dürli öwüşginli feýerwerk bilen tamamlandy. Ol Marynyň agşamky asmanyny müňlerçe yşyklar bilen ýagtyldyp, ulularyň we çagalaryň şatlygyny artdyrýar. Bu dabara Murgabyň boýundaky şäheriň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň ýadynda uzak wagt saklanar. Milli Liderimiz hemmeleri täze seýilgähiň açylmagy bilen gutlap, ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşdy we bu ýerden ugrady. Türkmenistanyň Prezidentiniň Mary welaýatyna iş sapary dowam edýär. **** Şeýle hem şu gün Maryda dürli maksatly desgalaryň birnäçesiniň açylyş dabaralary boldy. Aga Hanjaýew köçesiniň ugrunda dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 14-si ulanmaga berildi. Otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan ak mermerli binalar şäheriň bu künjeginde ýaşaýyş jaý toplumyny döretmegiň nobatdaky tapgyryna öwrüldi. Baýramçylyk lybasyna beslenen täze jaýlaryň öňünde tans toparlary, estrada aýdymçylary, sazandalar joşgunly aýdym-sazlary bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň beýik işlerini wasp etdiler. Ýokary amatlykly jaýlar şunuň ýaly desgalara bildirilýän ähli talaplara doly laýyk gelýär. Bagtly öý eýeleriniň öňünde mebelli, döwrebap aşhanaly we oňaýly howany saklaýan ulgamly öýler öz gapylaryny giňden açdy. Ýaşaýyş jaý toplumy öýleriň 472-sini öz içine alýar. Jaýlaryň her birinde meýdany degişlilikde 60 we 160 inedördül metre deň bolan bir otagly hem-de dört otagly öýlerde adamlaryň amatly, abadan we bagtly ýaşamagy üçin ähli şertler döredildi. Ýaşaýyş jaýlarynyň aşaky gatlary dükanlar, jemgyýetçilik iýmiti kärhanalary we durmuş hyzmatlary üçin niýetlendi. Bu ýerde söwda we sergi bölümleri bar. Ýanaşyk ýerler hem özgerip, gök zolaga öwrüldi. Bu ýerde çagalar üçin we sport meýdançalary, awtoduralga guruldy. Bu ýerde ýyladyş ulgamy we durmuş üpjünçiligi üçin zerur bolan birnäçe inženerçilik desgalary guruldy. Ýaşaýjylaryň amatly şertlerine bildirilýän talaplar täze gurlan jaýlaryň tapawutly aýratynlygyna öwrüldi. Şonuň bilen birlikde, welaýatlary ösdürmegiň toplumlaýyn maksatnamasy iş ýüzünde amala aşyrylýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu maksatnama türkmenistanlylaryň oňaýly ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi we göwnejaý dynç almagy üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilendir. Şäheriň bu böleginde yzygiderli gurulýan 4 gatly jaýlar ilatyň arasynda mynasyp meşhurlyk gazandy. Olar täze gurulýan binalaryň ýaşamak üçin örän amatlydygyny hem-de binagärlik babatda owadandygyny aýdýarlar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ägirt uly gurluşyk meýdançasyny ýada salýan ýurdumyzda halkyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen desgalar bina edilýär. "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyny" amala aşyrmagyň çäklerinde, ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň binagärlik keşbini düýpli özgertmek boýunça maksada gönükdirilen işler alnyp barylýar. Otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlary, täze enjamlar bilen üpjün edilen döwrebap mekdepler we çagalar baglary, medeniýet köşkleri, stadionlar hem-de dünýä ölçeglerine laýyk gelýän durmuş maksatly beýleki desgalar ulanylmaga berilýär. Hut şular barada şu gün Mary şäherindäki ýaşaýyş jaý toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşanlar—welaýat häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşulular, ýaşlar buýsançly gürrüň edip, munuň üçin milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdiler. Ähli çäreler sahnalaşdyrylan çykyşlary, aýdymdyr sazlary we tanslary öz içine alan uly baýramçylyga öwrüldi. *** Şol gün Maryda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001-nji harby bölüminiň täze binalar we desgalar toplumyny ulanmaga bermek dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen üstünlikli durmuşa geçirilýän giň möçberli harby özgertmeleriniň çäklerinde gurlan täze iri desganyň ulanylmaga berilmegi döwlet Baştutanymyzyň hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, mähriban topragymyzyň asudalygynyň hem-de türkmenistanlylaryň abadançylygynyň goragynda duran harby gullukçylaryň netijeli gulluk etmegi we göwnejaý ýaşamagy üçin ähli şertleri döretmäge uly üns berýändiginiň nobatdaky aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Bu dabara joşgunly watançylyk aýdymlary baýramçylyk öwüşgini çaýdy. Şol aýdymlarda bolsa ata Watanymyza çäksiz söýgi duýgusy hem-de türkmen halkyna Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň beýik döredijilik ylhamy bilen nurlanan täze bagtyýar durmuşy peşgeş beren milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk sözleri beýan edilýär. Dabara gatnaşyjylar – harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň hormatly Prezidentimiziň pederiniň –içeri işler edaralarynyň hormatly weterany podpolkownik Mälikguly Berdimuhamedowyň adyny buýsanç bilen göterýän harby bölüminiň binalar toplumy bilen içgin tanyşdylar. M.Berdimuhamedowyň durmuş we zähmet ýoly häzirki wagtda watançylyk hem-de eziz Watanymyza we mähriban halkymyza wepalylyk ruhunda terbiýelenilýän türkmen esgerleriniň ýaş nesli üçin göreldedir. Bu ýerde harby gullukçylaryň okamagy, türgenleşmegi hem-de göwnejaý dynç almagy üçin ähli şertler döredildi. Döwrüň bildirýän talaplaryna laýyklykda, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga uly üns berilýär. Häzirki wagtda sport harby gullukçylaryň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Döwrebap enjamlar we trenažýorlar bilen doly üpjün edilen uly sport zaly, açyk sport meýdançalary hem-de desgalary ýaş esgerleriň ygtyýaryndadyr. Mundan başga-da, harby bölümiň çäginde awtopark, naharhana, lukmançylyk bölümi we beýleki gulluk-durmuş maksatly desgalar, şol sanda serkerdeleriň maşgalalary üçin ýaşaýyş jaýlary ýerleşýär. Esgerleriň netijeli gulluk etmegi we göwnejaý dynç almagy, gullukdan boş wagtyny gyzykly hem-de peýdaly geçirmegi üçin ähli şertler göz öňünde tutulypdyr. Milli Liderimiz Içeri işler ministrliginiň we beýleki hukuk goraýjy düzümleriň işgärleriniň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň uzakmöhletleýin strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmäge saldamly goşant goşýandyklaryny nygtamak bilen, döwletimiziň mundan beýläk hem Watan goragçylary hem-de olaryň maşgalalary barada hemmetaraplaýyn alada etjekdigini belleýär. Şu günki waka – döwrebap harby şäherjigiň açylmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Dabarada çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga uly üns berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, mundan beýläk hem harby borçlaryny birkemsiz ýerine ýetirjekdiklerine, halkymyza hem-de ata Watanymyza wepaly gulluk ecdiklerine ynandyrdylar.