Beýik üstünliklere beslenen Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň her bir güni ýatdan çykmajak taryhy wakalar, şahly seneler bilen bezelýär. Munuň öz agzybirlikden döwlet tapan, halallygy, adalatlylygy hem-de dost - doganlygy ýol-ýörelge eden merdana halkymyzyň eşretli zamana ýetendiginiň kepilidir. Häzirki döwürde Türkmenistan döwletimiz senagat taýdan ösýän kuwwatly ýurda öwrülýär. Ýurtda azyk bolçulygy üpjün edilýär, ylym, bilim, saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde we döwrebaplaşdyrmakda oňyn netijeler gazanylýar. Ýurt Garaşsyzlygynyň 25 ýyllynyň içinde bolup geçen ösüşler-özgerişler bolsa garaşsyz Diýarymyzda yzygiderli ýöredilýän parahatçylyk, dost-doganlyk, özara bähbitli, deň hukukly hyzmatdaşlyk syýasatynyň barha rowaçlanýandygyny görkezýär. Türkmeniň açyk göwni ýaly “Açyk gapylar” syýasaty, ynsanperwerlik syýasaty Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýyny barha belende göterýär. Ýurdymyzyň şäherlerinde, şäherçelerinde we obalarynda durmuş-maksatly binalary gurmak, halkymyzyň ýaşaýyş durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça giň möçberli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Milli ykdysadyýetimiz sazlaşykly ösýär, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ýokary görkezijiler gazanylýar. Milii ykdysadyýetimiziň sazlaşykly we durnukly ösüşiniň üpjün edilmegi bilen ata Watanymyzyň ykdysady kuwwaty barha artýar. Bu bolsa iri, şol sanda halkara ähmiýetli taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga giň mümkinçilikleri açýar. Muňa “Galkynyş” gaz känini özleşdirmek, Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan halkara demir ýoly, Türkmenbaşynyň halkara deňiz porty, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy, Olimpiýa şäherçesiniň gurluşygy ýaly iri taslamalaryň ýokary depginde alnyp barylmagy aýdyň şaýatlyk edýär. Milli ykdysadyýetimiziň her bir pudagyny düýpli ösdürmek döwlet syýasatymyzyň möhüm ugurlarynyň biridir. Muňa birnäçe mysallarda seredip geçeliň: Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan gaz geçirijisi  Uzynlygy 1,5 müň km: Türkmenistan – 170 km, Owganystan – 830 km, Pakistan – 400 km.  Geçirijiligi – ýylda 30 mlrd kubometr.  Taslamanyň bahasy – 2,5 mlrd $.  Käbir maglumatlara görä, taslamanyň başlangyç tapgyrynda Owganystanda 12 müň iş ýeri döräp, ýurt ýylda 400 mln$ girdeji alyp biler. 2007-nji ýylyň 17-nji iýulynda owgan tarapynyň islegi bilen türkmen hünärmenleri tarapyndan durky täzelenen Serhetabat-Turgundy döwletara demir ýoly işe girizildi. Ýurdumyzda “Demirgazyk – Günorta” transmilli demir ýol geçelgesiniň möhüm bölegi bolan Uzen(Gazagystan)-Bereket-Etrek-(Türkmenistan)-Gürgen(Eýran) demir ýoly gurlup ulanylmaga berildi. Bu demir ýoluň üsti bilen Ýewropa ýurtlaryna, Gazagystan we Russiýa iň ýakyn ugurlarda Pars aýlagyna çykmaga mümkinçilik döreýär. Şol bir wagtda Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde Merkezi Aziýa, Pars aýlagyna we Günbatar Ýewropa Russiýanyň Transsibir demirýol magstralyndan sowlup geçip, kuwwatly we durnukly ýük akymlaryny geçirmäge ukyply bolan täze ulag ugurlary kemala geler. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän döwletlere söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmekde goşant goşjak ulag ýollaryna Tejen-Sarahs-Maşat demir ýoly hem degişlidir. 2015-nji ýylyň 20-nji martynda paýtagtymyzda Türkmenistanyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidentleriniň arasynda “Dostluk ýoly” diýip atlandyrylan “Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan”demir ýolunyň gurluşygynyň taslamasy hakynda Özara düşünişmek baradaky Ähtnama gol çekildi. 2011-nji ýylda Owganystan Respublilkasynyň Perzidentiniň Türkmenistana bolan resmi saparynyň dowamynda “Atamyrat-Ymamnazar-Akina-Andhoý” ugry boýunça demir ýol gurmak hakyndaky türkmen-owgan hökümetara Çarçuwaly ylalaşyga gol çekilendigi hem Türkmenistan döwletimiziň goňşy döwletler bilen özara hyzmatdaşlygy barha pugtalandyrýandygyny görkezýär. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň gündogar sebitinden Türkmenistan – Hytaý transmilli gaz geçirijisi gözbaş alýar, Amyderýanyň üstünden demir ýol we awtomobil köprüleri guruldy. Olarda müňýyllyklaryň dowamynda Ýewraziýa yklymynyň halklaryny baglanyşdyrýan Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek pikiri öz beýanyny tapdy. Köýtendag etrabynda täze senagat merkezi döredilýär. Garlyk şäherçesiniň golaýynda kuwwaty ýylda 1 million tonna önüme barabar bolan sement zawody guruldy. Bu ýerde kaliý mineral dökünlerini öndürýän, Merkezi Aziýadaky iri döwrebap, ýokary tehnologiýaly kärnhana gurulýar. Şeýlelik-de, täze energetika düzümi mineral serişdeleri senagat taýdan özleşdirmäge itergi berer. Mundan başga-da ýurdumyzyň gündogar sebiti elektrik energiýasyny daşary ýurtlara, ilkinji nobatda bolsa Owganystan Yslam Respublikasyna ibermegiň kuwwatly döwrebap binýady bolup durýar. Bu ýerde degişli düzümiň döredilmegi adamlary täze iş orunlary bilen üpjün eder hem goňşy döwlet bilen özara dostlukly hyzmatdaşlygy kadalaşdyrmaga ýardam berer. Türkmen elektrik energiýasyny daşary ýurtlara, esasanam, Pakistana we Täjigistana ibermegiň beýleki ugurlary hem ýüze çykarylýar. Şonuň bilen baglylykda, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň geçýän ugrunda kuwwatly elektrik geçiriji ulgamy gurmak zerur bolup durýar. Bu bolsa gaz geçirijisiniň düzümleýin desgalarynyň ählisini elektrik energiýasy bilen üpjün edip, Owganystanyň üsti bilen elektrik energiýasyny beýleki ýurtlara hem eksport etmäge mümkinçilik berer. Häzirki wagtda Türkmenistanda umumymilli maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Olaryň arasynda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ýurdumyzy toplumlaýyn senagatlaşdyrmak maksatnamasy has ähmiýetlileriň biridir. Onuň çäklerinde iri senagat toplumlarynyň birnäçesini gurmak meýilleşdirilýär. Energiýa serişdeleri boýunça Türkmenistan iň baý döwletleriň biri bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, elektrik energiýasyny öndürmek bütin dünýäde iň girdejili önümçilikleriň biri hasaplanylýar. Şundan ugur almak bilen, bu möhüm pudaga gönükdirilýän maýa serişdeleriniň möçberi yzygiderli artdyrylýar. Şonuň netijesinde, häzirki wagtda türkmen energetika senagaty ýokary depginlerde ösýär we dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän elektrik energiýasynyň eksportyny has-da artdyrmaga ukyply ýurt bolup durýar. Biziň ýurdumyzda iri möçberli milli maksatnamalar Türkmenistan döwletimiziň hemmetaraplaýyn okgunly ösüşini üpjün etmäge, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Lebap welaýatynyň merkezinde saglygy goraýyş işgärleri üçin täze ýaşaýyş jaý toplumyynyň düýbüniň tutulmagy hem-de Türkmenabadyň himiýa zawodynyň çäginde ýylda 500 müň tonna kükürt kislotasyny öndürmäge niýetlenen önümçilik toplumynyň açylmagy, Beýik Türkmenbaşy etrabynda täze elektrik stansiýasynyň ulanylmaga berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki döwürde türkmen energetika senagaty güýçli depginde ösýär. Onuň önümçilik we eksport kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar. Ýurdumyzda gurlup ulanylmaga berlen “Watan” döwlet elektrik stansiýasy hem muňa ýene-de bir aýdyň mysaldyr. Şunuň ýaly iri ýokary tehnologiýaly senagat kärhanalarynyň gurulmagy Türkmenistany hemmetaraplaýyn güýçli depginde ösdürmäge, ýurdy senagat taýdan döwrebaplaşdyrmaga we türkmen elektrik energiýasyny daşary ýurtlara eksport etmegiň möçberini artdyrmaga has-da mümkinçilik berýär.

Köneler, TDUgulya tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir