Ata Watanymyz Türkmenistan öz garaşsyzlygyna eýe bolup, dünýäde parahatçylykly ösüş ýoly bilen belent sepgitlere ýetdi. Bu ösüş Watanymyzyň bagtyýarlygyny, berkararlygyny, beýik özgertmelerini, halkymyzyň asuda hem-de bolelin durmuşyny, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny, türkmen myhmansöýerliginiň milli - ruhy däplerini has-da dabaralandyrýar. Häzirki döwürde ýurdumyzda amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalary netijesinde iri möçberli işler ýokary derginlerde dowam etdirilýär. Täze häzirki zaman obalarynyň gurulmagy ýurdumyzyň mundan beýläk-de okgunly öňe gitmegine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň barha ýokarlanmagyna itergi berýär. Türkmenistan döwletimizde oba adamlarynyň-da ýaşaýyş - durmuşyny gowulandyrmaga, obalaryň keşbini täzeçe döwrebap özgertmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmen obasynyň täze nusgasynyň döredilmegi, oba ilatynyň ýaşaýyş durmuşynyň hil taýdan täze derejä ýetirilmegi halkymyzda uly buýsanç, guwanç duýgularyny döredýär. Ata Watanymyzda alnyp barylýan beýik işler, oňyn özgertmeler türkmen halkymyzyň bagtyýar, bolelin durmuşda ýaşaýandygyna güwä geçýär. Ýurdumyzda adamlaryň ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaý toplumlarynda ýaşamagy üçin hem zerur şertler döredilýär. Ýaşaýşyň hiliniň gowy bolmagy nämä bagly bolup biler? Ýaşaýşyň hili - bu ekologiýa abadançylygy we azyk bolçulygydyr, netijeli işlemek hem göwnejaý dynç almak üçin oňat şertlerdir. Şu maksat bilen, ýurdumyzda şäherlerimizi we obalarymyzy, olara ýanaşyk ýerleri bagy - bossanlyga öwürmekde giň gerimli işler alnyp barylýar. Şol ýerlerde energiýa serişdeleri we energiýa tygşytlaýan tehnologiýalar ornaşdyrylýar, täze gaýtadan işleýän önümçilikler, söwda merkezleri, sport desgalary, medeniýet öýleri gurlup ulanylmaga berilýär. Şeýle ajaýyp obalaryň, şäherleriň gurulmagy üçin döwlet tarapyndan uly möçberde serişdeler goýberilýär. Muňa Diýarymyzyň ähli künjeklerinde bina edilýän döwrebap täze obalar, durky täzelenýän şäherler we şäherçeler, köp sanly medeni-durmuş, senagat, ulag-aragatnaşyk maksatly desgalar aýdyň şaýatlyk edýär. Watanymyzyň iň çetki ýerleri hem gözümiziň öňünde täze keşbe girýär. Her bir künjekde täze-täze ymaratlar, durmuş-maksatly binalar peýda bolýar. Ak mermere beslenen paýtagtymyzda we diýarymyzyň çar künjünde täze döwre, ajaýyp zamana guwanyp, täze jaýlarda toý tutýan raýatlarymyzyň sany barha köpelýär. Diňe şu ýylyň geçen döwründe Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde döwrebap Aba Annaýew obasynyň döredilmegi, Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynda täze Bagtyýar zaman obasynyň, Balkan welaýatynyň Serdar şäherinde “Dürdäne” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň açylmagy, ýaňy-ýakynda bolsa Lebap welaýatynyň Garabekewül etrabynyň Zelili adyndaky geňeşliginde Berkarar zaman atly şäher görnüşli täze döwrebap obanyň açylmagy munuň aýdyň mysalydyr. Berkarar zaman obasynyň keşbi göreni haýrana goýýar. Onda 30-a golaý giň köçeler we ýanýodalar özboluşly yşyklandyryjy çyralary bolan elektrik geçiji ulgamlar bilen üpjün edilen. Hatar gurap oturan 3, 4, 5 otagly ýaşaýyş jaýlarynyň 600-si, durmuş maksatly desgalaryň birnäçesi, 640 orunlyk mekdep, 280 körpe üçin niýetlenen çagalar bagy, 200 orunlyk tomaşa zally medenýet öýi, toý dabaralar üçin 500 orunlyk “Bagt öýi”, 200 adamyň namaz okamagy üçin niýetlenen metjit we beýlekiler guruldy. Mundan başga-da Türkmenabatda saglygy goraýyş işgärleri üçin täze ýaşýyş jaý toplumynyň hem düýbi tutuldy. Bary-ýogy bir aýa golaý wagt mundan öň Daşoguz topragynda hem şunuň ýaly şäher görnüşli täze Bagtyýar zaman obasynyň açylyş dabarasy boldy. Döwletimiz munuň üçin ägirt uly serişdeleri goýberdi. Hemme ýerde şäher düzümi hem döwrebaplaşdyrylýar, onda durmuş ulgamy tutuş ýaşaýşyň özeni hökmünde berkidilýär. Käbir ýaşaýyş jaý toplumlary raýatlarymyzyň iş edaralarynyň golaýynda ýerleşdirilýär. Munuň özi hem durmuş meselesini oýlanyşykly çözmegiň möhüm pursatlarynyň biridir. Şunuň ýaly medeni maksatly desgalar, ýaşaýyş jaý toplumlary paýtagtymyzda hem bina edilýär. Olar özüniň binagärlik sungaty we ähli amatlyklary bilen tapawutlanýar. Ak şäherimizi toplumlaýyn ösdürmek göz öňünde tutulyp, ony gurmagyň we abadanlaşdyrmagyň meselelerine yzygiderli seredilip geçilýär. Her bir gurulýan täze binada ata-babalarymyzdan miras galan binagärlik sungatynyň ajaýyp nusgalary häzirki zaman ülňüleri bilen sazlaşykly alnyp barylýar. Paýtagt şäherimizde alnyp barylýan gurluşyklar işlenip taýýarlanýan şähergurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýar. Häzirki döwürde Aşgabatda durmuşa geçirilýän örän wajyp we möhüm ähmiýetli taslamalar sanardan köp. Paýtagtymyzyň sazlaşykly ösmegi üçin bu ýerde alnyp barylýan abadanlaşdyrylyş we gurluşyk işlerine-de toplumlaýyn çemeleşilýär. Munuň özi ýurdumyzyň baş şäherinde täze binalary gurmak boýunça her bir taslamanyň amala aşyrylýan mahaly inženerçilik ulgamlarynyň we beýleki durmuş maksatly desgalaryň-da sazlaşykly gurulmalydygyny aňladýar. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllyk, baky Bitaraplygymyzyň 21 ýyllyk baýramçylygynyň toýlanýan günlerinde paýtagtymyz Aşgabatda ýene-de birnäçe desgalaryň açylyş dabaralary bolar. Paýtagt şäherimizde ýüzlerçe katež jaýlar, Köşi ýaşaýyş ýay toplumynda gurulýan 4 gatly ýaşaýyş jaýlar we beýlekiler baýramçylyk günlerinde halkymyza peşgeş berler. Bu gurlup ulanylmaga berilýän täze döwrebap ýaşaýyş jaýlary we medeni-maksatly binalar biziň her birimiziň göwnümizi galkyndyrýar.

Köneler, TDUgulya tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir