Aleksandr Alýohin Argentinada köp tagtada küşt oýnapdyr. Birdenkä onuň garşydaşlarynyň biri begenjine gygyrypdyr: —Jenap, men sizi üç göçümde ýatyrýan! —Gutlaýan!—diýip, Alýohin jogap beripdir. —Ýöne siz ýüregiňizi eliňize almaň! Men sizi iki göçümde ýatyrýan! * * * Wilgelm Steýnis otluda dokuz ýaşlyja gyzjagaz hem-de onuň kakasy bilen bile bir kupede ýolagçy bolupdyr. —Siz näme kär edýäňiz?—diýip, ýolagçy ondan sorapdyr. —Aý, küşt oýnaýmajygym bar—diýip, dünýäniň çempiony jogap beripdir. —Bä, munuň gyzyklydygyny!—diýip, gyzjagazam gürrüňe goşulypdyr. —Menem kiçijikkäm gurjak-gurjak oýnaýardym... * * * 1961-nji ýylda Bakuda küşt ýaryşy geçirilipdir. Dünýäniň çempiony Mihail Tal her duşuşygyň öňüsyrasy kenar ýakasynda gezim etmegi gowy görýän eken. Şeýle günleriň birinde ötegçileriň biri oňa ýüzlenipdir: —Ýagşy ýigit, siz özüňiziň meşhur küştçi Mihail Tala juda meňzeşligiňizi bilýäňizmi? Ýöne Tal size garanyňda has saýhallyrak. —Bilýän, bilýän—diýip, Tal ýylgyrypdyr. —Maňa sizden başga-da Mihail Tal diýip ýüzlenýän kän! * * * Grossmeýster Şamkowiç Amerikada Fişer bilen duşuşypdyr hem-de oňa gyzykly küşt meselesini görkezipdir. Şonda at pyýadanyň garşysyna göreşýär. At pyýadany ýeňmek üçin duýdansyz beýleki tarapa gaçmaly bolýar. Şu meseläni çözmegi hiç bir grossmeýster başarmandyr. Ýöne Fişer şunuň dogry çözgüdini üç minutda tapmagy başarypdyr. Şu ýerde Şamkowiç Fişeriň ussatlaryň ussadydygyna göz ýetiripdir. Soň bir döwürde Şamkowiç şu meseläni Garri Kasparowa görkezipdir. Kasparow meseläni iki minutda çözüpdir. Şeýlelikde, Kasparowyň ussatlygy Fişerden bir minut artykmaç bolupdyr.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir