«Balkan» gazetinde «Biziň «Edep» sahypamyzda» çap edilen «Adamlaryň arasynda» atly kyssalar toplumyny okap, galama ýapyşmagyma bir waka sebäp boldy. Dogry, az sözlüligiň türkmende ündelýän ýeri köp. Onuň manysyz köp sözüň uzalmagyndan, ata-baba hormat goýup gelýän söz sungatymyza zeper ýetmeginden howatyrlanylyp aýdylan bolmagy ähtimal. Emma, manyly söz märekede, uzak ýoly «kesmekde» öz zerurýetligini görkezýär. Köneürgenç etrabynyň «Kyrkgyz», «Derýalyk» daýhan birleşiklerinden obanyň aksakgallary juma güni jemlenişip, namaz okamaga Köneürgenç şäherindäki metjide gidýärler. Ýaşulularyň arasyna Elýas aga diýen dili süýji, köpçüligiň gelşigi bolan bir ýaşuly hem hökman goşulýardy (Arman, häzir ol aramyzda ýok). 01 baran ýerinde birine degip, başga biri bilen sorag-jogap alşyp, geplemejegi gepledip, alaýazlyk döredip bilýän adamdy. Bir gezek bulary metjide özüniň köneje hususy awtobusy bilen äkidip-getirýän Öre aga Elýas aga awtobusa münenden onuň eline 10 manat tutduryp: -Barýançak geplemän oturyp bilseň, şu pul seniňki bolsun-diýipdir. Elýas aga: -Be, men köpräk gepleýärmikäm? Bolýar, janyň sag bolsun, puluňa haýpyň gelmese-diýip ylalaşyp, oturgyja geçip oturypdyr. Ýaşulularyň üýşen ýerinde gep gytmy, awtobusyň içi ala-wagyrdy bolup barýar diýýär. Bu gürrüňçiligiň, söhbediň gyzykly ýeriniň ýetmän barşyna dişini gyjap oturan Elýas aganyň sabyr käsesi dolýar. Ol orta ýola ýetip-ýetmänkäler, ýerinden çalasynlyk bilen turup, sürüjiniň 10 manadyny özüne uzadýar. -Seniň bujagaz puluňa daňlyp, men ýalançynyň hözirinden binesip oturyp biljek däl. Al, inim, men geplejek-diýýär. Awtobusyň içi hasam alaýazlyga öwrülip, metjide nädip baranlarynam bilmändirler. Dogrudan hem, söz dünýäniň höziriniň esasylarynyň biri. Käbjr adamlar-märekäniň ýaraşygy, sözi sungata öwrüji. Ol hili adamlar araňda bolanda, özüňi kyn işlerde-de arkaýyn tutýarsyň. Maslahat salsaň, dünýäň giňeýär. Toý-meýlisleriň bezegi, ýaşlaryň görelde mekdebi bolan suhangöý adamlar geplände, sözüň gadyr-gymmaty artýar. Sözüň adamlary ýakynlaşdyryjy güýçdügine göz ýetirýärsiň. Dana pederlerimiziň manyly sözlerden ýasan dür hazynalary bakydyr. Ol dürdäne sözlere nesilleriň sarpasy egsilmezdir.