Mary şäheriniň 2012-nji ýylda «GDA döwletleriniň medeni merkezi», 2015-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi, şeýle hem taryhda öçmejek yz galdyran bu gadymy toprakda halkara derejeli dürli çäreleriň geçirilmegi gadymyýetden däp bolup gelýän halkara gatnaşyklarynyň geriminiň mundan beýläk-de giňelmegine we täze öwüşginde baýlaşmagyna aýratyn ýardam eder. Mundan kyrk asyr töweregi ozal Murgap derýasynyň ugrunda Marguş ýurdunyň ýerleşendigini, ol ýerde durmuşyň gaýnap-joşandygyny we gadymy dünýäniň ösen medeni merkezi bolandygyny Goňurdepeden ýüze çykarylan ylmy açyşlar doly subut etdi. Garagum çölüniň jümmüşinde geçen asyryň ahyrlaryndan häzirki wagta çenli dowam edip gelýän ylmy-gözleg işleriniň netijesinde üsti açylan bu şäheriň Mesopotamiýa, Müsür, Hytaý we Hindistan ýaly dünýäniň irki medeniýetiniň ösen şäherleriniň hatarynda durýandygy belli boldy. Marguş şalygy baradaky maglumatlar otparazlaryň «Awesta» kitabynda we orta asyr ýazuw çeşmelerinde ýatlanylýan hem bolsa, Goňurdepe baradaky anyk arheologiki maglumatlar geçen asyryň ahyrlarynda meşhur arheolog, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi W.I.Sarianidiniň köp ýyllyk zähmetiniň netijesinde ýüze çykaryldy. Gadymy däp-dessurlaryň, binagärçiligiň, senetkärçiligiň ösen derejesi bilen bir hatarda soňky açyşlarda hat-ýazuw sungatynyň hem bolandygyny subut edýän nusgalaryň ýüze çykarylmagy Marguş ýurdunyň dünýä medeniýetiniň merkezleriniň biri bolandygyna şaýatlyk edýär. Wagtyň geçmegi bilen Murgap derýasynyň kem-kemden çekilmegi we köne ugrundan süýşmegi ilatyň ozalky oturymly ýerlerinden göçmegine sebäp bolýar. Bu bolsa miladydan öňki Vl-V asyrlarda Merwiň häzirki ýerleşen çäklerinde baý taryhy wakalaryň bolup geçmegine getiripdir. Taryhy çeşmelerde ýatlanylýan Erk gala Merwiň şäher galalarynyň içinde iň gadymkysydyr. Göwrümi boýunça onuň tutýan meýdany 20 gektara barabardyr. Düýbüniň haçan tutulandygy takyk belli däl hem bolsa, miladydan ozalky Vl-V asyrlarda Erk galada durmuşyň gaýnap-joşandygy baradaky maglumatlar şol döwrüň ýazuw çeşmelerinde habar berilýär. Aleksandr Makedonskiniň döwründe bu şäher «Margiana Aleksandriýasy» diýlip atlandyrylypdyr. Gawürgala Merwde saklanyp galan antik döwre degişli galalaryň ikinjisidir. Içki meýdany 400 gektara golaý bolan bu gala miladydan ozalky III asyryň ikinji yarymynda selewki patyşasy Äntioh Soter tarapyndan esaslandyrylypdyr. Ol by ýerde ilki Gawürgalany, soňra onuň töweregine aýlap 236 kilometrlik diwary saldyrypdyr hem-de ony «Margiana Antiohiýasy» diýip atlandyrypdyr. Şol diwaryň üzlem-saplam sudurlaryny häzirki wagtda-da görmek bolýar. Mundan başga-da, gadymy Merwiň demirgazyk taraplarynda ýerleşen Garry Kişman, Diňli Kişman, Durnaly gala, Kyrk depe, Göbekli depe, Gurtly gala ýaly desgalar hem gadymyýetiň antik döwründen habar berýärler. Merw şäheriniň Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşmegi onuň syýasy taýdan möhüm orny eýelemegine we medeniýetiniň gülläp ösmegine düýpli täsirini ýetiripdir. Merwiň halkara derejesinde ykdysady we medeni gatnaşyklary ýola goýmakda hem möhüm ähmiýetiniň bolandygyny ýazuw çeşmeleri tassyklaýarlar. Orta asyrlarda Merwden Horezme we Mawerennahra tarap geçen söwda ýollarynyň ugry geçen asyryň ortalarynda akademik M.E.Masson tarapyndan öwrenildi. Kerwen ýollarynyň ugrunda ýerleşen Şawwal, Paşan, Hurmuzfarra, Küşmeýhan, Tahmalaj ýaly şäherler häzirki wagtda gymmatly arheologiki maglumatlary özünde jemleýärler. Eýýäm VIII asyrda Merw Horasanyň paýtagty diýlip ykrar edilipdir. IX asyryň başlarynda Merwde Halyf Harun ar-Reşidiň ogly Al-Mamunyň hökümdarlyk eden döwri şäheriň syýasy ähmiýeti has-da ýokary derejä göterilipdir. 813-nji ýylda Al-Mamuna halyflyk derejesi berilýär. Şondan soň ýedi ýylyň dowamynda Merw bütin halyfata paýtagt bolýar. Ýagny Al-Mamun Ispaniýadan Hytaýyň günbatar çäklerine çenli uzalyp gidýän Arap halyfatyny Merwde dolandyrypdyr. Halyf ylma, sungata uly sarpa goýupdyr. Şonuň üçin ol «ylmyň howandary» diýen derejä mynasyp bolupdyr. Onsoň, Merwden ençeme meşhur alymlaryň — filosoflaryň, matematikleriň, astronomlaryň, taryhçylaryň... çykmagy ýöne ýerden däldir. Ýokary derejede ösen medeniýet hem ylmyň we oý-pikirleriň ösmegine ýardam beripdir. Gadymdan bäri paýtagt hökmünde tanalyp gelen Merw şäheri Beýik Seljuklar döwründe, esasan hem Mälikşanyň we onuň ogly Sanjar soltanyň dolandyran döwründe ösüş ýolunyň ýokary derejesine ýetipdir. Beýik Seljuklar döwründe Merwde dünýäniň iň uly kitaphanalary işläpdir. Belli alymlaryň, jahankeşdeleriň şol ýerden özlerine gymmatly maglumatlary alandyklary barada ýazuw çeşmelerinde habar berilýär. Merw kitaphanasynda meşhur arap geografy Ýakut al-Hamawy hem işläpdir, şol ýerde özüniň giň göwrümli «Ýurtlaryň sözlügi» atly geografiki kitabyny ýazypdyr. Gündogaryň beýik alymy Omar Haýýam Merwiň soltan obserwatoriýasynda şol döwrüň takyk astronomoki senenamasyny düzüpdir. Ony Mälikşanyň hormatyna «Jelaleddin kalendary» diýip atlandyrypdyr. Syýasy we ylmy taýdan tutýan ornuna ýokary baha beren orta asyr taryhçylary öz ýatlamalarynda Merwiň tarypyny ýetiripdirler. Merwiň adyny «Horasan şäherleriniň enesi», «Şalaryň jany», «Älemşasynyň mekany» diýen ýaly atlar bilen tutupdyrlar. Meşhur syýahatçy Ýakut al-Hamawy öz ýazgylarynda «Merwden başga hiç bir şäher özünden şeýle köp sanly tanymal adamlaryň we beýik alymlaryň çykandygy bilen öwünip bilmez» diýip ýazypdyr. Soltangalanyň demirgazyk-gündogar bölegindäki Şähriýar Ark galasy XI-XII asyrlaryň sepgidinde hökümdarlaryň ýaşan ýurt ýerlerini goramak maksady bilen salnypdyr. Muny 20 gektara golaý meýdany tutýan galanyň diwarynda 70-den gowrak gorag diňiniň bolmagy-da subut edýär. Galanyň häzirki döwre gelip ýeten böleklerinden çen tutup, onuň seljuklar köşgüniň orta asyr binagärçilik sungatynyň görnükli nusgalary esasynda gurlandygyna göz ýetirmek bolýar. Baýramaly şäheriniň demirgazyk eteklerine sepleşip oturan iki galadan ybarat şäher berkitmeleri Abdylla han galasy we Baýramaly han galasy diýen atlar bilen tanalýar. Abdylla han galasy Soltangalanyň günortasynda Şahruhyň permany esasynda 1418-ni ýylda bina edilipdir. Inedördül görnüşde gurlup, teýmiriler zamanyna mahsus şähergurluşyk sungatynyň ýokary derejesinde bina edilen galanyň çäginde ençeme metjit-medreseler, kerwensaraýlar, bazar meýdançalary we ýaşaýyş jaýlary bolupdyr. Abdylla han galasynyň günbatar tarapyndan seplenip gurlan gala berkitmesi Baýramaly han galasy ady bilen tanalýar. Alymlar bu galanyň diwarlarynyň Abdylla han galadan has soň, ýagny XVIII asyryň ahyrlarynda bina edilendigin tassyklaýarlar. Taryhda meşhurlyk gazanan şäheriň dunýä medeniýetiniň ösüşlerine aýratyn täsirini ýetirendigi we gadymy ösen medeniýetiň aýrylmaz bölegi bolup durýandygy nazarda tutulyp, Gadymy Merw 1999-njy ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna goşuldy. Öz köklerini taryhyň çuňluklaryndan alyp gaýdýan Mary şäheri Türki dünýäsiniň medeni paýtagty hökmünde üstümizdäki ýylda köpleriň üns merkezinde bolar. Bu bolsa halkymyzyň şöhratly taryhyny giňden dünýä ýaýmakda diýseň möhümdir.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir