“sebäbi diňe gije, sagadyň sazlaşykly tykgyldysynyň we köneje jaýymyň penjiresiniň aňrysyndan gelýän çyrlaklaryň sesleriniň keýpine ýazýaryn”. geliň iň wajyby barada gürrüň edeliň. mümkin, wajyby adamlaryň hersi üçin bir başgadyr? ýogsa-da, men häzir näme barada? hawa, onsoň bu dünýäde ähli adamlar üçin wajyp zat nämekä? belki aýfondyr? pulmy? häkimiýet? bleki-de, ömrüň ötýänçä söýgidir? akmaklyk. mümkin, bu zatlara baha bermäge hakym ýokdur . ýöne meniň lakgyldymy gaýrat ediň-de, ýene-de az salym diňläň. bu ýöne, adalatsyzlyga halys bolan adamyň size aýdyp berýän nalasy. (belki siz häzir mende özüňizi görýänsiňiz). şu gün men mysal edip iki temany alaýyn. ýöne öz pikirimi siziň boýnuňyza dakjak bolýandyr öýtmäň, men diňe pikirdeşimi tapmakçy bolýaryn. edil meniň ýaly pikir edýäni. mende dost ýok. muny diýdigim, mende asla dost ýokdur öýtmäň. bar, ýöne hakykysy ýok. içiňi ynanar ýalysy. seniň üçin ähli işini taşlap kömege geljegi. bu barada men köp wagtlap pikir etdim. diňe “aýawly saklaň” diýip biljek. eger-de şonuň ýaly dost sizde bolsa, onda siz bagtly adam, ony aýawly saklaň. bu sözler, dostluga bolan ynamyny ýitiren ýa-de dostlugyň nämedigini bilmeýän maňlaýygaralara degişli däl. men şolaryň ikinjisine has ýakyn bolmaly. siz haýsyna ýakyn? söýgi näme? belki adamlary agzybir edýän zat söýgidir? salgym bolmagy ahmal dostluk däl-de, hut söýginiň özi. bu ýerde-de hemme zat çylşyrymly bolmaly. haçan-da ol hem ýalan bolsa, onda söýgi barada gürrüň biziň nämämize gerek. häzir ýaş oglandyr gyzlar söýgi barada kasamlaryny saga sola seçeleýärler, emma welin ol sözleriň köpüsi boş. olar ant içýärler, ýöne olaryň antlary näçe wagtlyk? barybir ýalan boljak bolsa, aýdylanlara ynanmagyň näme manysy bar. mümkin meniň pikirlerim siziňki bilen deň gelmez, ýöne näme diýseňiz hem, bu aýdanlarym hakykat . ýene-de gijeki baýguşyň keşpine giren adamyň lakgyldysyny diňläsiňiz gelýärmi? terjime eden kakamyrat geldiýew.

Köneler, rejepguwaja tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir