Remezan musulman senenamasynyň dokuzynjy aýydyr. Şu aý musulmanlar üçin iň wajyp we arzyly aýlaryň biri bolup durýar. Oraza bütin bir aýyň dowamynda gündizlerine suwdan we iýmitden gaça durmak ýaly şertleri öz içine alýan kada-kanunlara eýerýär. "Eý iman getirenler! Oraza tutmak sizden öň ýaşap geçen bendelere parz bolşy ýaly, size hem parz edildi" [Bu ylahy hökümi ýerine ýetirip, mümkin siz hem Hudaýdan gorkan bendelerden bolarsyňyz] (2/183). "Gara sapagyň ak sapakdan tapawutlanyp" başlaýan wagtyndan tä gün batynça iýmitden gaça durmak orazanyň asyl maksady däldir. Hakykatda, oraza tutmak ynamy berkitmäge, ruhy ösüşe, durmuşyň manysyna we ähmiýetine düşünmäge gönükdirilendir. Oraza musulman üçin ilkinji nobatda gadagan edilen zatlardan gaça durmak we özüň üçin hakyky we wajyp gymmatlygy kesgitlemek mümkinçiliginden ybaratdyr. Agyz beklemek her bir musulmana buýrulýar we Yslamyň bäş sütüniniň biri bolup durýar. Orazany berjaý etmäge mümkinçiligi bolmadyk garrylar we agyr keselliler ondan boşadylýar diýlip, aýratyn bellenip geçilýär. Şeýle ýagdaýda musulman her gün eliýukalary we mätäçleri naharlamaga ýa-da olara kömek etmäge borçludyr. 01 kömek bir günlük iýmitine sarp edýän puluna barabardyr. Şeýle hem Oraza aýynda sapara gidenler ýa-da başga sebäplere görä agyz bekläp bilmeýänler ondan boşadylýarlar. Şunuň ýaly ýagdaýlarda orazanyň sypdyrylan günleri indiki aýyň günlerinde berjaý edilýär. Remezan aýy ähmiýeti boýunça musulmanlaryň ikinji baýramy Oraza baýramy bilen gutarýar. Ol Remezan aýynyň iň soňky güni, gün batandart soň başlaýar we Şowwal aýynyň ilkinji iki gününde dowam edýär. Musulmanlar baýram güni metjitlerde köpçülik bolup namaz okalandan soňra garyndaşlaryny, ýakynlaryny, goňşularyny, tanyşlaryny (dini ynanjyna bagly bolmadyk) baýramçylyk sadakasyna çagyrýarlar. Sadaka paýlamak baýramçylygyň esasy şertleriniň biri bolup durýar. Şeýle hem baýramçylyk günleri kowumgaryndaşlaryň guburyna hem zyýarat edilýär.
Remezan diýerler, aýyň ýagşysyn
-
janak
8 years ago
- Ämin
Muslim85 8 years ago- Pygamberimiz (aleyhiselatu we selam) aydypdyr: Rejeb aÿy ALLANYN aÿy, Shaban aÿy menin aÿym Remazan bolsa ummatymyn aÿydyr. Remezanyn bashy Rehmet, ortasyna bagyshlanma (Magfiret) we sonuna-da Jähennemden azat bolma diÿilÿär. Sheytan bilen Jynlar zynjyrlanyp Jehennem gapylary ÿapylyp Rehmet gapylary sonuna cenli acylÿar. Edilÿän ÿagshy ishlerin, berilÿän sadakalaryn sogaplary Allahu Teala beÿleki aÿlara garanda gat-gat köp berÿär. 11 aÿyn Soltanydyr Remezan.
Allah Resuly (s.a.w) sheyle diÿipdir : "Egerde ummatym Remezan aÿynyn haÿyr hasanatyny nähili köpdigini görüp bilsedi - her aÿyn Remezan bolmasyny dilärdi".
Allah külli Muhammet Ummatynyn Oraza we sadakalaryny, ÿagshy doga we tobalaryny kabul eÿlesin. Her aÿymyz Oraza ÿaly gecsin.