Ýurdymyzda Magtymguly Pyragynyň goşgulary kitap edilip yzygiderli çykarylyp dur. Biz şu makalamyzda beýik akyldaryň «San bolsam» atly goşgusyndaky «arbalet» sözi barada gürrüň etmegi makul bildik. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde bu sözüň ulanylmagy bilen baglanyşykly şeýle soraglar ýüze çykýar: 1. «Arbalet» sözüniň türkmen diliniň taryhynda ulanylan ýeri barmyka? 2. «Arbalet» sözi akyldaryň sözlük goruna nireden aralaşdyka? 3. «Arbalet» sözi neşirlerde arapçadan latyn ýa kirill elipbiýine geçirilende, fonetik nätakyklyk goýberilip, aslynda başga manyny aňladýan bolaýmasyn? 4. Magtymguly Pyragy «arbalet» sözüni göni manyda, ýagny ýarag manysynda ulandymyka? Alymlar A.Meredow bilen S.Ahally tarapyndan taýýarlanylan «Türkmen klassyky edebiýatynyň sözlüginde», S.Atanyýazowyň «Türkmen diliniň sözköki sözlüginde», Ş.Garajaýewiň «Türkmen dilinde harby leksika» atly kitabynda we beýleki neşirlerde bu söz barada maglumat berilmändir. Türkmen nusgawy şahyrlarynyň eserlerinde, eposlarda, dessanlarda, rowaýatlarda, türkmen harby leksikasynyň taryhynda «arbalet» sözi agzalmaýar. Diýmek, bu söz türkmen diliniň sözlük düzüminde gabat gelmeýär. Günbatar hem Gündogar halklarynyň köpüsinde «arbalet» söweş ýaragynyň ady. «Uly rusça-türkmençe sözlüge» görä, bu söz el bilen zyňylýan ýaragy aňladýar. Beýleki çeper hem ylmy çeşmelerden bu sözüň Ýewropa hem arap ýurtlarynyň, Hytaýyň taryhynda harby ýaragyň ady hökmünde biziň eýýamymyzdan öňki asyrlardan bäri peýdalanylandygy belli. Ýöne el bilen zyňylýan däl-de, ýaý bilen peýkam atylýan ýarag. Dogrusy, bu ýarag ok-ýaýyň kämilleşdirilen görnüşidir. Arbalet belli bir ýere berk daýanyp atmaklyga niýetlenilip ýasalýar. Magtymguly Pyragynyň her bir sözüne dogry düşünmek üçin ençeme meseleleri nazardan sypdyrman öwrenmek zerur. Ilki bilen, hökmany suratda, şol sözüň degişli setiriniň, bendiniň, tutuş goşgynyň umumy ruhuna düşünmäge çalyşmaly. «San bolsam» - Magtymguly Pyragynyň örän täsirli goşgusy. Bu goşgynyň birinji bendinde şahyr özüniň hem belli bir derejelere ýetendigini nygtaýar, indi hyrka (sopuçylykda belli bir derejä ýeten şahsyýetiň geýýän dony) geýip, il içinde san bolmak - il hataryna goşulmak isleýär: Jan göterip, baryp ýetdim bir bapdan, Hyrka geýip, il içinde san bolsam. Tün içinde baryp beýtulla tapdan, Zar ýyglaýan sahyplarda hun bolsam. Şahyr «il içinde» diýip halk köpçüligini däl-de, özünden öň ýaşap geçen, hakykaty gözlän ylahy hem dünýewi ylym eýelerini - sahyplary göz öňünde tutýar. Ol «tün içinde (nadanlygyň tümlüginiň içinde) beýtulla (Allanyň öýi: beýt - öý, ylla - Alla) baryp, zar ýyglaýan sahyplara hun bolmak» - özüni bagyş etmek isleýär. Soňky setirdäki bir söz ähli neşirlerde «sahyplarda» görnüşinde berilse-de, bu söze wagt-orun düşüminiň goşulmasyny däl-de, ýöneliş düşümiň goşulmasynyň gadymy görnüşini goşup, «sahyplarga» şekilinde ulansak, has dogry bolar. Birinji setiriň başy neşirlerde «Jam göterip...» hem-de «Jan göterip...» görnüşinde iki hili berilýär. Eger «Jam göterip...» görnüşinde alsak, munuň özi şahyryň belli bir ýaşa ýetenden soň, akyl käsesini - jamyny dolduryp, märekäniň bir çetinden barandygyny, ikinji ýagdaýda bolsa, şol güne çenli göwrede janyny göterendigini aňladýar. Birinji ýagdaý hakykata has ýakyn. Ikinji bendiň soňky setirleri şeýle tamamlanýar: Jelaleddin Rumy, Jamy elwany, Olarnyň jaýynda menem kän bolsam. Bu 2014-nji ýyldaky neşirde şeýle. Öňki neşirleriň käbirinde soňky setir «Olarnyň ýanynda menem san bolsam» diýlip berilýär we şeýle berlişi nädogry. Sebäbi Magtymguly sazlaşygyň hatyrasyna bir goşgynyň dowamynda şol bir sözi iki gezek gaýtalamaz. Ikinjiden, Magtymguly Pyragy Jelaleddin Rumy, Abdyrahman Jamy ýaly şahsyýetleri hazyna - käne (ummasyz köp tebigy baýlyga) deňeýär, özi-de şolaryň ýanynda hazyna öwrülmek isleýär. Soň Magtymguly Pyragy ýedi bendiň dowamynda uly hormat bilen aşakdaky 37 sany taryhy hem rowaýaty şahsyýetleriň adyny tutýar: Abu Seýit, Omar Haýýam, Hoja Ýusup Hemedany, Ferdöwsi, Nyzamy, Hafyz, Jelaleddin Rumy, Abdyrahman Jamy, Nowaýy, Perhat, Şirin, Zubaýy, Zahyreddin Babyr, Sagdy, Hakany, Mälik Omar, Süleýman, Salaman, Absal, Bähram Gur, Azadoddöwle, Abu Mähfuz, Gyzyl Aslan han, Abubekir, Aly, Mamun, Abisdam, Zünnun, Rüstem Zal, Galen, Eflatun, Dawut, Osman, Kubat, Hosrow, Isgender, Lukman. Neşirlerde: Gaşlaryna baryp men Mejnun bolsam - diýen setirde «Mejnun» sözi baş harp bilen berlipdir. Emma bu söz şu ýerde «yşkyň şasy» Mejnunyň has ady däl-de, «şeýle beýik şahsyýetleriň öňünde elewräp, oda düşüp, dälilik, aň ýitirmek derejesine barsam» diýen manyda, jyns at hökmünde gelipdir. Şonuň üçin bu söz şahsyýetleriň sanawynda agzalmady. ...Dawut, Osman bilen Aly ürküzip - diýen setirdäki «Aly» hem şahsyýetiň ady hökmünde alynmady. Bu söz kitaplarda baş harp bilen ýazylsa-da, dört çaryýarlaryň biri bolan Alynyň adyny aňladýan has at däl-de, «al-arwah, şeýtan» manysyndaky jyns at hökmünde gelipdir we bu ýerde «a» fonemasyny uzyn aýtmak zerur. Sebäbi Dawut, Osman ýaly şahsyýetler Alyny ürküzmek, gorkuzmak barada pikir etmändirler. Magtymguly Pyragy bu beýik şahsyýetleriň kömegi bilen a:ly - aldawy, ýalançylygy ürküzmek isleýär. Şeýle-de, Magtymgulynyň öňki goşgular ýygyndylarynyň käbirinde altynjy bent «Galan Eflatuna ýolun görkezip...» diýen görnüşde, köp neşirlerde bolsa «Galen, Eflatuna ýolun görkezip...» diýen görnüşde berlipdir. «Galan» sözi şu ýerde hiç hili many aňlatmaýar. Bu söz meşhur akyldar Galeniň ady bolmaly. Şahyryň özüne bolan ynamy, tutan ýolunyň dogrudygyna bolan imany juda güýçli. Sözüniň başynda - goşgynyň birinji bendinde bir derejelere ýetendigini nygtan şahyr öňki beýik şahsyýetleriň hatarynda san bolmagy diňe bir arzuw edip goýmaýar, onda munuň hut şeýle boljakdygyna mizemez ynam bar. Şeýle güýçli ynam diňe beýik şahsyýetlere mahsus we şahyryň ynamynda aldanmandygyny wagt hem halk subut etdi. Bu güýçli ynama syn edeliň: Arbalet golunda, eý, Magtymguly! Rüstem-u Isgender hiç tutmaz ýoly. Ne bolsa, bilgeý sen ilniň hyýaly, Dertliler alnynda men Lukman bolsam. Ähli beýikler şu dünýädäki ýaşaýşa haýyr bilen şeriň dyngysyz göreşi hökmünde garaýarlar. Ýunus Emräniň «Risalatyn-nushyýa» («Nusgalar kitaby») atly eserinde hem, Magtymguly Pyragynyň köp goşgularynda hem, ähli akyldarlarda-da şu dyngysyz göreş açylyp görkezilýär. Pyragynyň sanap geçen şahsyýetleriniň ählisi diňe haýryň tarapynda durup, şere garşy göreşen şahsyýetler. Öňki beýikler ýaly, Magtymguly Pyragy hem tümlükden, nadanlykdan gorkman, hakykaty, Haky gözläp, eline ýarag - arbalet alyp, hakykat ugrunda göreşijileriň toparyna goşulyp, söweşe çykmakçy. Arbalet nyşana jaýdar urýan güýçli ýarag bolupdyr. Ikinji setir öňki neşirlerde «Rüstemi Isgender hiç tutmaz ýoly» görnüşinde berlipdir we şeýle görnüşde bu setirden belli bir many çykarmak kyn. Rüstem - rowaýaty gahryman, Isgender - taryhy şahsyýet. Bularyň taryhda ýaşan döwürleri hem dürli-dürli. Asla, beýik şahsyýetler biri-biriniň ýoluny tutmaga çalyşmaz. Soňky neşirlerde berlişi ýaly, «Rüstem-u Isgender...», ýagny «Rüstem bilen Isgender...» görnüşinde alsak, bar zat ýerli-ýerine gelýär. Goluna ýarag - arbalet alyp, beýikleriň jemlenen leşgerine goşulan Pyragynyň özüne bolan mizemez ynamy şeýle bir güýçli welin, indi adamzadyň taryhynda kuwwatly goşunbaşylar, pälwanlar hökmünde tanalýan Rüstem hem, Isgender hem onuň ýoluna böwet bolup bilmezler. Ýöne Pyragynyň ynamy diňe bir fiziki güýç-kuwwata bagly däl. Pyragyda ýaňky rowaýaty serkerdelerde bolmadyk, haktarapyn berlen peşgeş bar - ol il-günüň, her bir adamyň arzuw-hyýalyny, derdini duýmagy hem başarýar. Ol adam ruhunyň lukmany bolmagy arzuw edýär. Indi soraglara jogap bermäge synanyşalyň: 1. «Arbalet» sözi türkmen diliniň taryhynda gabat gelmeýär. 2. «Arbalet» sözi neşirlerde arapçadan latyn ýa kirill elipbiýine geçirilende, fonetik nätakyklyk goýberilmändir. Nusgawy edebiýatymyzda ulanylan arap-pars sözleriniň hiç birini ses meňzeşligine daýanyp, bu sözüň ornuna ulanyp bolmaýar. «Bu söz «är» hem «welet - perzent, ogul, çaga, dogulmak...» sözleriniň manysyny berýän bolaýmasyn?» diýen pikir bar. Emma, birinjiden, Magtymguly Pyragy perzende - ogla buýsanyp ýaşap bilmändir. Ikinjiden, Pyragy perzendine daýanyp Rüsteme, Isgendere haýbat atyp bilmez. Men-menlik sebäpli kyrk ogluny pida eden Dawut pygamberi şahyryň özi hem goşgularynda ýatlaýar ahyry. 3. Magtymguly Pyragy «arbalet» sözüni asyl manysy bolan ýaragdan ugur alýan göçme manyda ulanypdyr. Ol ähli döwürlerde köp halklar tarapyndan ulanylan, nyşana göwnejaý degýän «ýarag» bilen ýaraglanyp, hakykat ugrunda darkaş gurýan meşhur şahsyýetleriň hataryna goşulmak isleýär, asyl özüni eýýäm şol goşunyň hatarynda duýýar. 4. «Arbalet» sözüniň akyldaryň sözlük gorunda ulanylmagy onuň dünýägaraýşynyň şeýle giňliginden habar berýär. Aslynda, türkmen halkyna mahsus bolmasa-da, araplarda, ýewropa halklarynda, ruslarda, hytaýlylarda bu ýaragyň uzak asyrlaryň dowamynda ulanylandygy ylym-bilimi ýetik Magtymguly üçin ýeterlik çeşme bolandyr. Goşguda ady sanalan şahsyýetleriň hatarynda Galen, Eflatun ýaly wagt hem giňişlik taýdan juda uzaklarda bolan akyldarlaryň hem bolmagy munuň subutnamasydyr. Has hakykata ýakyn pikir: bu söz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine arap dilinden geçendir. Sebäbi akyldar arap dilini inçeden öwrenipdir, bilipdir. Adamzadyň gory egsilmejek akyl-paýhasly syrlar hazynasy bolan Magtymguly Pyragy wagt geçdigisaýy bize has ýakynlaşýar.