Eý, ülkesi abat, mülküne magrur, Mülküň bakasy ýok, näge ýatyp sen? Eý, ykbaly bidar, döwlete mesrur, Döwlet wepasy ýok, näge ýatyp sen? Şirin jan riştesi tende osaldyr, Nebsiň bir megesdir, mal bir asaldyr, Dünýä aby-sildir, ömrüň bir saldyr, Ömre ygtybar ýok, näge ýatyp sen? Tagat bir dergähe ýoldur basgançak, Işiň beýle bolsa, durma sen anjak, Ogul, gyz, malu-zen saňa asgynjak, Goýmazlar gezmäge, näge ýatyp sen? Pelek aňsar daşyn saňa atypdyr, Zemin aždarhasy paýyň ýuwtupdyr, Ajal tiz oragyn elde tutupdyr, Binurbatdyr, biçer, näge ýatyp sen? Magtymguly, işim ahy-zarydyr, Bir mükemmel äriň hyrydarydyr, Dünýe ahyrýetiň keşti-käridir, Tohum saçynawer, näge ýatyp sen? *Magrur - tekepbirlik, men-menlik. *Baka - bakylyk, hemişelik. *Bidar - ägä, serasap, ätiýaçly. *Mesrur - göwni hoş, bagtly, şatlykly. *Rişte - ýüp, sapak, tanap. *Meges - siňek. *Asal - bal. *Sal - gaýyk. "Magtymguly" saýlanan eserler ýygyndysy. Aşgabat. Türkmen döwlet neşirýat gullugy 2014 Line id: @cgt8960e http://line.me/ti/p/%40cgt8960e Her çemenden...