“Türkmenistanyň häkimiýeti raýýatlaryny pagta meýdanlarynda zor salyp işledýärler” (“Walk Free Foundation” salgylanyp) atly makalany okap pikire batdym: ýazarlaryň maksady nämede-kä? Bir tarapdan, pagta ýygymy entäk başlanmady, pagta meýdanlarynda özleşdiriş işleri geçirilýär, beýleki bir tarapdan, şu wagty gyzgalaňly bugdaý ýygymy alnyp barylýar, şol sebäpden “pagta gulçulygy” barada gürrüň etmek ir. Men bir pikire geldim, ýagny ýazarlar türkmen halky barada ýaramaz pikirleri bardyr. Statistika hasabaty boýunça şu ýylyň 5 aýynyň dowamynda oba hojalyk ulgamynda belli sepgitlere ýetildi: un 101,6%; çörek we çörek önümleri - 101,9%; süýt - 102,3%; et – 102,1%; ýumurtga – 105,5%; bakça önümleri – 167,5% öndürildi. Bu önümiň esasy bölegi ykdysadyýetiň hususy sektorynda degişlidir. Ýurtda geçirilýän iri göwrümli sosial-ykdysady maksatnamalaryny durmuşa geçirmek, şol sanda AST-nyň infrastrukturasynyň düýpli modernizasiýasyna gönükdirilen we obanyň ýaşaýjylarynyň durmuşynyň hilini gowlandyrmak meselesinde hususy telekeçiliginiň gatnaşmagyna döwlet tarapyndan uly ýardam berilýär. Türkmenistanyň Prezidentimiziň “Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde” “gul” we “gulçulyk” sözleriň manysy şeýle düşündirilýär: “Gul, at. 1. taryh. Hiç zada hukuky, ygtyýary bolmadyk, ykbaly eýesiniň elinde bolan adam; özge ýurtlardan getirilip, biriniň eýeçiligine berlen adam”. “Gulçulyk, at. 1. taryh. Gula eýe bolmaklyga esaslanan jemçiýetçilik-ykdysady gurluş. 2. Guluň ýagdaýynda bolmaklyk.” Bu ýagdaýlaryň haýsysyny hormatly ýazarlar türkmen halkyna deňeýärler-kä? Meni esasanda bir ýagdaý gynandyrýar, ol hem şu makalanyň awtorlaryň garaşsyz, özbaşdak ýurt barada öz pikirini aýdanlarynda, şol ýurda beýleki daşary ýurt baştutanlyryň, bütindünýa halkara guramalaryň, dünýa jemgiýetiniň, belli halkara guramalaryň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistana bar bolan garaýşlary bilen tanyş bolmazlygy. BMG-y ýaly iri bütindünýa halkara guramasy iki sapar biziň döwletimiziň pozitiw bitaraplygyny, onuň dünýa sebitinde parahatsöýüjilik ornuny ykrar etdi. Türkmenistan BMG-nyň garamagynda hereket edýän dürli toparlaryň düzümine girýär, GDA-na girýän ýurtlary we dürli guramalary bilen goňşuçylyk gatnaşyklaryny saklaýar. Goňşuçylyk, parahatsöýüçilik gatnaşyklaryny saklaýan ýurtda gulçulyk ýagdaýy bolarmyka? Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň we jemgiýetiň esasy gymmatlygy hasap edilýän adamyň hukuk goragynyň kepilidir. Bu türkmen halkynyň arzuwyny berjaý edýän, özbaşdaklyk, agzybirlik, ynsanperwerlik, azatlyk barada ähli düşünjelerini yglan edýän we bitaraplygy berjaý edýän resminama hökmünde kabul edilen ýokary ähmiýetli ýuridiki dokument. Konstitusion özgertmelerini durmuşa ornaşdyrmak, ýurduň Esasy kanunyny häzirki döwrüň syýasy we ykdysady-jemgiýetçilik ösüşini berjaý etmek we halkara ülgelerine laýyk getirmek maksady bilen Türkmenistanda ýörite Konstitusion topar hereket edýär. Ýene bellemeli zatlaryň biri, ol hem biziň Konstitusiýamyzda döwlet syýasatynyň umumy strategiýasy we durmuş-ykdysady babatynda iň wajyp ugurlary görküzildi, adamlaryň borçlary we hukuklary, BMG-yň Konwensiýasyndan gelip çykýan halkara borçlarynyň berjaý edilmegi hem bellenildi. Biziň ýurdumyzda 2016-njy – 2020-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň adam hukuklary babatda hereketleriniň Milli Maksatnamasy kabul edildi. Bu resminama ilkinji gezek kabul edildi we biziň ýurdumyzyň häkimiýetiň ähli görnüşlerinde we jemgiýetiň ähli gatlaklarynda hukuk, demokratiýa garaýyşlarynyň üstün çykmaklygyň subutnamasy bolup hyzmat edýär.