Şanly Garaşsyzlygymyzyň 24 ýyllyk baýramçylygyny uly dabaralar bilen garşy alan günlerimizde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurlup, ulanylmaga berilen desgalar ildeşlerimiziň şatlygyny goşalandyrdy. Ýakynda Lebap welaýatynyň Atamyrat şäherinde gurlup ulanylmaga berilen täze medeniýet öýi hem etrabyň ilatyna uly toý sowgady boldy. Bu döwrebap medeniýet öýüniň tomaşaçylar üçin niýetlenen 200 orunlyk tomaşaçylar zaly, surat çekmek, haly dokamak, tikinçilik, aýdym-saz, tans bilen meşgullanmak we beýleki gurnaklaryň işini alyp barmak üçin ýörite otaglar bar. Kitaphana we muzeý hem göz öňünde tutulypdyr. Berkararlyk otagynda bolsa ýurdumyzda gazanylýan ösüşler öz beýanyny tapypdyr. Medeniýet öýi häzirki döwrüň iň kämil enjamlary we tilsimatlary bilen üpjün edilipdir. Bu bolsa medeniýet we sungat işgärlerine, ýaşlara özleriniň ukyp- başarnyklaryny ýüze çykarmaga, ösdürmäge giň mümkinçilik berýär. ,,Medeniýet halkyň kalbydyr'' diýilýän sözler türkmen medeniýetiniň ata-baba ýörelgelerine, milli däp-dessurlaryna daýanýan we bu günki günde täze öwüşgin bilen ilimize ýetirilýän görnüşlerine uly baha berilýär. Sebäbi her bir sungat eseri halkyň kalbyna aralaşyp, uly güýje eýe bolýar we ynsany täze belentliklere, üstünliklere ruhlandyrýar. Atamyrat şäherine özboluşly görk berýän bu medeniýet öýüniň ajaýyp daşky keşbi onuň içinde döredilen gözellikler bilen utgaşýar. Türkmen medeniýetiniň we aýdym-saz sungatynyň ösmegine önjeýli goşant goşan ussat halypalaryň suratlary, şeýle hem türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň keşpleri bu ýere gelen her bir adamyň ünsüni çekýär. Iki gatdan ybarat bolan bu medeniýet öýüniň içki bezegleri, tomaşa zalynyň sahnasyndaky bezegler bu ajaýyp binanyň içine milli öwüşgin çaýýar. Täze bina türkmen medeniýetini uly üstünliklere galdyrar. Onuň işgärleri bolsa döwrüň ruhuna we talaplaryna laýyklykda ýaşlarda watançylyk, ruhy-ahlak sypatlarynyň kemala gelmegi ugrunda öz üstüne düşýän wezipäni amala aşyrmak üçin yhlas-zehinlerini gaýgyrmazlar. Zehinli ýaşlaryň ýüze çykmagyna, olaryň döredijilik ukyp-başarnyklarynyň kämilleşmegine ýardam bererler. Gadymy şäherde gurulan bu döwrebap medeniýet öýi Ýurdymyzyň beýleri künjeklerinde gurlan ajaýyp binalaryň üstüni ýetirdi. Şäheriň we etrabyň ýaşaýjylary täze medeniýet öýüniň hem halkymyzyň baý medeni mirasyny we ruhy-ahlak gymmatlyklaryny ösdürmäge uly goşant goşjakdygyna ynanýarlar.