täze ýyla üç gün galanda, aýazly gijäň tümliginde, nikolaýewka obasynda, sowuga vugurlan asudalygy lerzana getirip, tüpeň sesi iki gezek ahmyrly gümpüldedi.yzly- yzyna... iri nilli tüpeňden. soňundan kimdir biri: -ýüregiň ursun!..- diýip gygyrdy. tüpeň sesi ep- esli wagtlap gum-guk obanyň üstünden asyl- asyl bolup ýaňlandy, itleri örüzdi. irden hemme zat aýyl- saýyl boldy: tüpeň atan wetfeldşer aleksandr iwanowiç kozulin eken. wetfeldşer kozulin bu obada bary- ýogy ýarym ýyl ýaşaýardy. bu ýere göçüp gelen döwürleri hem, ony nikolaýewlileň sulhy almandy. seýrek gabat gelýän görnüksiz adam. elli ýaşlarynda, etli- ganly, lagşanyrak... şeýlede bolsa örän çalasyn ýöreýän eken. howul- hara salamlaşyp, dessine aşak bakýardy. ýuwaş we diňe geregini gürleýärdi, ýöne diýýän nutuklary düşnüksizdi, özi hem nämedendir bir zatdan utanýan ýalydy. adamlaryň ähli syryny bilýän ýaly, olaryň gözlerine seretmekden çekinýärdi, seredäýse-de öz syry açyljak ýalydy. ol muny özünden gorkup etmeýärdi, utanjyndan edýärdi, salykatlylygyny ýitirmejek bolýardy. ol hatda obanyň aýallaryna-da ýaramady, ýogsa olar ýuwaş, arak içmeýän erkeklere hormat goýýardylar. ýene-de onuň ýekeligi niç kime ýaramaýardy. näme üçin ýeke, adam bilýän däldir, ýöne elli ýaşap maşgala, çaga bolmazlyk, asla ýeke bolmaklyk, nädogrydy, her-dürli pikirleri etdirýärdi. görüň-ä muny, indi şu adam ýary-gije öýünden ylgap çykaga-da, tüpeňinden asmana tarap iki gezek tarkyldadyp goýberdi. soňundan ýürek barada bir zatlar gygyrdy. adamlar äm- sämlikde, näme boldy, näme üçin boldy düşünmediler. gün öýleden agandan soň weterinar bölüme, kozuliniň ýanyna agras, ýel çawlan ýüzini çym-gyzyl edip, ýerli uçastok milisioneri geldi. -salam, ýoldaş kozulin! kozulin milisionere geňirgendi. -salam. -gitmeli boljak... neme... oba geňeşligine gitmeli boljak. protokol düzmek üçin. kozulin bir zat gözleýän ýaly, günäkär gözleri bilen ýer sermeledi. -ol nämäň protokoly? näme üçin? -näme diýdiňiz? -protokol näme üçin gerek boldy? men düşünmedim. -düýn tüpeň atdyňyzmy? dogrysy, gije... -atdym. -şonuň üçin protokol düzmeli. oba geňeşliginiň başlygy siziň gelmegiňizi talap edýär..., birneme gürrüňleşmek isleýär. näme sebäpden tüpeň atdyňyz? birinden gorkduňyzmy? -ýok-la... ylymda örän uly ýeňiş gazanypdyrlar. şonuň şanyna salýut berdim. milisioner feldşere siňe seretdi, ýürekden ýylgyrdy. -o nämäň ýeňişi? -ylymda. -hawa onsoň? -men hem şonuň şanyna salýut berdim. näme gadaganmy? men begenjime etdim ahyryn. -salýut moskwada berilýär.- milisioner pent berýän terzde düşündirdi. –bu ýerde bolsa, siziň herekediňiz jemgyýetçilik düzgün tertibi bozmaklyk bolýar. biz bular ýaly bidüzgznçilikleriň garşysyna göreşýäris. kozulin ak ýektaýyny çykardy, paltunyny, gulakjununy geýdi, “nirä gitmeli bolsa men taýyn” diýýän ýaly milisioneriň ýüzine seretdi. olar weterinar bölümiň işiginde duran kolýaskaly motosikle mündiler. oba geňeşiniň başlygy olara garaşyp oturan eken. -ýary gije salýut bolan eken-ä,- diýip milisioner gürrüňe başlady. ol kozuline ýylgyryp seretdi. –maňa ýoldaş kozýulin düşündirdi... - kozulin,- diýip feldşer düzetdi. -näme diýdiň? –kozulin diýseňiz dogry bolar. - näme tapawut... hä-ä!- diýip milisioner düşündi we güldi. soňra agyr göwresi bilen gaýyş kürsiň üstine çökdi. ol planşetinden protokol ýazmak üçin ak kagyz çykardy. – bagyşlaň, men siziň üstüňizden güljek bolmadym. başlyk hrom ädigini jygyldadyp, bir eli bilen egnindäki gimnastýokasynyň kemerini düzetdi (gimnastýorkaň beýleki ýeňinden, oturtma eliň ujy görünýärdi), soňra feldşeriň töre geçmegini sorady: -otur, ýoldaş kozulin. kozulin hem gaýyş kürsä özüni goýberdi. -hawa! aýdyber, näme boldy. näme üçin tüpeň atyldyň? - düýn keýptaunda bir adama başga biriniň ýüregini geçiripdirler.- diýip kozulin begenjini aýan etdi. soňra dymdy. başlyk bilen milisioner aňk boluşyp, hadysaň dowamyna garaşdylar. -...ölen adamdan—diri adama...-diýip, kozulin sözüniň yzyny ýetirdi. milisioner haýran galyp, oňa seretdi. -näme, näme? -diri adama ölen adamyň ýüregini geçiripdirler. jesetden alyp... -näme, gömülen jesedi daşyna çykaryp, soňra onuň... -täzelikde ölen adamy nähili gazyp aljak?!- diýip kozulin jany ýanyp gygyrdy. – olaryň ikisi hem hassahanada ýatan eken, ýöne biri ölüpdir... -hawa-la... olar ýaly zatlar bolup dur, -diýip başlyk ony ugruna kowjak bolýandan boldy. – böwrek hem geçirýärler, beýleki organlary hem geçirýärler. -beýlekileri- hawa... mümkin, ýöne ýüregi birinji gezek ahyryn.- kozulin janynyndan syzdyryp düşündirdi:- bu ýürek ahyryn! -her näme-de bolsa men bu ... şikesli waka bilen, ýary gijeki tüpeň atyşygyň arasynda hiç- hili baglanyşyk görmemok,- diýip başlyk gaharynyň gelýänini bildirmän aýytdy. - men örän begendim… men bu habary eşidip akylymdan azaşan ýaly bolupdyryn. şol iki aralykda gözüme diwarda asylgy duran tüpeň düşdi, men ony alyp daşaryk ylgap çykdym-da, asmana gezäp, iki gezek gümpüldedip goýberdim... -gijän bir wagty... -men erbet iş etmedim ahyryn? -näme diýdiň?!.. zähmetkeşleriň asudalygyny, jemgyýetçilik tertip düzgünini bozduňyz. -waka sagat näçede boldy?-diýip, milisioner gaharly sorady. - ýadyma düşmeýär. üç töweregy bolsa gerek. -siz näme, sagat üçe çenli radio diňleýärsiňizmi? -gije ukym tutmady, şonuň üçin diňledim... milisioner başlygyň ýüzüne köp manyly seretdi. -ol niräň moskwasy gije üçe çenli gürleýär?- diýip milisioner gözüni alardyp sorady. -“maýak”. -“maýak” gijesi bilen gürleýär,- diýip başlyk feldşerden ünsüni sowman, onuň diýenlerini tassyklady. –ýöne kim size gije sagat üçde tüpeň sesleri bilen obany örüzmäge rugsat berdi? - bagyşlaň, edil şol wagt pikirini etmändirin... men... men... şizýa. -kim?- milisioner düşünmedi. -şizýa. mende dälilik bar... birden özümi ýitirip, näme edýänimi hem bilmeýärin.- feldşer pikire batan ýaly boldy, eli bilen ilki maňlaýyny elledi, soňra bolsa gözlerini. – mejbury... näme edýärsiň... diş ýuwulýan poroşok we beýlekiler... milisioner bilen başlyk geň galyşyp, biri-birlerine gözlerini aýladylar. feldşer ýene-de bir gezek ötünç sorady: -bagyşlaň. -biz bagyşlarys-la, ýoldaş kozulin,- diýip başlyk duýgudaşlyk bildirdi, - ýöne zähmetkeş köpçüligi sizi bagyşlarmyka? olaryň bir entegi daň bilen sagat bäşde turmaly. siz ylymly, bilimli adam, siz bular ýaly zatlara düşünmeli ahyryn. -ýogsa-da,-diýip, milisioner gyzyklandy, - näme üçin siz salýut atmaga ylgadyňyz? ýeňiş size degişli däl ahyryn, siz weterenar ahyryn. baýtala geçirmändirler-ä ýüregi... -olar ýaly zat diýmäge milt etmäň!- diýip feldşer gygyrdy. birden hem özüne gelen ýaly bolup utanjyna gyzardy. bir salym dymyp oturdy, soňra göwni galan ýaly, ýuwaşlyk bilen: -siz näme üçin meniň göwnüme degýärsiňiz?—diýdi. bir näçe wagtlap adamdan ses çykmady. ilki bolup başlyk söz gozgady. -gyzmalyk etmek gerek däl. ýogsa-da, alymlar örän uly iş edipdirler. diýseň- diýmeseň, biziň hemmämiz hem mal janawarlar bilen hossarlykdadyrys, gep kime ýürek geçirenlerinde däl-de, ylymda ýetilen derejede. begendirýän ýeri, ýüregi adama oturdypdyrlar. ýöne ýoldaş kozulin, men gaýtalap aýdýan: siziň gijeki tüpeň bilen eden hokgaňyz, düzgün- tertibi gödek bozmaklyk bolýar. kim bilýär, ýene-de näçe gezek ylymy açylyşlar boljak! siz biziň obadaşlarymyzyň hemmesini däldiredersiňiz. gaýdyp dagy- duwara şular ýaly zatlary edäýmäň, hemişe ýadyňyzda bolsun ýogsa-da, siziň odunlyk agajyňyz barmy? feldşer bu soraga garaşmansoň aljyrady. -sag boluň, häzirlikçe bar. meniň häzirlikçe hemme zadym bar. asla-da, men bu obany gowy görýän...-feldşer gulakjynyny iki eli bilen gysymlady, egnini gysdy. ol gygyryp gürläni üçin utandy. –meni bagyşlaň... saklanyp bilbedim... milisioner utandy: -bolýar-la, ullakan bolan zat ýok... başlyk güldi. -bolýar-da. geçeni geçdi bileliň. könäni ýatlanyň, gözi çyksyn. -könäni ýadyndan çykaranyňky bolsa,- diýip milisioner oýun edip barmagyny çommaltdy,- iki gezek çyksyn! protokol düzip durmarys, ýöne ýatda goýarys. şeýlemi, ýoldaş kozulin? -protokolly gürrüňi goý. görýäň-ä, aňly- düşünjeli adam... -düşünjeliligine düşünjeli-le, ýöne... milisiýa bölümine baranlaryndan soň düşünýärler-dä... -siz boş, ýoldaş kozulin. baryň-da arkaýyn işläberiň. birden bir mesele ýüze çyksa, çekinmäň-de geliberiň.—diýip, başlyk oňa rugsat berdi. -sag boluň.- feldşer ýerinden galdy, telpegini geýdi we gapa tarap ýöneldi. işige bardy-da birden saklandy... ýzýna öwrüldi. hiç zat bolmadyk ýaly gözüni ýumdy. çygynyp, bolan sesi bilen, bir batalýon esgeriň öňünde duran ýaly, buýruk beriji äheňde gygyrdy: -dim-m dik dur-r-ruň-ň! göne-eliň! ýene bir salymdan elini maňlaýyna ýetirdi, gözüni elläp gördi we ýuwaşlyk bilen samrady: -ýene-de üýtgejek boldum... hoş galyň.- ol dessine çykyp gitdi. milisioner bilen başlyk ýene-de bir-az wagtlap işikden gözlerini aýyrman oturdylar. soňra milisioner penjiräň öňündäki kürsä geçip oturdy-da, feldşeriň ýol bilen öýüne gaýdyşynyna syn etdi. -bizde bular ýala, boş halta bilen depesine berilip saňsar edilen diýilýär,- diýip ol dillendi. başlyk hem penjireden daşyna seredýärdi. wetfeldşer hemişekisi ýaly ýüzini ýerden galdyrman, haýdap barýardy. -tüpeňini elinde alaýsak nähili bolar?- diýip, başlyk maslahat saldy . –ýogsa hudaý bilsin, onuň kellesine ýene-de nähili pikirler geljek... milisioner ardynjyrady. -sen dogrudan hem onuňky “gidip gelegendir” öýüdüärmiň? -bolmagy mümkin. -samsyklyga salýar! men onuň gözünden aňýaryn... -näme üçin?- diýip başlyk düşünmän sorady.- ol oňa nämä gerek? häzir-ä has-da gerek däl... -näme üçin diýýärmiň? soňundan hiç bir zada jogapkär bolmazlyk üçin. häzir bar-da dälilik baradaky hatyny sora. ýokdur görseň. kellämi orta goýýaryn: onuň dälilik haty ýok. awçulyk petegi bolsa bardyr. sen aýdýarsyň: tüpeňini alalyň... onda hökman awçylyk petegi bolaýmaly. gel häzir ikimiz jedel edeli: men onuň öýüne baryp barlaýyn, petek bolmaly. her aýdaky tölegler hem tölenendir. jedel edýärismi? -her näme-de bolsa men düşünemok: oňa öz- özüne şyltak atmaklyk nämä gerek bolduka? milisioner güliberdi. -hemme zat açyk asman ýaly aýdyň: bilip bolmaz, nä wagt- nä zaman. ýeri gelende däldiräýmeli. kim senden jogap sorasyn? biz bular ýalynyň tutan guşyny ütüp goýandyrys! terjime eden kakamyrat geldiýew.