Ýurdumyzyň kanunçylyk ulgamynda raýatlaryň bähbitleri üçin düýpli özgerişler durmuşa geçirilýär. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek boýunça borçnamalary 1995-nji ýylyň 27-nji dekabrynda kabul edilen “Bitarap Türkmenistanyň adam hukuklary we azatlyklary babatda halkara borçnamalary hakyndaky jarnamada” yglan edildi we berkidildi. Türkmenistanyň Adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara topary hem döredildi. Soňky ýyllarda kabul edilen birnäçe kanunlar jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlarynda gös-göni adam hukuklary bilen bagly meseleleri kadalaşdyrýar. “Harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň derejesi we durmuş goraglylygy hakynda”, “Zenanlaryň deňhukuklylygynyň döwlet kepillikleri hakynda”, “Adam söwdasyna garşy göreşmek hakynda”, “Syýasy partiýalar hakynda” we beýleki birnäçe hukuknamalary aýdylanlaryň aýdyň mysallary bolup biler. Mundan başga-da, 1948-nji ýylyň 10-njy dekabrynda kabul edilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Adam hukuklary hakyndaky Ählumumy Jarnamasyna hem goşulmak bilen, ýurdumyzda ynsan şahsyýetiniň mertebesine we gymmatlygyna hem-de erkekleriň we aýallaryň deňhukuklylygyna, adamyň hukuklarynyň we esasy azatlyklarynyň ählumumy hormatlanylmagyna we berjaý edilmegine ýerine ýetirmekde we üpjün etmekde Türkmenistan uly işleri alyp barýar. Halkara borçnamalaryna gyşarnyksyz eýermek bilen, şeýle hem Adam hukuklarynyň Ählumumy Jarnamasyny ykrar etmek bilen, Türkmenistan adam hukuklary bilen bagly esasy halkara resminamalaryna, şol sanda aýallaryň hukuklary bilen bagly Konwensiýalara we Deklarasiýalara goşuldy. Olaryň arasynda: Raýatlyk we syýasy hukuklar hakyndaky halkara Paktyny, Raýatlyk we syýasy hukuklar hakyndaky halkara Paktyna fakultatiw Teswirnamany, Raýatlyk we syýasy hukuklar hakyndaky halkara Paktyna ölüm jezasyny ýatyrmaga gönükdirilen ikinji fakultatiw Teswirnamany, Ykdysady, durmuş we medeni hukuklar hakyndaky halkara Ylalaşygyny, Jynsy kemsitmäniň ähli görnüşlerini ýok etmek hakyndaky halkara Konwensiýany, Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýany, Aýallar barada kemsitmäniň ähli görnüşlerini ýok etmek hakyndaky halkara Konwensiýany we Aýallaryň syýasy hukuklary hakyndaky Konwensiýany, 1951-nji ýylyň 28-nji iýulyndaky bosgunlaryň hukuk ýagdaýy hakyndaky Konwensiýany görkezip bileris. 2011-nji ýylda Türkmenistan Raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuk ýagdaýy hakyndaky Konwensiýasyna we 2012-nji ýylda Raýatsyzlygy azaltmak hakyndaky Konwensiýasyna goşuldy. Alyp barýan ynsanperwer syýasaty netijesinde Türkmenistan dürli sebäpler boýunça mähriban ojagyny taşlamaga hem-de öz ýurtlarynyň çäklerinden çykmaga mejbur bolan adamlar üçin ikinji Watanyna öwrüldi. 2011-2014-nji ýyllarda Türkmenistanyň raýatlygyna ýurdumyzda hemişelik ýaşap ýören we raýatlygy bolmadyk adamlaryň 5 müňe golaýynyň kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. 2015-nji ýylyň iýunynda Türkmenistanyň raýatlygyna adamlaryň ýene-de 361-si kabul edildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2016-2020-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasy, Türkmenistanda 2016-2018-nji ýyllar üçin adam söwdasyna garşy hereketleriň Milli meýilnamasy,Türkmenistanda2015-2020-nji ýyllarda gender deňeçerligini üpjün etmek boýunça Hereketleriň milli meýilnamasy,Türkmenistanda 2016-2017-nji ýyllar üçin Halkara ynsanperwer hukugynyň ornaşdyrylmagy boýunça çäreleriň meýilnamasy tasyklandy. Munuň özi adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak boýunça Türkmenistanyň amala aşyrýan işleriniň ähli döwletler üçin nusgalarlykdygyny aňladýar.

Köneler, Publisist tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir