obanyň demirçisi feodor graý “garamaýak” adamlaryň drama kružogynda oýnaýardy. klubuň sahnasyna çykýan mahaly, onuň haýy gowşap, sesi örän ýuwaşaýardy, hatda birinji hatarda oturanlar hem onuň sesini zordan eşidýärdiler. tolgunmadan beden damarlary güberçekleýärdi. gürlemezden ötri, nutuguny jemläp, ep- esli wagtlap sahna ýoldaşyna siňe seredip durýardy. onuň bu garaýşy, bolup duran waka sahnada dälde, hamana çyndan hem oz başyndan geçýän ýaly içgindi, zalda oturan adamlary ýylgyrmaga, hatda çapak çalmaga hem mejbur edýärdi. drama kružogyň ýolbaşçysy, elmydama başagaý bolup ýören hyýrsyz, ýüzini gotur dişlän jontujak adamdy. her-hal repetisiýalarda bahana tapsa feodoryň üstüne gygyrýardy, awusyny pürkýärdi, sahnada gygyryp gürlemäge mejbur edýärdi. feodor kynlyk bilen, ýöne her näme-de bolsa onuň yrs aramasyny çekmäge çalyşýardy, rolunyň üstünde köp işleýärdi... ýöne her gezek sahna çykanda hemmesi täzeden başlaýardy: feodoryň sesi zordan eşidilýärdi, ýoldaşyna ýene-de gabak astyndan seredýärdi. režesýor sahnanyň aňyrsyndan dodagyny dişläp, gaty pyşyrdaýardy: -eý sen, demirçi... nalçy... sesiň gyryldymy... feodor roluny oýnap, sahnadan düşenine mähetdel, režisýor oňa erkek gaz ýaly, hyşşyldap topulýardy: -seniň diliň bir barmyka? hany diliňi görkezsene maňa!.. seniň diliňe... feodor üstüne gygyrylýan mahaly, onuň ýüzüne seretmejek bolýardy. ol bu ýaranjaňy sulhy almasa-da, özüni sungatda onça bilmeýän adam hasap edýärdi... şonuň üçin çydaýardy. ýöne bir gezek ol gaharyna döz gelip bilmedi. -hany seniň diliň?..- diýip, režisýor hemişekisi ýaly onuň üstüne igenip başlady. feodor biden-kä, kakyny tutan ýaly, onuň ýakasyndan tutdy-da, tagaşaksys silterlemäge başlady. režisýoryň dili tutulyp, gözleri hanasyndan çykara geldi. -gaýdyp meniň üstüme gygyraýmagyn.- diýip feodor ýuwaşlyk bilen aýtdy, we dessine onuň ýakasyny goýberdi. ýüzi ak-tam bolan çeper ýolbaşçy, bada gürläp hem bilmedi. -birinjidenä, men gygyramok...- diýip, ol sakawlap başlady.—ikinjiden hem, eger-de ýaramaýan bolsa.., onda gidip bilersiň. bolduň meň başyma... “söýgi-gahrymany”. -ýene-de bir gezejik “yňk” etseň, almytyňy alarsyň—feodor oňa garşydaşynyň ýüzüne sereden ýaly seretdi. ol bu gazaply nazara döz gelmän, müýnli ýaly egnini gysdy-da, ötägitdi. gaýdyp ol feodoryň üstüne gygyrmady. -mümkin bolsa gatyrajyk... sähel-çe gatyrak gürläýiňdä.-diýip, ol repetisiýalarda hormat goýýan terzde haýyş edýärdi we demirçä dykgat bilen seredýärdi. feodor hem gatyrak gürlejek bolup, jan edýärdi. bir gün feodoryň kakasy ýemelýan spiridonyç kluba, oglunyň oýnaýşyna syn etmäge geldi. gördi... we hiç kime hiç zat diýmän, gelişi ýaly çykyp gitdi. öýünde, agşamlyk edinip oturan wagtlary, oglunyň ýüzüne mähirli seretdi-de: -gowy oýnaýan ekeniň.-diýdi. feodoryň ýüzi çalaja gyzardy. -oňat pýesalar ýok... öňküden hem gowy oýnaýsa boljak weli-diýip, ol müýnli ýaly ýuwaşja aýtdy. feodora çylşyrymly sözler gabat gelende, dogry gürleme kyn bolýardy: “selhoznauka”, “gaýragoýulmalydällik”, “hadysanyň düýp esasy”... we beýleki şoňa meňzeşler. ýöne ondan hem külpetlisi, asla çydap bolmajagy, diýeňde ýüregiň bulanýan “geldidaraý”, “gitdidäräý”, “nemesini neme edäýýärdaraý”... ýaly sözlerdi. ýöne alaç ýokdy, gürrüň “oba” adamlary barada barýan wagty, režesýor şolar ýaly sözleri ullanmagy talap edýärdi. -sen “garamaýak” ahyry!-diýip, ol düşündirýärdi. –ýönekeý adamlar nähili gürleýärler? haýsydyr bir “neme nemäýewiçleri” diýmeli bolanda, feodoryň göwnüne şol nutuklar onuň gözüniň öňünde gaýmalaýan ýalydy, birden ters aýdaýmaýyn, dilime gelmän durmasyn diýip, öňünden köp gaýtalaýardy, diýmeli wagty gelende welin, dişiniň arasyndan syzdyryp, zordan pyşyrdap aýdýardy, soňundan bolsa gyzarýardy. utanjyna ýere giräýjek bolýardy. -togtaň!-diýip, režisýor gaharyna ýerinden turýardy-da, ellerini galgadyp, gygyryp başlady—men näme diýeniňi eşidemok. düşünip hem bolanoga, diýýän sözleriňe! ýene bir gezek gaýtalaýarys. hany, işjeň bolalyň! -bolup bilemok,-diýip, feodor aýtdy. -näme üçin bolup bileňok? -bir topar gelşiksiz sözler. kim şolar ýaly gürleýär? -ynha, seret ahwetin! eý hudaýym!..—režisýor ýerinden towsa galdy-da, pýesany onuň göni ýüzüne tutdy—görýärmiň? şu ýerde nähili diýilýär? görseň, senden akylly adam ýazandyr muny. “kim şolar ýaly diýýär”... bu çeper obraz ahwetin! artist bolaýşyňy!.. feodor şular ýaly şowsuzlyga uçranda gynanýardy: içine salýardy, keýpi bolmaýardy, şonuň üçin gündizlerine demir ussahanasynda işlände kasty bar ýaly, agyr çekiji bilen aldygyna demir ýençýärdi, agşamlaryna bolsa ýene-de kluba repetisiýa barýardy. bu günler ýakynda garaşylýan raýonara çeper höwesjeňleriň gözden geçirilişine taýynlyk görülýärdi. režisýor pyrlanpaç ýaly sahnada iki ýana çarpynýardy, dürli “çeper obrazlary” nähili oýnamalydygyny görkezýärdi. -onuň ýaly däl ahyry!.. munuň bolup ýörşüni!-diýip, ol feodoryň ýanyna ylgap geldi.—ynanmaýaryn! ynha seret.—ol kellesindäki papagyny gözüne çenli çümdürip, ellerini jübülerine saldy-da, edepsiz ýörüýşini edip“kolhoz başlygynyň kabinetine” girdi. ol duran ýerinde ýüzi manysyz, seýrek gabat gelýän tünt adama öwrüldi. -“bize, ýagny obaň ýaşlaryna, iwan petrowiç, klubyň gerekligi örän möhüm... düşünýäňmidaraý?.. töwerekde duranlaryň barysy gülüşdiler, olar režisýora gözügidijilik bilen seretdiler. edil özi boldy! feodoryň bolsa bir zatdan göwni galan ýaly boldy, ony lapykeçlik gurşap aldy. režisýoryň “ýasan” obrazy dogrudan hem gülkünçdi, ýöne dogry däldi. feodor diňe şolar ýaly sözleri diýip bilmeýärdi. režisýor bolsa döreden obrazynyň töwerege ýetiren täsirine örän hoşal boldy, ýöne syr bildirmän işjeň äheňini ýitirmän: -çen bilen şular ýaly, gardaş. özüňçe edip bilersiň. maňa öýkünmek hökman däl. ýöne maňa umumy çeper şekil möhüm. düşünýärmiň?—diýdi. režesýor şu gezekgi gözden geçirişde, özüniň zehinini, ähli ukybyny orta goýmakçydy. raýonda ony örän zehinli hasap edýärdiler. feodor bolsa, bolgusyz hokgalary üçin, onuň maňlaýyna beräýesi gelýärdi, asla ony bu ýerden zyňaýasy gelýärdi. ol her-hal özüçe oýnamaga çalyşýardy. feodor maý tapyp assrynlyk bilen, oňa tarap ümläp zeýrenýän režesýora gözüni aýlady. ol bialaç, “näme diýjegimi bilemok” diýýän terzde ellerini gerýärdi. feodor dişini gysdy, çydady, we “bolýadaraý” diýdi, ýöne muňa hiç kim gülmedi. pýesadaň dowamynda, feodor, kolhoz başlygynyň huzuryna gelip, bu tüýs býurokradyň, süýrnjeňiň ýüzüne durup, obada klubuň gurluşygyna başlamagy talap etmelidi. pýesany ýerli awtor ýazypdyr, ol durmuşy bilýänden bolup, eseri her dürli “hawa daraý”, “otak”, “butak” ýaly “ýönekeý” sözlerden doldurupdyr, bu sözler sahnada ertirden agşama çenli ýaňlanýardy. hakykatda feodoryň roly boş gepli, iň soňunda hiç zatsyz yzyna gaýdýan naýynjar, arzaçy adamy suratlandyrýardy. feodor özi şol adamy ýigrenýärdi. ahyry iň “gorkuly”, gözden geçiriliş güni gelip ýetdi. klubyň içi adamdan hyryn-dykyndy. öňki hatarda mandat komissiýasy otyrdy. režessior repetisiýa geçirilýän otagda artistlere ýalbarýardy: -meniň gadyrdanlarym, alada etmäň! hemmesi gowy bolar... ynha görersiňiz: meniň aýdyşym ýaly bolar. feodor bir çüňkde çilim çekip otyrdy. oýun başlamagynyň öňüsyrasy režisseor onuň ýanyna ylgap geldi: -öňki dawwalarymyzy ýatdan çykaraly... ýalbarýan: gatyrak. senden başga talap ýok... -ugrasanaý!.. –diýip feodor onuň üstüne dazaryldy. ol bu naýynsabyň galplygyna indi çydap biljek däldi. soňky döwür ony görenden jyny atlanýardy. režisýor onuň ýüzüne hatarly seretdi-de, ylgap beýleki artistleriň ýanyna bardy. feodor onuň “...men indi halys çydamok...”, diýýän sözlerini eşitdi. her gezek sahna çykanda, feodor özüni erbet duýýardy, edil uly jara gaçan ýalydy. ol hatda ýüreginiň urşuny hem eşidýärdi. onuň öz-özüne nebisi agyrýardy. bu gün hem gapynyň aňyrsynda “başlamaly” diýen söze garaşyp oturan feodor, ýüreginiň çalt-çaltdan urup başlanyny duýdy. ol soňky pursatda, režisýoryň aljyraňly ýüzüni görüp galdy. ol “gatyrak gürle” diýýän terzde, allygyna dodaklaryny görkezýärdi. onuň elewräp durşuny görüp, feodor birden-kä köşeşdi, gorkusy bir ýerlere gaýyp bolan ýaly boldy, arkaýyn ýagty sahna gadam basdy. onuň öňünde saçy düşen, býurokrat kolhoz başlygy otyrdy. pýesa boýunça feodoryň birinji sözleri “iwan petrowiç, salam. men klubyň gurluşygy dogrusynda gürleşmäge geldim, hmm... düşüniň, iwan petrowiç, biziň obamyzyň ýaşlary...” onuň bu sözlerine, iwan petrowiç, telefonyň trubkasyny taşlap, onuň üstüne gygyrmalydy: “meniň sisiň klubuňuzdan başga işim ýokmy? ekiş kompaniýasy gijä galyp barýar!”. feodor başlygyň garşysyna bardy, stulda oturdy we pessejik sesi bilen: -haçan klub bolýar?-diýip sorady. yşaratçy öz budkasyndan bar yhlasyny jemläp pyşyrdap başlady: -“iwan petrowiç salam! iwan petrowiç, salam! men siziň ýanyňyza klub üçin...” feodor diýýärmiň hem diýmedi. -men senden haçan klub bolýar diýip soraýan?-diýip, ol garşysynda oturan “kolhoz başlygyň” ýüzüne dogry seredip, garaşylmadyk sorag bilen ony aljyratdy. -bolan wagty bolarda how...-diýip ol ör-gökden geldi, töweregine garanjaklady.—kluba el ýetmeýär ahwetin häzir. -ol nähili eliň ýetmeýärmiş seniň? -ol nähili!.. şol hili. saňa näme boldaý? bolduň meniň başyma, nuh eýýamynyň adamsy—ol hem “näme bolsa, şol bolsuna” urdy. -kim-ow sen, gelip menden klub sorar ýaly—klubsyz hem ýaşarsyň. feodor agyr ellerini başlygyň kagyzlarynyň üstünde goýup, onuň ýüzüne abandy. -klub bolýarmy, ýa-da ýok?! -gygyrma meň üstüme! menem gygyryp bilýän. “biziň komsomol ýygnagymyz teklip edýär... biziň komsomol ýygnagymyz teklip edýär...” diýip, yşaratçy umydyny ýitirip yzly-yzlyna gaýtalap başlady. -diňle meni...-feodor ýerinden turdy.—eger-de siz, bize mundan beýläk, klubsyz, köneçe ýaşar öýütseňiz, onda ýalňyşýarsyňyz! başa barmaz!—bu gezek feodoryň sesi batly we düşnükli çykdy.—berk ýadyňyzda saklaň, başlyk! özüňiz heleýler bilen pejiň üstünde bulaşyp ýatyp bilersiňiz, ýöne bize klub gurup bermeli bolarsyňyz. gije-gündiz işläp, gara derimizi döküp, indi bir kluba mynasyp dälmi biz? ondan ötri kitaphana-da gerek bize! kagyz ýüzünde “gurarys” diýen bolup, boş söz bilen başdan sowmaga endik eden adam diýerler size. kagyzlaryňyzy hem göresim gelenok, kelesaňam bolup ýaşasym gelenok! yşaratçy işini ýadyndan çykaryp, wakanyň dowamyna gyzyklanma bilen garaşmaga oturdy. rejissýor iki bükülip, kellesini tutdy. -seniň gykylygyň näme how—diýip “başlyk” feodory badyny aljak boldy, ýöne indi ol sakladarly däldi. feodor “başlyga” sen diýip ýüzlenenini özi hem duýmady. -garga ýaly bolup mysalaň gursyn... otyrsyň gözüňi çakgyň çüýi ýaly edip. bir wagt bolmaly zatlar, häzir hem bitenok... köne sandyk diýsäninim! näme ýeriň-gögüň diregimi sen.., bir apbasa-da degeňok, biler bolsaň. arzan köke ýaly, özüňi gerekledenem bolýaň. edil bolmadyk ýaly ederin, klub gurmasaň!.. feodor kabinetde iki ýana at salýardy. ol güýçli, özüne göwni ýetýän, bet adama öwrüldi. indi onuň öňünde adam durup biljek däldi. tomaşa edýän adamlaryň biriniň hem demi çykmaýardy, zalyň içi dym-dyryslykdy. -meniň sözlerimi ýadyňda sakla: klub gurup başlamasaň, raýona giderin, welaýata giderin... owarraň öýüne-de giderin gerek bolsa, ýöne saňa gün bermerin, edip bilen ýamanlygymy ederin. -güm bol şu ýerden!-diýip “başlyk” ahyry ýaryldy. -klub bolýarmy, ýa-da ýok? “başlyk” näme etjegini bilmän aljyrap otyrdy: feodor, klub gurup bermeseň şu ýerden gitjege meňzänokdy. -bolýar, men pikir edeýin. -ertir pikir edersiň. häzir klub bolýarmy, ýada ýok? -bolýar. -neme bolýar? -bolýar, men size klub gurup bererin. sen asla, näme işleýärsiň?..- “başlyk” gyssanjyna töweregine göz aýlady: ol düşen gününden çykalga gözläp, režesýory gözledi. zaldaky oýuna tomaşa edip oturanlar gülüşip başladylar. -ynha, munyň başga gürrüň. elmydama şunuň ýaly jogap ber.- feodor ýerinden turdy-da, sahnadan ýöneldi,- klub üçin taňry ýalkasyn! özüň hem sag bol. zaldaky öturanlar çapak çalyp başladylar. feodor adamyň ýüzüne seretmän, artistler otagyna bardy-da, eşiklerini çalyşmaga durdy. -seniň edäýen zadyň näme?- diýip, režisýor ýüzüni çym-gyzyl edip, ylgap onuň ýanyna geldi. -näme? seniň diýeniň bolmadymy? zyýany ýok... . hany, şu ýerden çyk, men balagymy çalyşjak. men senden utanýan. feodor eşiklerini çalyşyp, işige ýöneldi, hoşlaşýan ýaly, gapyny bar güýji bilen ýapdy. ol sungatdan arany açmagy ýüregine düwüpdi. üç günden gözden geçirilişiň netijeleri aýan edildi: welaýatyň ýigrimi raýonlarynyň çeper höwesjeňleriniň arasynda, birinji oruna demiçi feodor graý eýe boldy. -beh-e... belki, ýene-de bir ýerlerde feodor graý bardyr?-diýip, feodoryň kakasy şühbelendi. -ýok. feodor graý meniň bir özüm.-diýip, feodor ýuwaşlyk bilen jogap berdi we gyzardy.—belki, ýene-de biri bar bolmagy mümkin... bilemok. terjime eden kakamyrat geldiýew.

Köneler, rejepguwaja tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir