güýz günleri tüweleý turanda, agaçlardan ýapraklary we gargalary gaýdyryp goýberýär. ýeliň güýjine gargadyr ýapraklar, kowalaşdym oýnaýan deý, bir salym howada gaýmalaşýarlar. soňra gargalar täzeden agaja gonýarlar, ýapraklar bolsa üçeklere, melleklere dökülüp, ol ýerleriň ýüzüni örtýärler. ýalaňaç agaçlaryň şahalary gargalar üçin birahat görünýär, olary darykdyrýar. ýöne gargalar beýleki guşlar bilen başga ýerlere uçup gitmezler, sebäbi bu ýerler bilen örän ysnyşypdyrlar. olar töweregiň her bir agajyna belet, üçeklerden zoňňarylyşyp çykýan uzyn, ýyljajyk turbalary bilýärler, gyşyň sowuk günleri ol ýerde ýylynyp bolýar ahyryn terjime eden kakamyrat geldiýew