Türkmenistan halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň mundan beýläkde ýokarlandyrmaga gönükdirilen özgertmeleri okgunly durmuşa geçirmek bilen bir hatarda, adam hukuklary boýunça ählumumy ykrar edilen halkara ýörelgeleri we kadalary ileri tutup, milli kanunçylygy kämilleşdirmek, bu ugurdaky halkara guramalary bilen hyzatdaşlygy has-da ösdürmek boýunça netijeli işleri alyp barýar. Ýurdumyzyň Esasy Kanuny bolan Konstitusiýada “Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasy adamdyr” diýen belent ynsanperwer kadasy “Döwlet adam üçindir!” diýen kada bilen utgaşyp hereket edýän düzgün-ýol ýörelgedir. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly: “Adamyň we raýatyň hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň esaslaryny we borçlaryny kesgitleýän kadalar Konstitusiýada giňden beýan edilýär.” Türkmenistanyň Konstitusiýasy her bir adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny kepillendirýär. Umumy ykrar edilen halkara kadalaryny, ata-babalarymyzyň belent ynsanperwerlik mirasyny, däp-dessurlaryny, adatlaryny, türkmen halkynyň belent ruhy sütünlerini, demokratiýany, kanunyň hökmürowandygyny nazara alýan Konstisusiýa adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilişini berkitmegiň esasyny emele getirýär. Türkmenistanyň Prezideniniň 2016-njy ýylyň 2-nji fewralynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça Konstitusion toparyň nobatdaky mejlisinde eden çykyşynda ýurdumyzyň Esasy Kanuny bolan Konstitusiýany kämilleşdirmegiň, döwrebaplaşdyrmagyň ileri tutulýan ugurlary barada çuňňur many-mazmunly garaýyşlary beýan etdi. Konstisusiýany kämilleşdirmek ugrunda alnyp barylýan işler bilen bir hatarda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 15-nji ýanwaryndaky Karary bilen “Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2016-2020-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasynyň” tassyklanylmagy ýurdumyzda amala aşyrylýan ynsanperwer syýasatynyň toplumlaýyn häsiýete eýedigini we adam bähbitlerine, adam mertebesini sarpalamaga gönükdirilendigini subut edýän mysallaryň biridir. 2016-njy ýylyň 12-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen geçiren duşuşygynda eden taryhy çykyşynda hem ýurdumyzda demokratiýany ösdürmek, döwletimiziň adam hukuklary babatdaky halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek bilen bagly möhüm işleriň alnyp barylýandygyny bellemek bilen, bu ugurda alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etmelidigini aýratyn nygtady. Hormatly Prezidentimiz bu çykyşynda şeýle diýdi: “Häzirki döwürde Esasy Kanunymyzy kämilleşdirmek bilen bir hatarda, “Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil hakyndaky” Kanunyň taslamasyny taýýarlamak möhüm wezipe bolup durýar. Şoňa görä-de, Mejlisiň deputatlary bu ugurda geçirilýän işleri şu ýyl tamamlamak üçin zerur çäreleri görmeli. Şeýle hem halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, adam söwdasyna garşy göreş babatda milli kanunçylyga zerur bolan üýtgetmeleri girizmeli”. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň raýatlarynyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak ugrunda köp işleriň durmuşa geçirilýändigi bellärliklidir. 2015-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Mejlisiniň V çagyrylyşynyň deputatlary bilen geçiren duşuşygynda ýurdumyzda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň bellenmegi Konstitusion tertipde berkidilmegi baradaky teklibi öňe sürdi. Munuň özi döwlet bilen raýatlaryň arasyndaky gatnaşyklarda adaladyň üpjün edilmeginde täze derejäni şertlendirer. Ombudsmen instituty beýleki ösen döwletlerdäki ýaly, Türkmenistanda raýatlaryň erk-isleglerini erkin beýan etmegine, olaryň hal-ýagdaýyny giňişleýin öwrenmek hem-de erk-isleglerini seljermegine, şeýle hem bu babatda halkara ölçeglerine laýyk gelýän milli kanunlary kabul etmegine we olary kämilleşdirmäge ýardam berer. Galyberse-de, Ombudsmen instituty döwletimizde adam hukugynda demokratiýanyň we amallarynyň täze ulgamyny döreder. Halkara resminamalarynda beýan edilen adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň Türkmenistanyň Esasy Kanuny bolan Konstitusiýanyň rejelenen görnüşindäki taslamasynda göz öňünde tutulmagy – bu Konstitusion taglymatynyň dabaralanmagy, hukuk ulgamynyň kämilleşmegi we milli kanunçylygymyzyň döwrebaplaşmagydyr.