http://line.me/ti/p/%40cgt8960e
Kerim agany ýatlap. Ilmyrat Nowaly
-
herchemenden
8 years ago
- Admin! Haýyş edýän. Jogapdaky goşgyny tema geçirip, jogaby pozaýyňda!
-
herchemenden
8 years ago
- Her gezek bulaşyp ýörün.
herchemenden 8 years ago- Ilmyrat Pudakow (Nowaly)
Kerimi ýatlap 1992ý
Gökdepe galasy. Geçsem sagyndan,
Ýollar-da Kerimi menden sorady.
Göýä kanal daşyp hana-çäginden,
Siller-de Kerimi menden sorady.
Göbek gany daman oba Ýylgynly,
Käriz ýok, oba ýok, göýä çöl indi.
Ýeke tut, ýylgynlar otyr solgunly,
Tallar-da Kerimi menden sorady.
Ýalňyz şahyr ogluň şahyr pederi,
Gumhanaly piliň bilnip gadyry,
Ýer depen, suw tutan kän döküp deri,
Peller-de Kerimi menden sorady.
Şahyra ölme ýok Ýeriň ýüzünde,
Çyn güle solma ýok Zemin ýüzünde,
Ummanlara guwwas deýin ýüzende,
Sallar-da Kerimi menden sorady.
Ilmyrat Nowaly, dek dört ýyl bäri,
Paýtagtda öriň daralan ýaly,
Köpetdagyň sergin, mahmal şemaly,
Ýeller-de Kerimi menden sorady.
Line akkaund: http://line.me/ti/p/%40cgt8960e
ID: @cgt8960e
"Her çemenden, bir gunça"