Mugallym: — Näme üçin, horaz her gün irden oýanan badyna bir aýagyny ýokaryk galdyryp durýar? — diýip soranda, okuwçylaryň biri: — Sebäbi ol iki aýagynam birden galdyrsa ýykylardy - diýip jogap beripdir. * * * Mugallym okuwçydan: — Sen özdoglan günüňi bilýärmiň? — diýip soranda, ol: — Men ony takyk bilemok,ýöne ejem hemişe: «Sen pagta ýygylýan döwri dünýä indiň, seniň agaň senden iki ýaş uludyr» diýýär—diýiр jogaр beripdir. * * * — Eje, sen nirede doguldyň? — Moskwada, gyzym. —А kakam nirede doguldy? — Kiýewde. — Men nirede doguldym? — Sen Sankt-Peterburgda. — Geň galaýmaly, biziň her birimiz ýry-aýry şäherlerde doglupdyrys. Ýöne biz nädip bir maşgala bolup bildikkäk? * * * Ejesi gyzyna: — Gyzym, sen ulugyz bolupsyň, ýöne öýe ýeke girmäge gorkýarsyň. Gyzy: — Ýok, eje, men gorkmaýaryn. Gel ikimiz öýe bile gireli. Şonda sen meniň hiç zatdan gorkmaýanymy bilersiň. * * * Kakasy kütek päki bilen oglunyň açyny syrypdyr. Päkiniň kütekligi sebäpli oglan aglaman zordan saklanypdyr. Şol wagt ol sygryň molaýandygyny eşidipdirde, kakasyna: — Kаkа, näme, sygryňam saçyny syrýarlarmy? —diýip, sowal beripdir. * * * Gyzjagaz jorasyna: — Seniň iki sany pişigiň bar. Olaryň birini maňa sowgat beräý —diýeninde, jorasy: — Men olaryň haýsysyny saňa bereýin? —diýipdir. Gyzjagaz: — Eger mümkin bolsa, sen maňa olaryň agyny beräý—diýipdir. Jorasy: — Aý, ýok. Men аk pişigi özüm gowy görýärin —diýeninde, gyzjagaz: — Onda sen maňa gara pişigiňi beräý — diýipdir. Gyzjagaz az-kem oýlanyp: — Men ony saňa höwes bilen bererdim. Ýöne ejem: «Özüňe ýaramaýan zady özgelere bermegin!» diýip tabşyrdy—diýipdir.