Sambo boýunça Aziýa çempionatyny Aşgabat şäherinde Sambo boýunça ulularyň, ýalaryň we ýetginjekleriň arasynda Aziýanyň çempionaty geçirilýändiginden habarlysyňyz. Bu Aziada-2017-niň synag ýaryşlarynyň biri hökmünde paýtagtymyzyň täze, döwrebap we iň bir gelim-gidimli merkezleriniň birine öwrüljek Olimpiýa şäherjiginiň Başa-baş söweş sporty binasynda geçirilýär. Ýaryş maý aýynyň 27-sine başlandy. Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherjiginde 2017-nji ýylda “Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa Oýunlary” geçiriler. Gerimi we ähmiýeti taýdan görlüp-eşidilmedik bu taslamanyň başlangyjyny hormatly Prezidentimiž Gurbanguly Berdimuhamedowyň özi goýdy. Ýapyk sport desgalarynda oňaýly şertleriň döredilmegi we olaryň ýöriteleşdirilen enjamlar bilen üpjün edilmegi halkara kadalara we sport tehnologiýasynyň talaplaryna laýyklykda türgenleşikleri we ýaryşlary, oýunlary tutuş ýylyň dowamynda geçirmäge mümkinçilik berär. *** Synag ýaryşlarynyň biri hökmünde bolansoň, megerem, bu ýerdäki her bir hereket, çäre köp adamlaryň üns merkezinde bolup durýar. Bu ugurlardan ýörite hünärmen bolmasagam, bu çempionatyň geçirilişine özbboluşly baha beresimiz gelýär. Guramaçylyk taýyndan alanyňda, tüweleme, biziň halkymyz soňky ýyllarda halkara derejeli sport çärelerini, medeni çäreleri we syýasy çäreleri geçirmäge juda ökdeledi. Bu örän guwandyryjy ýagdaý. Her tomaşaçynyň ýa-da metbugat wekilleriniň, myhmanlaryň oturmaly orunlary belli edilen. Meýletinçiler gerekli maglumatlar we kömekler bilen üpjün edýärler. Şonuň üçinem bu ýerde azaşjak gümanyň ýok. Ýogsam, kaşaň binanyň içinde barmaly ýeriňi bir özüň tapmaly bolsaň, belki-de, az-kem emgenip ýa eglenip tapardyk. Meýletinçileriň milli nagyşly sport lybaslary bilen üpjün edilmegi hasda göwnüňi göterýär. Olaryň geýýän lybaslarynda hem sport äheňi bar, hem milli ruhuň äheňi bar. Ikisinem sazlaşykly berip bilipdirler. Tüweleme, sport eşikleriniň bezeg-zynat (dizaýn) işlerini kim kesgitlän bolsa, örän ýerine düşüpdir diýip hasap edýärin. Arassaçlygyna söz ýok. Düzgün-tertip doly berjaý edilýär, şonuň bilen birlikde öz ildeşlerimizi şowhun bilen goldamagy hem unutmaýarys. Metbugat wekilleri üçinem ähli amatly şertler üpjün edilipdir. Wi-Fi gowy işläp dur. Ýogsa-da, bu sport toplumyndaky wi-fi tizligi hakda hem belläp geçesim gelýär. Aşgabat şäherindäki we ýerlerdäki internet-kafelerinde 2mbit/sek tizlikde işläp bolýandyr. Bu ýerde wi-fi internet tizligi 24-48mbit/sek görkezýär. Anyklap aýtsak, ýerlerdäki internetden käte 12, köolenç 24 esse tiz işleýär. Begendirýän pursatlar örän köp. Türkmen türgenleri gowy çykyş edýär. Bir tanşym, her bir janly zady, hereketi telewizorda däl-de, hut öz bolýan ýerinde tomaşa etseň, has täsirli bolýar diýipdi. Sahna oýunlaryny telewizorda däl-de, teatryň özünde, sport oýunlaryny hem ekran başynda däl-de, şunuň ýaly sport desgasynda synlamak has gyzykly ekeni. Öz türgenlerimizi goldap, sykylyk atyp, çapak çalyp goldaýarys. Ýöne, arasynda eminleriň göz-görtele herketlerinden nägile bolan tomaşaçylaryň güwwüldisem ýaňlanman duranok. Beýle waka dünýäniň ähli ýerinde, hemme ýaryşlarda hem bolýan zat. Bir türkmen türgeniniň 6:1 edip utup durka, gyrgyzyň jögüligi sebäpli ýeňildi diýilmegine tutus zal nägilelik bildirdi. Bir çal saçly emin bar ekeni, oýuna jogap berýän emin däl-de, stolda oturan eminleriň biri, belki ýolbaşçysydyr, hiç jynym almady. Hatda öz trenerlerimiz hem nägilelik bildirdi, emma türkmen ýigidini göz-görtele ýeňliş berdiler. Dogry, bir tutarygy bardyr, biz bilýän däldiris, ýöne beýleki eminler, trenerler gaýta-gaýta wideo ýazgysyny synlap, subut etjek boldular, ýöne, başyna çal sepelän ol ýaşuly hiç kimi diňlemedi. Muňa garamazdan, türkmen türgenleri ildeşlerimizi begendirmegi dowam edýärler. Türkmen türgenleriniň ýeňişli ýollary dowamat-dowam bolsun. Şeýle sport baýramçylygyna tomaşa etmäge döredilen mümkinçilikler, şertler üçin Milli Liderimize bolan alkyşymyzyň, begenjimiziň, buýsanjymyzyň çägi ýok. Bu hakyky sungatyň içine girip ýaşamak ýaly juda täsirli zat ekeni. Geliň, şatlykly pursatlara bilelikde şärik bolalyň!
Sport we sungat baýramçylygy
-
Sahypa
8 years ago
- Harp ýalňyşlaryma gabat gelersiňiz, menem soňundan gördüm, ýöne nädip düzeltmelisini bilmedim. Ýalňyşlarymam, pikirlerim hem özümiňkidir. KImdir biriniň garaýşy bilen gapat gelmezligi mümkin.
Sahypa 8 years ago- Harp ýalňyşlaryma gabat gelersiňiz, menem soňundan gördüm, ýöne nädip düzeltmelisini bilmedim. Ýalňyşlarymam, pikirlerim hem özümiňkidir. KImdir biriniň garaýşy bilen gapat gelmezligi mümkin.