men köp wagtdan bäri kinoteatrda bolmandym, şonuň üçün şu günkü güne sabyrsyzlyk bilen garaşypdym. ahyry bu güne-de ýetdik, ýöne mende buýsanç ýok, yhlas galmady: meniň pulum ýok, men ony ýitirdim. men jübülerimi barlaşdyrdym, jaýyň basgançaklaryny gözleşdirdim, howlymyzy derwezä çenli aýlanyp çykdym. hiç ýerde ýok. jübümden ýaglygymy çykaramda, atdanlykda gaçyran bolaýmaýyn? men şu gün, dynç güni hökman kino girerin diýip ynanypdym. meniň bir hepdeläp ökjäm ýere degmedi. men kino gitmeli günümüň säherine begendim. ýol bilen gitjegime-de. kassa boýnumy uzadyp, petek aljagyma-da. hat-da petegiň übtügüni ýyrtyp elime berenlerinde hem meniň bagtym daş ýarjakdy. hemmesi gutardy. töweregiň jaýlary garradylar, büküldüler, biziň elimiz bilen ýasan turnigimiz ýalňyz, tenha halda durdy. meni gussa gurşap aldy, dünýäm daralyp gamgynlygyň derdinden nirä maňlaýymy direjegimi bilmedim. ýanaşyk alkymyňda bolsa hiç zat bolmadyk ýaly uly sesi bilen tramwaýlar geçýärdi, ýeňil maşynlar at salýardy. ýekşenbe şäheriň adamlary giň trotuary doldurup, iki ýana haýdaýardylar. hemmelerde şatlyk bilen şowhun, olar gülüşýärdiler, degişýärdiler. adamlar gyssanmaçdylar. biri- biriniň öňüne geçýärdiler, biri- birine ýol berýärdiler. ylgaşlap ýoldan geçýärdiler. meniň göwnüme olaryň hemmesi kino görmäge gyssanýardylar... men ep-esli wagtlap howlyň daşyndaky şagalaňa seredip durdum, soňra bolsa derwezeden ätledim-de hemmeler bilen kinoteatra tarap gadam basdym. ýöräp barýan trotuarym maňa tanyşdy, mähribandy, iki tarapynyň agaçlaryna, üçekli jaýlaryna seredip perişan begenýärdim: men kino barýaryn. uzakdan çüňkde, kinoteatryň girelgesiniň ýokarsynda asylyp goýulan ullakan asma sagat göründi, ýene birnäçe ädimden asfalt düşelen meýdançaň gyrasyny eýelän dükanjyklar göründi. kinoteatryň gapysynyň agzy adamlydy. ululy- kiçili oglandyr gyzlary, giň işik gujak açyp garşy alýan ýalydy. gapdaldaky diwarda bolsa parlap duran afişa asyp goýupdurlar. onuň ýumşak, dürs ýüzündäki deňiz tolkunlarynyň arasyndan tymsal bolup görünýän ak ýelkenli gämini, uzakdan saýgaryp bolýardy. men afişaň ýanyna ylgap bardym we doňup galdym. zümmer deý açyk suwuň ýüzünde, altyn harplar bilen “hazynalar adasy” diýilen ýazgy öwüşgün atýardy. deňiz tolkunlarynyň okgunly zarbasyna döz gerlmeýän deý harplar, bir ýanýardy, bir öçýärdi. men deňize, gämä, harplara jadylanan ýaly seredýärdim. “hazynalar adasy”... “hazynalar adasy”... eger çynym, men kitapçany okadym! hawwa,hawwa! deňiz garakçylary barada! şol bir zat bolaýsa?! aý ýo-ga! men has ýakyn bardym, epgege garalyp giden ýüzler, gulaklaryndaky ýumruk ýaly agyr halkalar, kellelerindäki oralyp daňylan ýaglyklar. hiýç hili şübhe galmady- ikiuçsyz deňiz garakçylary... “indi bolsa öýüňe gaýyt,- diýip men özüme igendim – gördüňmi, bessir... indi seniň bu ýerde işiň ýok. bu zatlar seniň üçün däl...” men ýene bir salym durdum we yzyma öwürüldim. eýläňden beýläňden adamlar geçýärdi. olar afişaň ýanynda durup göz gezdirýärdiler. soňundan “hazynalar adasy”. ýagşy film bolsa gerek”. “hawwa!- diýip gygyrasym geldi.- örän ajaýyp film. örän ýakymly film! ýöne men... men ony görüp bilmerin...” “ýöre, ýöre,- diýip men özümi itenekledim,- seni hiç kim çagyrmaýar. öýňüze gaýyt... ol ýerde saňa poslap giden tienigiň garaşýar. ýokarrak bökseň eliň hem ýetmegi ahmal.” emma men gidip bilmedim. petek satylýan ýeriň gudraty bar ýaly özüne çekdi durdy. men çekinjeňlik bilen daş basgançaklardan ädimläp başladym we gapysyndan girdim... adamlar gyssanyp kassaň agzynda nobata durýardylar. men hem nobatyň yzyny eýeledim... örän tiz wagtdan meniň hem yzymdan nobaty eýelediler. onda meniň hem kino girjegime ynanýan bar-ow. şeýlelikde biziň hemmämiz bagtly ýaýkanyşyp kassa tarap herekede başladyk. haçanda niredendir bir ýerden çykan hüžžük oglanjyk nobata durman kassaň agzyna baranda oňa käýýediler, şonda men hem ýuwaşlyk bilen: -nobatyňa dur... biziň hemmämiz hem gyssanmaç...-diýdim. nobat tiz-tizden külterläp başlady, kassa ýakynlaşdykça adamlaň sesi gaty we aýdyň eşidilip başlady: “haýyşt edýärin, maňa on bäşinji hatardan... merhemet ediň, dokuzunjy hatardan...” “men näçinji hatardan alsamkam?- diýip men pikir etdim.- onunjy? ýok, daş bolar. gowusy üçünji, ýogsa-da ikinji, ol ýerden maňa gowy görüner. ýöne şowuna düşse, iň gowusy birinji-le”. haçan-da arzyly yşgana sähelçe ara galanda, men sessiz hobatyň arasyndan saýlanyp, gabaraly sütünüň aňyrsynda gizlendim. bu ýerde men nobatdakylar petek alyp bolýança garaşdym, diňe şondan soň seresaplylyk bilen kinoteatryň içişigine golaýlaşdym. men bu giň we ýagty zala beletdim, ýöne ol şu günki gelşigi we ýakymy beýleki günleriňkä meňzemeýärdi. ýalpyldap duran diwarlardan, şekilli jäheklere bürelen çarçuwalar asylgydy, agyr akym bilen parketlere tarap mahmal tutular gaýydýardy, zalyň merkezinden bolsa hrustaldan edilen äpet şahaçyra hallan atýardy. ol maňa tarap näbelli adaň altyn hazynasynyň ýalpyldysy deý, özünüň söhlesini seçýärdi. onuň aşagynda adamlar gyssanman gezim edýärdiler. olar daşyndaky adamlara meňzemeýärdiler. olar düýbünden başga adamdylar. olaryň her bir herekedinden pynhan şatlyk öwüsýärdi, haçan-da olar pete-pet gelenlerinde, biri- biri bilen gözleri gürleşýärdi: ”siz hem bu ýerdemidiňiz? örän oňat!..” ynha olar hähili adamdy. men oglanlar bilen iň soňky gezek kino gelişimi ýatladym. biz petek aldyk, içişige girdik, soňra çüňkde, sahna golaý geçip oturduk, witka şişkin bolsa bizi kinodan soň öýüne, küşt oýnamana çagyrdy. birden-kä men elektrik çyralarynyň janyňa ýakymly öçügsi ýagtylygy bilen doldurulan kinozalyň törüne düşesim geldi, çyralaryň haýallyk bilen sönüşüni, sessiz- üýnsiz ekranyň birden-kä açylyp gitmegini göresim geldi. ondan soň bolsa... men assrynlyk bilen petek barlaýan gartaşan aýala seretdim: belki maňa nebisi agyrar? onuň adama ýüregi agyrarly däldi. dogruçul, emläk sakçysy ýaly garry daýzaň deňinden eli peteksiz adam geçip biljek däldi. ol çalasynlyk bilen petekleň übtügüni ýyrtyp alýardy, hem-de gapynyň sebäpsiz ýapylyp duran ikinji ýarymyny yzyna itýärdi. şonda men ýapylyp durmasyn diýip gapyny özüm sakladym. men hem gapy sakladym, hem-de pikir etdim: “meni gören bolsa gerek, ýöne häzir meni goýbermäge onda mümkünçülük ýokdur. ýogsa goýbererdi. örän mähirli we akylly daýza eken. häzir hemmeler geçer welin...” ýöne wagt geçse-de, hiýç zat üýtgemeýärdi. birden bir ýerlerden birnäçe sany oglanjyklar peýda boldylar. olar birsalym gapyň agzynda gaýmalaşdylar, gaty seslseri bilen maslahat etdiler, birdenkä bezzatlaň birisi petekçi daýza tarap okduruldy, işikden sümülüp,zala tarap zummat boldy. beýlekileri begenişip galmagallaşdylar. petekçi aýal onuň yzyndan ylgady, zalda gopgun turdy, adamlaň geňirgenýän sesleri gelýärdi. soň hemme zatlar ýatyşdy, men özümde garjaşykly begenç duýdum: bolsa-da birimize içine geçmek başartdy... birden-kä saz ýaňlanyp başlady /iç- işikdäki orkestr oýnap başlan eken/, saza kybap ýörüýşüni edip bir daýy ýaňkyja garagoluň gulagyndan tutup daşyna alyp barýardy. daýyň ýüzü ýeňiş gazananyň heşellesini kakýardy, oglanjygyňky bolsa tersine- ýowuz lapykeçlikdedi. indi maňa hemmesi tapawutsyz: ýaşyl petekler, şadyýan mähelläň sesi, ak ekran. men öýüme tarap ýönelip ugradym. birden-kä içki gapy açylyp, märeke kino görülýän zala ýöneldi. men ynam bilen garaşdym... bolman-da häzir... birinji jaň. onuň yzy bilen ikinjisi... üçünjisi... hemmesi gutardy. zaldaky çyralar öçürüldi, iç-işik boşap galdy, barlagçy daýza bolsa meniň öň ýanymda gapyny şarkyldadyp ýapdy. haçan-da men deňizi , garakçylaň gämisini, hazynalar adasyny görüp bilmejegime gözümi ýetirenimden soň, tizden-tiz gapdal gapa, adamlaň kino gutaranyndan soň daşyna çykýan tarapyna ylgadym. ylgaşlap ýanyna gelip, göwräm bilen oňa ýaplandym we gulagymy goýup diňlemäge durdum. men umman şüwwüldüsiniň, deňiz çarlagyň sesini, ýelkenleň urunmasyny eşidýärdim. bir ýerlerden deňiz tolkunlarynyň şaggyldysyna garyşyp gidýän adam sesleri eşidilýärdi. deňiz garakçylary bolsa gerek... megerem olar bristoldan çykandyrlar-da, flindiň öz hazynalaryny gömen adasyna tarap barýandyrlar. belki gämide topalaň turjak bolýandyr, ýa-da olar eýýämi ýüzüp gelendirler. ýok, ýok... entäk wagty däl. olar ýetişmeýär... jim çelegiň üstünde oturup, gizlinlik bilen diňläp otyýr öýüdýän... gulak gapdyrjy sesini edip, topuň atylýan sesi geldi we kimdir biriniň gyryljak, gorkunuç sesi zaly doldurdy: -üç müň şeýtan!.. bu silwer! bir aýakly, aýlyganç silwer!.. men ony sesinden tanadym... men gapa tarap has hyjuwly gysmyljyradym, demimi alman diňşirgendim. gapyň insizje yşygyndan sergin şemal ösýärdi. bu şemal deňizden, “hazynalar adasyndan” gelýärdi... terjime eden kakamyrat geldiýew