şu ýyl, çagalar, men kyrk ýaşadym. diýmek, men kyrk ýyllap täze ýyl ýolkasyny görüpdirin. bu örän köp! mümkin, birinji üç ýylym, ýolkaň nämedigine düşünen hem däldirin. ejem meni näz edip, eline alyp çykýan eken. belki şol mahallar men öz garaja gözlerim bilen bezelen ýolka agajyna perwaýsyz seredendirin. haçan-da meniň bäşim dolanda, çagalar, men eýýämi ýolkaň nämedigine örän gowy düşünýärdim. bu şadyýan baýramçylyga, men sabyrsyzlyk bilen garaşýardym. hatda gapyň açar öýjügine gözümi goýup, ejemiň ýolkany bezeýşine syn hem edýärdim. meniň özümden uly gyz doganym lýolýa şol döwürler ýedi ýaşyndady. ol ýaşyna garamazdan, örän dogumly gyzjagazdy. bir gün ol maňa: -minka, ejem aşhana gitdi. ýör ýolkaň duran otagyna gireli-de, ol ýerde nämeleriň bolýanyny göreli--diýdi. biz şeýdip doganjygym bilen otaga girdik. ýnha görseň, bir owadan ýolka dur. ýolkaň astynda bolsa sowgatlar ýaýraşyp ýatyr. ýolkada dürli reňkli topjuklar, baýdajyklar, çyrajyklar, altyn hozlar, kemputlar we krym almalary asyl-asyl boluşyp durdylar. meniň doganjygym lýolýa: -sowgatlara seredip durmaly. gowusy herimiz bir pastilka alaly-da, iýeli--diýdi. ol barşyna ýolkadan bir pastilkany ýolup aldy-da, ýüzüniň ugruna iýip goýberdi. men: -lýolýa, sen bir pastilka iýdiň, şonuň üçin men hem nämedir bir zat iýerin—diýdim we ýolkaň ýanyna baryp asylgy duran almalaryň birinden bir dişlem aldym. lýolýa: -minka, sen almadan bir gezek dişlän bolsaň, men ýene-de bir pastilka iýerin, ýany bilen şu kempudy hem alaryn—diýdi. lýolýaň boýy uzyndy, şonuň üçin elini islän ýerine ýetirip bilýärdi. ol ökjesine galyp, ullakan agzy bilen ikinji pastilkany iýmäge durdy. meniň boýum bolsa çensiz kiçidi. şonuň üçin men pesde asylgy almadan başga hiç zada elim ýetmeýärdi. men: -eger-de sen şeýtan lýolýa, ikinji pastilkany iýen bolsaň, onda men şu duran almany ýene bir gezek dişlärin—diýdim. men ýene-de almany elim bilen saklap, ony bir gezek dişledim. lýolýa: -sen almany ikinji gezek dişlän bolsaň, onda men seniň bilen hetjikleşip durmaryn-da, üçünji pastilkany iýerin we şu paňkyldawajy we altyn hozuň birisini ýadygärlik alaryn—diýdi. şonda men tas möňňüripdim. sebäbi onuň eli hemme ýere ýetýärdi, meniňki bolsa hiç ýerik ýetmeýärdi. onda men oňa: -wah sen şeýtan lýolýa, häzir alagada oturgyja münüp, men hem özüme bir zat alaryn welin, şonda görersiň?—diýdim. şeýdip men öz horaňsy eljagazlarym bilen oturgyjy ýolka tarap çekip başladym. ýöne oturgyç göni meniň üstüme ýykyldy. men ony galdyrmakçy boldum. ýöne ol ýene-de ýykyldy. özi hem göni sowgatlaryň üstüne. lýolka: -minka, sen gurjajygy döwdüň öýüdýän. edil özi. sen gurjajygyň farfordan edilen eljagazyny döwdüň—diýdi. şu ýerde ejemiň ýetip gelýän aýak sesleri eşidildi we biz lýolýa bilen beýleki otaga gaçyp gitdik. lýolýa: -indi minka, sen ejemden gowyja şarpyk iýersiň—diýdi. men möňňürjek boldum. ýöne şol wagt myhmanlar geldiler. olaryň ýany bilen çagalary hem geldiler. ondan soň biziň ejemiz ýolkadaky çyrajyklary ýakdy-da, gapyny açdy we: -hemmäňiz giriň—diýdi. çagalaryň hemmesi ýolkaň duran otagyna girdiler. biziň ejemiz: -indi bolsa, goý her bir çaga meniň ýanyma gelsin, men olaryň her birisine bir oýnawaç bilen kökedir-kemput berjek—diýdi. çagalar ýeke ýekeden biziň ejemiziň ýanyna baryp başladylar. ol hem öz gezeginde çagalaryň her birsine oýnawaç berdi. soňra ýolkadan ýolup, kime kemput, kime alma berip başlady. çagalaryň hemmesi begendiler. soňra ejem hälki meniň dişlän almany eline alyp: -lýolýa bilen minka, meniň ýanyma geliň. ikiňizden haýsyňyz şu almany dişlediňiz?—diýdi. lýolýa: -bu minkanyň işi—diýdi. men lýolýaň saçyndan çekdim-de: -maňa lýolýa öwretdi—diýdim. ejem bolsa: -lýolýany men çüňkde duruzaryn, saňa bolsa tow berilýän otlujygy sowgat bermekçidim. indi bolsa ol otlujygy, men şu almany bermekçi bolan oglanjygyma berjek—diýdi. ejem otlujygy aldy-da, ony dört ýaşlyja oglanjyga berdi. ol şol wagtyň özünde otlujyk bilen oýnamaga durdy. men gaharyma elimdäki oýnawaç bilen onuň eline urdum. ol uly ili bilen möňňürip aglap başlady, ony ejesi şol bada eline aldy-da: -indiden beýläk, men çagam bilen siziň oýňize myhmançylyga gelmerin—diýdi. men bolsa: -gidip bilersiňiz, şonda otlujyk maňa galar—diýdim. ol eje meniň diýen sözlerime haýran galyp: -siziň ogluňyz ulalanda garakçy bolsa gerek—diýdi. şonda ejem meniň elimden tutdy-da, ol ejä: -meniň oglum barada onuň ýaly sözleri diýmäge milt etmäň. gowusy altyn çagajygyňyzy alyňda, ugraň şu ýerden. gaýdyp hem biziň öýmize hiç haçan geläýmäň—diýdi. ol eje hem: -men şonuň ýaly ederin. siziň bilen gatnaşanyňdan, ýandagyň üstünde oturanyň gowy—diýdi. onda, bu dawwa üçünji eje goşuldy, we: -men hem giderin. meniň gyzjagazym, maýyp gürjak sowgat berilmäge mynasyp däldir—diýdi. şonda meniň gyz doganjygym: -siziň hemmäňiz hem öz “altyn” çagajygyňyz bilen gidip bilersiňiz. şonda eli döwük gurjajyk maňa galar—diýip gygyrdy. men hem ejemiň elinde oturan ýerimden: -asla-da, hemmäňiz gidip bilersiňiz. şonda hemme oýnawaçlar bize galar—diýip gygyrdym. şondan soň ähli myhmanlar dargaşyp başladylar. ejem töweregine seretdi-de, biziň ýeke galanymyza örän geň galdy. birden-kä otaga kakam girdi. ol: -bular ýaly terbiýe meniň çagalarym üçin ýaramaz täsir edýär. men olaryň myhmanlar bilen sögüşip, çagalar bilen uruşyp soňra bolsa olary öýden kowanlaryny islemeýärin. olara bu ýagty jahanda ýaşamak kyn bolar we olar ýalňyzlykda ömrüni otürerler—diýdi. soňra bolsa: -häziriň özünde geçiň-de, ýatyň. oýnawaçlaryň barsyny bolsa, men ertir myhmanlara paýlap çykaryn—diýdi. ynha çagalar, şondan bäri otuz bäş ýyl geçdi, men bolsa häzir hem şol ýolkany şu günki ýaly ýadymda. şol otuz bäş ýylyň dowamynda, çagalar, men bir gezek hem kesekiň almasyny iýmedim, bir gezek hem özümden asgyny urmadym. şonuň üçi lukmanlar maňa şeýle bir şadyýan we mährem diýýärler. terjime eden kakamyrat geldiýew.

Köneler, rejepguwaja tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir