-lipow, ýeriňden tur. ör gökden gelen borka partaň gapyrjagyny galdyryp, gündeligini eline almak üçin portfeline elini uzatdy. ol mugallymyň soragyndan halas bolup bolmajagyny bilýärdi. sapagyň tamamlanmagyna entäk eslije wagt bar bolmaly. ýöne şeýle-de bolsa portfelini dördi,güýmendi. ahyryn gündeligini eline alyp ýerinden turdy. bir salym durup, sapakdan bilýän zadynyň ýokduguny boýun alýan terzde ýüzini sallady. okuwçylar agzybirlik bilen okuw kitaplaryna ýapyşdylar. mugallym endik eden herekedi bilen jurnala ikilik ýazdy, başyny galdyryp beýleki okuwça görkezdi. klasda örän ýuwaş köşeşdiriji şuwwuldy peýda boldy. okuwçylaryň hersi bir zatlara güýmenip başladylar. mugallym bolsa bu zatlary görmeýänden bolup, parta setirleriniň arasyndan aýlanyp ýördi, gürleşýärdi, hatda ýylgyrýardy hem. emma bu ýylgyryş öňki tanyş, janyňa ýakýan ýylgyryş däldi, ondan borka sowukluk öwüsýärdi. onuň göwnine mugallymyň özi hem üýtgän ýaly, ýüziňe erbet seredýän ýalydy. haçanda ol: “ýadadyňyzmy?... ynha bahym dynjyňyzy alarsyňyz”-diýende, borka mugallymyň bu sözlerini özine degişli däl ýaly duýdy. “onsoň-da bolsa bu dynçlygyň nämesi gowy? arakesmedirdä.”- borka gamgynlyk bilen töweregine gözini aýlady. “nämä begenýänlerini özleri-de bilenoklar. serýoža komkow çişip otyr. petka sapožnikow onuň kellesine pitik urupdyr. uranda näme, şondan uly betbagtçylyk ýok ýaly, begendä, diňe pitik ahwetin.” borka pikir öwürip oturşyna mugallymyň ural daglary barada berýän gürrüňlerine üns hem bermändir. ural daglary ýeriň ýüzinden ýitip gidende hem, borkaň oňa pisindi oturjak däl ahwetin. sapakdan soň okuwçylar ýenede koridora döküldiler. borka bir çüňke geçdi: “mugallym gündeligime ikilik goýmagy ýadyndan çykaran bolaýmasyn”. ol haýal etmän gündeligini çykardy, sahypalaryny agdaryp başlady, iň soňky sahypa ýetende haýallady. ýok, ikilik goýulypdyr, onda-da nähilisi goýulypdyr? çyzmyklaryň ikisini eýeläp oturan ullakan ikilik. borka ikilige uzak wagtlap, hyýrsyz seretdi, ony ýok etmäge taýyndy. ikilik bolsa ýeňsesini tüňňerdip, “hany göreli” diýýän terzde çiňňerilip seredýärdi. jaň kakyldy,ýene-de sapak başlady, soň üçünjisi, dördünjisi, bäşinjisi... okuwçylaryň birsini jogaba çagyrdylar, ýene birsine käýediler... ahyry okuw sagatlary tamamlandy, klaslar boşady. köçede hemme zat täsinlik bilen özgeripdir. bir güniň içinde gar üýşmekleri eräp başlapdyr, agaran agaçlar garalypdyr, köçäň hemişeki şowhununa täze sesler goşulupdyr. mekdebiň howlusyndan ylgaşlap çykyp barýarka, borka bu sesleriň erän gar suwundan emele gelen akarýabyň sesidigini aňdy. ol paltosynyň iliklerini ýazdyrdy, ýuwaşlyk bilen trotuwaryň gyrasy bilen, akarýaby syryp ýöräp ugrady. aşakdaky öwrümde, akarýabyň ýalpajyk ýerinde, suwuň ýuwan ulyrajyk daşyna güniň nury düşip ýalpyldap gitdi. borkaň göwnine tomus ýalp edip, öz göwresini görkezen ýaly boldy. ol ýylgyryp, ýüzini güne tarap tutdy, çygly topragyň, agaçlaryň ysyny alýan deý uludan demini aldy. “ynha bahym, örän bahym ýaz kanikuly başlar, üçekleriň üstinden garlary syryp aýyrarlar, trotuarlaň üstindäkiler erär. keçe ädiklere derek aýakgap geýeris. aýagymyz bu täzelige öwrenişermikä? şu gün geýäýmeli öýdýän, howa yssy ahwetin...” borka birden doňup galdy... telpegini eline alyp hyrçyny dişledi... onuň ikiligi bar ahyryn... wah, wah, ol ony nähili ýadyndan çykaryp bildikä? durmuş ýene-de ajysyny pürkip duran tükeniksiz tukatlyga öwrüldi. indi onuň ýagdaýy has-da agraldy, özini ýaramaz duýdy, sebäbi indi gün öz şöhlesini onuň üçin saçmaýardy, akar suwlar onuň üçin akmaýardy. ol ertir sirke gitmekçidi, ol ertir derýanyň buzlarynyň döwülşini synlamaga gitmekçidi. indi borka hiç ýerik gitmez. goý oňa käýesinler, goý ony gulpuň astynda saklasynlar. ol taýyn. hatda bagyşlasalar hem, ol ikiuçsyz köçä çykmaýar, oňa hiç zat gerek däl... pikire batyp gelşine, borka akarýapdan bökdi-de aýagyny erbet agyrtdy. onuň gaýgy hasraty tüýs ýürekden kanagat tapdy. indi boldy...” hemme zat meniň üstimden gaýdyp dur. mugallym yrs arap dur, ikilik goýdy, öýde maňa käýärler, hemmeler oýnar, gezelenç eder, men bolsa penjiräň öňinde oturup olara syn ederin”. ol öýine barman, goňşy howlyň haýatynyň düýbindäki oturgyçda oturdy we täzeden öz gaýgy-hasratly oýuna batdy. köçeden awtoulaglaryň ýakymsyz güwwüldileri gelýärdi, ötegçi adamlaryň ümmüldisi eşidilýärdi. gabat garşysyndaky jaýyň üçeginden erän garlaryň damjalarynyň enaýyja sesleri borkaň gulagyna hoş ýakýardy. damjalara mähir siňenini aňy syzan ýaly onuň gözüne yssy göründi. olary bagryna basasy geldi, olar bilen ertire çenli, ýok, ýok, birigüne çenli bile oturasy geldi. ýöne alaç ýok, öýe gitmeli. borka ümsümlik bilen öýüne girdi, asudalyk bilen otagyna geçiberjek boldy, kakasynyň ýylgyryp duranyny görende welin endamy tisginip gitdi:”ol entäk hiç zat bilýän däldir”. borka paltunyny çykaryp portfelini ýerinde goýdy. –sen näme egin- başyňy çykardyň- diýip kakasy sorady – gezelenç etseň bolmaýarmy, az salym wagtyň bar, bar daşyna. – islämok- diýip ol gysga jogap berdi, soňra oturgyçda oturdy-da, ýakymsyz soraglara garaşyp başlady. ýöne kakasy ejesi bilen mähirlidiler, hoşgöwünli gürrüňler edýärdiler. bulara seredip borkaň kejebesi daraldy, eýgilikden umydyny üzdi. şeýle-de bolsa ol ene- atasynyň ýüzlerine üns berip seredýärdi, öz aralarynda jedelleşip oturan hem bolsalar, olaryň ýüzi rehimlidi. “bir salymdan hemme zat özgerer, hemmesi tersine bolar”. borka olaryň her bir gülimli nazarlaryny gapýardy, tizden- tiz ýüzlerinden hoşniýetlilik ýitip, gahar- gazapdan doljagyna ynanasy gelmeýärdi. ýogsa-da hemmesi öz-özünden düzelmezmikä? “häziriň özünde ýanlaryna baryp ejemi öpsem, kakamy gujaklasam, soňundan ikilik alanymy aýtsam, şonda hiç zat hem bolmaz, olar maňa käýemezlikleri hem ahmal”. ol näme etjegini bilmän ikirjeňledi, ýöne ýene-de bu pikirinden elini çekdi. ejesi öz işleri bilen gümra bolup aşhana girip gitdi. bir özi galan kakasynyň: –sen näme bu gün gamgyn görinýärçiň- diýen soragy borkany aljyratmady. –men gamgyn däl. ýöne pikire batypdyryn ... birden kakasynyň äheňi üýtgedi: -mekdepde näme täzelik. “başlady-ow”. – borýa, sen matematikadan üçlügüňi düzetdiňmi- diýip ejesi aşhanadan gygyrdy. –nähili üçlik alyp ýörsiň- diýip kakasy gürrüňi dowam etdi,- ýagdaý bu durşuna gitse, ikilik almaň daşda däldir ogul-. borka ikigöwünli, “howa” diýýän terzde kellesini bilen ümledi. – öýüňe berilen işleriňi gündeligiňe belläp aldyňmy,- kakasy gyssanman matlabyna golaýlaşýardy. – belledim, hökman belledim...- borka kakasynyň ünsini başga ýana sowmakçy boldy,- bilýärmiň kaka, biz ertir ekskursiýa gidýäris. sapaklar gutarandan soň dessine... özi hem zawoda. –sorap durmasam sen wagty bilen doldyrmaýarsyň- diýip kakasy sözüni dowam etdi. – biz ilki bilen zawoda gitmekçi däldik, soň bolsa gitmeşek etdik,- diýip borka gyssanyp gürrüň berip başlady- sen zawotda bolup görüpmidiň? – hawa, bolup görüpdim,- diýip kakasy borkaň ýüzüne içgin seretdi -şu gün mekdepde senden sapak soradylarmy?... – men entäge çenli zawod diýilýän ýerde bolup görmändim.- diýip ol ýene-de gürrüňi başga ýana sowjak boldy. –seni tagta çagyrdylarmy, jogap ber. şu sözlerden soň borka ýüzüni aşak saldy. –sen näme üçin dymýarsyň- diýip ejesiniň ynjalyksyz sesi eşidildi. borka gyssanman portfelinden gündeligini aldy-da, kakasyna eltip berdi. ynha indi onuň garaşýany gelip ýetdi, kakasy ikiligi görer-de, “bu nä boluş” diýer, goh-galmagal turar. kakasy gündeligi ýapdy-da, borkaň ýüzine dikanlap seretdi. –bu nä boluş- diýip gygyrdy. onuň sesine aşhanadan ejesi çykdy. -bu nä boluş,- bu gezek kakasynyň sesi ýuwaşlyk bilen çykdy. soň üstünden gülýän terzde ýyrşardy: - ýetjek derejäňe ýetipsiň.- diýdi. ol birden ýerinden turdy-da haýdap koridora girip gitdi. bir salymdan eli lyžaly dolanyp geldi, gelişine ony şkafyň arkasynda gizledi. bir ýerlerden “gizlin ada” başdan geçirmeler kitabyny gözläp tapdy we ony hem bir ýerlere gizlemäge alyp gitdi. ol hem gizleýärdi, hem samraýardy: - ýetjek derejesine ýetäýen eken bula... birden hem uly sesi bilen gygyrdy:-ikilikçi... borka dik duran ýerinden gymyldaman diňleýärdi. ahyr soňy kakasy köşeşdi,goňşy otaga çykdy, öýiň içine asudalyk aralaşdy. bir salymdan borka oturgyçda oturdy-da, düýnki satyn alan reňkli galamlarynyň uçlaryny arassalamana durdy. ol galamlarynyň her birsine uç bermek üçin ýiti päkini boldygy-ça işletdi, ýüregi giňäp, her bir herekedinden eşret tapyp başlady. “ahyry bildiler..., bolsa-da bildiler”. az salymdan ol ýerinden turdy-da, assyrynlyk bilen bardy-da, gapyň açar öýjügüne gözüni goýdy. kakasy bir kitapça güýmenip oturan eken. sahypany okap boldy-da kitapçany ýapyp gapdala oklady, soňra oturgyjynyň arkasyna azyrak gaýyşyp ýylgyrdy. borka uludan demini aldy, kakasynyň şadyşowhunlygy özüne geçen ýaly boldy. durmuş örüsini täzeläp başlady... terjime eden rejep guwaja.