bir gezek pawlik kotkany ýany bilen derýa balyk tutmana alyp gitdi. ýöne ol gün olaryň eli gelmedi: balyk asla çeňňege gelmedi. oňa derek, haçan-da öýlerine gelýärkäler, olar kolhozyň bakjasyna girip, jübülerini hyýardan doldurdylar. kolhoz garawuly olary görüp, jürlewügini çaldy. jürlewügiň sesini eşiden dessine, ikisi-de ol ýerden ýazzyny berdiler. ýol ugra pawlik, “häzir jübim hyýarly öýüme barsam, kesekiniň bakjasyna girenimi bilerler-de oňatja temmi bererler” diýip pikir etdi bardy. şonuň üçin bolsa gerek, ol öz hyýarlaryny kotka berdi. kotka öýüne begenip geldi: -eje, men saňa hyýar getirdim! ejesi oňa üns berip seretdi. oglunyň jübilerinde-de, köýneginiň içinde-de hyýardan dolydy, her elinde bolsa bir ullakan hyýar bardy. -sen hyýarlary nireden aldyň? -bakjadan. -ol niräň bakjasy? -derýanyň ýanyndaky, kolhoz bakjasyndan. -saňa kim rugsat berdi? -hiç kim, meniň özüm ýoldum. -onda ogurlyk edipsiň-dä? -ýok, men ogurlamadym, ýöne aldym... pawlige bolýarda, maňa bolmaýarmy näme? şonuň üçin, men hem aldym. kotka jübilerinden hyýarlary çykaryp başlady. -dur, dur! çykarma!—diýip, ejesi ony saklady. -näme üçin? -häziriň özünde yzyna äkit! -nirä yzyna äkideýin? olar joýada ösüp otyrdy, men bolsa olary ýoldym. barybir olar indi ösmeýärler. -zyýany ýok, äkidersiň-de, haýsy joýadan ýolan bolsaň, şol ýerde hem goýarsyň. -ýok, men olary zyňaryn. -ýok, sen olary zyňmarsyň! sen olary ekmediň, ýetişdirmediň, şonuň üçin zyňmaga-da hakyň ýok. kotka aglap başlady: -ol ýerde garawul bar. ol jürlewügini çaldy, biz bolsa gaçdyk. -ynha görýäňmi, siz näme edipsiňiz! eger-de ol sizi tutaýan bolsa näme? -ol biziň yzymyzdan ýetip bilmezdi. ol garryja baba ahyry. - sen näme utanaňokmy!—diýip, ejesi gaharlandy—garry baba ol hyýarlar üçin jogap berýär ahyry. hyýarlaryň ýitenini bilseler, garry babany günäkärlär. şonda gowy bolarmy? ejesi hyýarlary yzyna, kotkaň jübilerine salyp başlady. kotka hem aglaýardy, hem gygyrýardy: -men gitmerin! babanyň tüpeňi bar. ol meni atar. -goý atsyn! goý, ogry oglum bolandan, meniň asla oglum bolmasyn. -eje jan, bile gidäýeli-dä! daşary garaňky. men gorkýaryn. -ogrulyk etmäge gorkmadyňmy? ejesi jübilerine sygmadyk iki sany hyýary onuň ellerine tutdurdy-da, ony gapydan daşyna çykaryp, ugradyp goýberdi. -ýa-ra hyýarlary yzyna äkit, ýa-da düýpden öýden çykyp git, sen meniň oglum däl! kotka öwrüldi-de, ähedem dessem edip ýoldan ýöräp ugrady. garaňky bireýýäm düşüpdi. “häzir bularyň barsyny ganawa oklaryn-da, öýe baryp äkitdim diýip aldaryn” diýip kotka pikir etdi we töweregine garanjaklady. “ýok äkideýin, ýogsa kimdir biri görer, onsoň ýaşula meniň üçin käýärler” diýip ol bu pikirinden el çekdi. ol ýolugra aglap barýardy. oňa gorkunçdy. “pawligiň ýagdaýy gowy!” diýip kotka pikir etdi. “ol öz hyýarlaryny maňa berdi, özi bolsa öýünde otyr. megerem oňa gorkunç däldir”. kotka obadan çykdy-da, atyzlaryň gyrasy bilen ýöräp başlady. töwerekde janly-jemende ýokdy. ol gorkusyna ekerançylyga gelenini hem duýmady. ol garawul çatmanyň deňine saklandy, duran ýerinde aglap başlady, soňa baka gitdigiçe gaty aglady. garawul onuň sesini eşidip, ýanyna geldi. ol: -sen näme aglaýarsyň?—diýip sorady. -baba, men hyýarlary yzyna getirdim. -nämäň hyýarlaryny? -şu günki pawlik bilen ýolan hyýarlarymyzy. ejem ählisini yzyna äkit diýip aýtdy. -gör bu bolýan işlere!—diýip, garawul kellesini ýaýkady—onda, men jürlewügimi çaldym, siz şonda-da hyýardan alyp gaçan ekeniňiz. ol-a bolmandyr! -pawlik aldy welin, men hem aldym. soň ol öz hyýarlarynyň barysyny maňa berdi. -sen pawlige seretmeginiň, bar zada özüň düşünmelisiň. bolýar-da, indiki gezek bular ýaly iş edäýmeginiň. hyýarlary ýerinde goý-da, bar öýüňe gaýt. kotka hyýarlary çykardy-da, joýada goýdy. -hawa, hemmesimi?—diýip ýaşuly sorady. -ýok... birisi ýetenok—diýip, kotka jogap berdi-de, ýene-de aglady. -näme üçin ýetenok, hany ol? -baba, men bir hyýary iýdim. indi näme bolarka? -indi näme bolar diýdiňmi? hiç zat hem bolmaz. iýseň iýipsiň-dä. noş bolsun. -baba, size bir hyýar ýiteni üçin hiç zat diýmezlermi. -gor sen muny, hiç neneň däl—diýip baba gülümjiredi—ýok , bir hyýar üçin hiç zat bolmaz. ynha sen galanlaryny getirmedik bolsaň, onda hawa, diýerler, şeýle hiç zat bolmaz. kotka öýüne ylgady. birden-kä durdy-da daşdan gygyrdy: -baba, baba! -indi näme? -meniň iýen hyýarymy nähili hasap edip bolar—men ony ogurladygymmy ýa-da ýok? -be-he!—ýaşuly ardynjyrady—sen meni ýok güne goýjak-ow! bolýar-da, goý ogurlamadygyň bolsun. -ol nähili? -men ony saňa sowgat berdim diý-de hasap edäý. -sag bol baba! men onda gidiberjek. -gidiber, gidiber, ogul. kotka bar güýjine meýdan bilen ýüwürdi, jaryň içinden ylgap geçdi-de, derýanyň üstündäki köprä mündi, dogry oba girdi, soňra gyssanman öýüne tarap ýöredi. onuň kalby şadyýandy. terjime eden kakamyrat geldiýew.