Aşgabadyň demirgazyk-günbatarynda, 18 km aradaşlykda ýerleşýän ýaşyl baglyga bürenip oturan Bagyr obasynyň ýerlerinde iki sany gadymy şähristan bolup, häzir olaryň birisi Köne Nusaý, beýlekisi hem Täze Nusaý diýlip atlandyrylýar. Olaryň atlarynda geçen müňýyllyklarda bireýýämler ýitip giden nesilleriň owazly sözleriniň, duşmanyň üstünden gazanylan dabaraly ýeňiş toýlarynyň, dini baýramçylyklaryň, şalaryň şowhun-şagalaňly kaşaň dabaralarynyň ýaňy saklanyp galana çalym edýär. Nusaý (Nisa) şäheriniň hakyky ady eýýäm orta asyrlarda doly diýen ýaly unudylypdyr. Hijri-kamary hasaby boýunça 559 ýylda (b.e. 1163/64 ý.) bir aýlap bu ýerde ýaşan “Şejereleriň kitaby” atly eseriň ýazary, asly Merwli Samany özüniň sözlüginde bu şäheriň adynyň gelip çykyşynyň (etimologiýasynyň) göz-görtele toslama häsiýetli düşündirişini beýan edipdir. Ol bu ady arap dilindäki “nisa”, ýagny “zenan” (aýal) sözi bilen baglanyşdyrýar. Samany:”Meniň eşidişime görä, bu şäher yslamyň başlarynda şeýle atlandyrylypdyr. Ýagny araplar bu şäheri basyp almakçy bolanlarynda, şäherde erkekler bolmandyr we aýallar söweşe çykypdyrlar. Bu barada araplar bilensoňlar, olar zenanlar bilen söweşmekden ýüz öwrüpdirler. Şeýlelikde bu şäher aýallar söweşe çykandygy üçin Nisa (Nusaý) diýlip atlandyrylypdyr. Ähli zat Allaha has aýandyr”- diýip beýan edipdir. Görnüşi ýaly, ägälik bilen gürrüň edýän ýazaryň (Samany), megerem, özi-de bu düşündirişine gutarnykly derejede berk we doly ynanmadyk bolsa gerek. ХIII asyrda beýleki bir ýazar -Ýakut hem bu maglumaty tekrarlapdyr. Gadymy ýunanlar (grekler) Gündogarda şuňa meňzeş ýer-ýurt atlaryna (toponimler) gabat gelenlerinde, olary Dionis (hudaý) hakyndaky mifler bilen baglanyşdyrypdyrlar: hamala, Dionis özüniň dabaraly ýeňişleri bilen ýeriň gyra-çetlerine çenli baryp ýetende, ol şäherleri döredenmiş, şol şäherlerem şeýle atlandyrylanmyş. Appian özüniň “Aleksandryň (Isgenderiň) anabasisi” atly eserinde (makedonly hökümdaryň Hindistanda, Hind we Kofenom derýalarynyň aralygynda ýerleşen Nisa şäherini eýeleýşini beýan edende) bu barada has jikme-jik gürrüň edýär. Appian:”Dionis özüni ekläp-saklan enekesi Nisanyň adyny biziň şäherimize dakdy, welaýaty bolsa, Nisaýa diýip atlandyrdy” diýip ýazýar. Gadymy miflerde aýdylyşyna görä, özüniň betbagt enesi Semelanyň döwresinde doly kemala gelip bilmedik bäbejik hudaý (Dionis) öz kakasy Zewsiň bilinden ikinji gezek dünýä inende, Zewsiň hökümi bilen Germes tarapyndan Nisa şäherine (şu at soňra zenan hudaýa-da dakylypdyr), nimfalara terbiýelemek üçin eltilip berilýär. Gadymyýetde Dionisiň ilkinji sallançagy bolan Nisany haýsy ýerde görmek isleseler, şol ýerde-de bu şäher bar diýip aýdypdyrlar. Adatça, “mukaddes Nisa” diýip, Müsür bilen serhetleşýnän Efiopiýanyň bir welaýaty hasap edilipdir. Grek-rim ýazarlary öz eserlerinde Merkezi Aziýada, Hindistanda, Eýranda, Kawkazda, Kiçi Aziýada ýerleşýän birtopar Nisa şäherleri we Nisaýalar (ýurtlar) dogrusynda ýazypdyrlar. Baryp ХIХ asyrda alymlar Nisa adyny Nisaýa adynyň gysgalan görnüşi hasaplapdyrlar. (Nisaýa, ähtimal, häzirki Hyrat bolmaly diýen çaklamalaram bolupdyr). Parfiýanyň paýtagty Nisanyň (Nusaý) we hatda irki yslam döwründäki Nusaýyň ýerleşen ýeri hakyndaky nädogry pikirler günbatar ýewropa ylmynda köp wagtlap saklanyp gelipdir. Iňlis orientalisti Grýu Le-Strenj (1905ý.) Nisa (Nusaý) häzirki Muhammetabada- Deregazdaky esasy şähere gabat gelýär diýip hasaplaýar. Pars alymy F.Parukanyň sasany numizmatikasy (şaýy pullary) boýunça Bombeýde (Mumbaýda) 1924 ýylda neşir edilen işinde Nisa kartada Nişapuryň günorta-gündogarsynda, takmynan, 30 iňlis milýasy aradaşlykda şekillendirilipdir. Bagyr obasynyň golaýyndaky şähristanlaryň Parfiýanyň Nisasy (Nusaýy) diýip, ilkinji gezek dogry kesgitlenmegi mundan ýüz ýyl gowrak ozal üşük (intusisiýa) arkaly edilen-de bolsa, onuň ХIХ asyryň soňunda we ХХ asyrda rus alymlary tarapyndan öwrenilmegi diňe Etegiň Russiýa birikdirilmeginiň netijesinde mümkin bolandygy-da hakykat bolup, bu ylmy gözlegleri birnäçe döwürlere bölmek mümkin: şähristanlaryň ilkinji gezek özlerine dürli ýat ýurtly adamlaryň (alymlar däl) janly ünsüni çekip ugran döwri; olaryň ylmy esasda öwrenilmeginiň başlanan döwri (Russiýa Imperiýasy); Sowet döwrinde geçirilen ylmy barlaglar; Garaşsyzlyk ýyllarynda geçirilýän çäreleriň döwri (häzirki döwür). Ilkibaşda bu taryhy obýektlere A.B.Komarow ýaly, ýat ýurtly wekilleriň janly gyzyklanmasy döräpdir. Bagyryň etegindäki gadymy şähristanlar bilen A.B.Komarow entek Zakaspi oblastynyň ýolbaşçysy bolmadyk mahaly gyzyklanyp ugrapdyr. 1882 ýylyň 11-nji iýunynda Kawkazyň taryh we arheologiýa jemgyýetiniň maslahatynda ol bu barada çykyş hem edipdir. Soňky döwürlerde Nusaýyň ylmy esasda tapgyrlaýyn öwrenilmegi bolup geçdi. Şähristanlaryň doly ýok edilmekden saklanyp galmagynda Türkmenistanyň şol döwürdäki hökümetiniň uly hyzmaty bardygyny bellemelidiris. Çünki ýerli halkymyz ekerançylyk ýerlerini gurplandyrmak maksady bilen, şähristanlaryň topragyny alyp, ekerançylyk ýerlerine eltip döküpdir. (Müňýyllyklaryň dowamynda dura-bara weýran bolan pagsalarda azotyň ep-esli böleginiň ýygnanýandygy hiç kim üçin syr däl). Netijede, gadymy taryhy ýadygärlige howp abanýar. Gyssagly Aşgabada çagyrylan arheolog M.Ýe.Masson (kakasy) şähristany gyssagly gözden geçirip, hökümete şähristanlary arheologiki ylmy barlaglar esasynda öwrenmekligiň maksada laýyk boljakdygy, onuň goralmaga degişlidigi hakynda teklipnama taýýarlaýar. Soňlugy bilen onuň özi bu iş amala-da aşyrýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda bu gadymy şähristanlar döwlet tarapyndan goralyp, ylmy esasda öwrenilýär. Ýeri gelende aýtsak, bu taryhy ýadygärlik ÝUNESKO-ň sanawyna hem girizildi. Köne Nusaý hakyndaky ýazuw maglumatlary juda ujypsyzdyr. Bizde bar bolan ýazuw maglumatlarynda-da onuň gala diwarynyň hat-da gysgajyk beýany-da ýok. Käbir maglumatlarda bolsa, bu gurluşda (diwarda) bolup geçen käbir üýtgeşmeler (deformasiýalar) dogrusynda aýdylýar. Köne Nusaýda 1930-1936-njy ýyllarda geçirilen gazuw-agtaryşlary hem gala diwarlaryndan sowa geçipdir. (Galanyň demirgazyk-gündogar diwarynda (fasynda) geçirilen we, megerem, oňyn netije bermedik ýeke-täk şurfy (gazuwy) hasaba almanyňda. Mälim bolan ylmy edebiýatda hatda şol şurf dogrusynda-da hiç zat aýdylmaýar. Onuň geçirilendigini biz S.A.Ýerşowyň dilinden eşidip bilipdirler). Şondan soňra desga öwrenilmandir, ýagny gala diwary arheologik gazuw-agtaryşyň obýekti bolmandyr. Köne Nusaý galasy Aşgabada golaýrak ýerleşýär. Ol asmanyň mawy reňkiniň, daş –töweregiň we obanyň gök-ýaşyl reňkiniň arasynda özüniň agras, ýalaňaç keşbi bilen tapawutlanýar. Onuň ýumrulan gala diwarlary we minaralary depede ýerleşip, daş-töwereginden mese-mälim saýlanyp dur. Gala diwarlarynyň birçaklar howalanyp görünýän belent keşbe eýe bolandygy şübhesizdir. Hatda ýumrulan ýagdaýynda-da ol özüniň äpetligi we beýikligi bilen howalaňy basýar. Häzirki wagtda 10-15 metr belentlikde ýerleşen şäher, bir wagtlar ondan-da has belentde, kert depede ýerleşip, minaraly beýik gala diwarlary bilen gurşalan bolup, özüne alyp bolmajak gala diýdirien bolsa gerek. Gala diwarlarynyň uzynlygy bir ýarym kilometrden geçýär we ol demirgazyk-gündogardan günorta-günbatara sary süýnen bäşburçluk şekiline eýedir. Galanyň demirgazyk-gündogar tarapdaky gyrasy tegelekräk şekildedir, günorta çetki gyrasy galanyň umumy meýilnamasyndan çykyp duran ösüntgini ýatladýar. Galanyň içiniň uzynlygy (uzyn ugry boýunça) 600 metre, gysga ugry boýunça 400 metre deň. Gala diwarlarynyň iki tarapy- demirgazyk-gündogar we gündogar faslary bilen sähra bakyp dur. Olaryň sepleşen ýerinde minara bar. (1-nji belgili, has öňe çykyp duran minara). Galanyň şu tarapdan görnüşi ganat ýaýyp duran guşy ýatladýar. Onuň ganatlarynyň uçlarynda goranyş düwünleri –minaralary bar: demirgazyk çetinde üç minaradan ybarat ansambl ýerleşýär, günorta çetinde 3-nji belgili äpet minara (bastion) ýerleşýär. Megerem, duşmana diňe bir sähra tarapdan däl-de, eýsem medeni zolakdan – dagaetek tarapdan-da garaşylan bolmaga çemeli. Şonuň üçin galanyň gündogar tarapy doly berkidilipdir. Bu ýerde kerpiçden örülen ýerler bar, şähere garap duran diwarda kerpiç örülmändir. ÝuTAKE-ň (Günorta Türkmenistanyň arheologik toplumlaýyn ekspedisiýasy) 1946-njy ýyldaky ilkinji meýdan işleri möwsüminde esasy üns Nusaýyň öz döwründe B.A.Žukowskiý tarapyndan hiç hili ýadygärlikleriň saklanyp galmadyk (ýer üsti göz öňünde tutulýar) “çägä bassyrylan we gömülmegi dowam edýän harabalyklaryň topbaklary, zibiliň we kerpijiň üýşmekleri” diýlip häsiýetlendirilen şähristanlaryny öwrenmeklige gönükdirildi. Häzirki Bagyr obasynyň ähli ýerleriniň bar bolan ujypsyz ýazuw çeşmeleri bilen deňeşdirip, düýpli we toplumlaýyn öwrenilmegi ekspedisiýa ilkinji gezek Nusaýyň iki müň ýyldan gowrak wagty öz içine alýan geçmişiniň umumy şekilini anyklamaklyga mümkinçilik berdi. Bu şäher hakynda birnäçe ýüzýyllyklarda hatda hiç hili ýazuw maglumatlarynyň-da bolmazlygy, bu nokadyň taryhynyň ne gündogar, ne-de günbatar dillerinde ýazylmandygy alnan doly maglumatlaryň gymmatyny has-da artdyrýardy. ÝuTAKE-ň tapan ownuk kremniý (çakmakdaş) bölekleri, kremniý owguçlary we beýleki zähmet gurallary özlerinde mikrolit işläp-bejermek tehnikasynyň yzlaryny saklaýandygy, sitadelden we Bagyryň demirgazyk-gündogaryndaky meýdanlardan änew döwrüne degişli keramikanyň (külalçylyk önümleri) tapylmagy (oba barýan we Arçabil jülgesinden gelýän ýollaryň çatrygyndan daş bolmadyk ýerden) bu bol suwly oazisiň eýýam ir gadymyýetde adamyň ünsüni özüne çekendigine güwä geçýär. Ýöne bu ýerden taryhdan öňki döwrüň oturymly ýeriniň anyk arheologik maglumatlaryny ýüze çykarmak heniz başardanok. Ahmeniler döwründe-de ýaşaýyş dowam eden şol oturymly ýeriň Täze Nusaýyň aşakgy böleginde ýerleşen bolmagynyň mümkindigini diňe çaklamak mümkin. Orta asyrlarda ýazgy edilen rowaýata görä, soňra üstünde Nusaý şähristany gurlan emeli depäniň gurluşygy rowaýaty Gistaspyň döwri bilen baglanyşdyrylýar. Nesewiniň aýtmagyna görä, ilki tebigy depäniň üstünde gurlan Nusaý (häzirki sitadeliň çäginde) Eýrany demirgazykdan edilýän çozuşlardan goraýan özboluşly serhet berkitmesine öwrülensoň, adamlary galanyň etegine gum daşamaga mejbur edipdirler. Netijede, depäniň tutýan meýdany Täze Nusaýyň ölçegine çenli giňelipdir. Belki, bu aýdylýanlaryň ahmeni şasy Dariýniň kakasy bolan we birnäçe ýyllap Parfiýanyň we Girkaniýanyň ýerli hökümdary bolup oturan, hatda b.e öňki VI asyrda ýalan Kşatritanyň peýdasyna göterilen gozgalaňyny-da basyp ýatyran taryhy Gistaspyň amala aşyran işini bellibir derejede şöhlelendirýän bolmagy-da mümkin. Täze Nusaýyň galasynyň nädogry formasy-da bu şäheriň ellinistik döwürden öň bina edilendigine yşarat edýäne çalym edýär. Çünki ellinistik döwürde gurlan şäherler üçin azda-kände dogry geometriki şekildäki taslama (plan) mahsusdyr. Pliniý tarapyndan ýatlanylýan Parfiýa Niseýasyndaky Aleksandropol şäheriniň Täze ýa-da Köne Nusaý bolmagynyň ähtimaldygy hakyndaky sorag entek açyklygyna galýar. Eger-de ilkinji gezek I.G.Droýzen tarapyndan aýdylan pikire uýsaň, onda şeýle çaklamada hiç hili adatdan daşarylyk hem ýokdur. Çünki ol Isgender Makedonlynyň b e. öňki 330 ýylda Girkaniýadan Ariýa günorta Horasanyň üsti bilen däl-de, soňrak Isidor Harakskiý tarapyndan suratlandyrylan demirgazyk ýoly arkaly gelendigi hakynda ýazýar. Häzirki wagtda arheologiki nukdaýnazardan diňe Parfiýa Nusaýy yzarlanylýar. Ýewropa ylmy edebiýatynda ýörgünleşen däbe göra, Nusaý Ärsaklaryň Parfiýa döwletiniň irki iki paýtagtynyň birisi hasaplanylýar. Olaryň birinjisi, hamala, Astaka ýa-da Arsaka (Isidor Harakskiniň eserinde - Asaak) bolupdyr. Käbir hünärmenleriň aýtmagyna görä, ol Komisen welaýatyndaky Habuşanyň ýa-da Kuçanyň ornunda ýerleşip, orta asyryň Kumisine (Damgan we Semnan şäherleri bilen birlikde) gabat gelipdir. Emma, birinjiden, Isidor Harakskiniň berýän maglumatyna görä, Asaak Astawen welaýatynda ýerleşipdir we onuň pikiriçe, Komisende ýekeje-de şäher bolmandyr; ikinjiden, Kuçanyň we Asaakanyň şol bir şäher saýylmagyna esas berer ýaly Kuçanda şeýle uly we gadymy şähristanyň bardygy hiç zat bilen subut edilenok; üçünjiden, Astaka (Nusaý ýaly) hiç bir taryhy çeşmede-de paýtagt, ýagny döwletiň ykrar edilen resmi baş şäheri hökmünde hereket etmeýär. Isidor Harakskiniň Asaakada Ärsak ilkinji patyşa diýlip yglan edildi diýip görkezmegi Asaakany ilkinji paýtagt diýip hasaplamaklyga esas bermeýär. Beýhakynyň aýtmagyna görä, Dendanakanyň eteginde gaznawy goşunynyň elhenç derbi-dagyn edilmeginden soňra seljuklar şol söweş bolan ýerde çadyr dikip, tagt ornadyp, Togrul begi emir diýip yglan edýärler. Emma munuň bilen Dendanakan seljuk döwletiniň paýtagtyna öwrülmeýär. Mälim bolmagyna görä, Ärsak I selewkidler bilen göreşde, ýagny tizarada Parfiýada olara garşy başlanan gozgalaňyň netijesinde wepat bolýar we şalyk sürmeýär. Ýöne muňa seretmezden, ol ärsaklar nesilşalygynyň düýbüni tutujy saýylýar we şeýle manyda kümüş şaýylykaryň ýüzüne zikgelenýär. Birnäçe şowsuzlyklardan soň onuň dogany Tiridat (köplenç tekstlerde rim imperatorlarynyň “sezar” titulyna deň bolan Ärsak diýlip atlandyrylýar) goşun ýygnamak we selewkidleri ýeňmek, olaryň Parfiýadaky dikmesini öldürmek, Girkaniýany tabyn etmek hem-de, Trog Pompeýiň ýazyşy ýaly, galalary gurmak, şol sanda Daruny-da gurmak we uly bolmadyk Parfiýa şalygyny esaslandyrmak başardýar. Astakada ol Parfiýa Şalygynyň ilkinji şasy diýlip yglan edilýär. Paýtagt hökmünde ol Girkaniýanyň serhetlerinden we Hazar derwezesinden daşda bolmadyk, Mitridat I (b e. oňki 174-136ý.) döwrüne çenli döwletiň paýtagty hasaplanan Gekatompil şäherini saýlaýar. Mitridat I Gündogarda Rim bilen bäsdeşlik eden kuwwatly Parfiýa döwletini hakykat ýüzündäki esaslandyryjydyr. Fraat II (b e. öňki 136-127ý.) başlap we Oroda I (b e. öňki 56-37ý.) çenli Ekbatana şäheri (Midiýanyň gadymy paýtagty) Parfiýanyň paýtagty bolýar. Diňe Orod I döwründe, ýagny Parfiýanyň kuwwatynyň çür başyna ýeten, Rim goşunlary bilen bolan söweşlerde ajaýyp ýeňişleri gazanylan zamanynda paýtagt Tigriň çep kenaryna, Selewkiiýanyň garşysynda ýerleşen Ktesifon obasyna göçürilipdir. Ammian Marselliniň sözlerine görä, öň harby düşelge bolan Ktesifonyň şeýle uly derejä göterilmeginde we daşyna gala gurulmagynda Orod I ogly Pakoryň uly hyzmaty bardyr. Biziň eýýamymyzyň I asyrynda Wologasyň döwründe paýtagty Ýefratyň sag kenarynda gurlan Wologasokert şäherine göçürmeklige synanyşyk edilýär. Çünki bu şähere Palmiradan dünýä söwdasynyň akymyny çekmek göz öňünde tutulýar. Emma bu niýet şowsuzlyga uçraýar, ärsaklaryň altyn tagty Ktesifonda galýar, 116 ýylda ony şol ýerden Traýan ogurlaýar. Ärsak hökümdarlary hemişe hem paýtagtda ýaşamandyrlar. Olaryň möwsümleýin ýaşaýan rezidensiýalary bolupdyr. Strabonyň berýän maglumatlaryna görä, şeýle ýerleriň hataryna “gadymy şöhraty bilen meşhur bolan” Ekbatana we Girkaniýa degişli bolupdyr. Mälim bolşuna göra, biziň eýýamymyzyň ilkinji asyrlarynda Parfiýanyň şalary käte Ktesifondan başga-da Selewkiýada we Wawilonda gyşlapdyrlar, ýazda bolsa, Ragahda we Gekatompilde ýaşapdyrlar. Ýöne bu şäherler munuň bilen paýtagta öwrülmändir. Şol bir wagtda ärsaklaryň haçanda we haýsy pasylda-da bolsa Nusaýda ýaşandyklary hakynda maglumatlar, gynansak-da, ýok. Mümkin, olar öz döwletiniň sallançagy saýylan bu şähere we welaýata hem gelendirler. Nusaýyň ylmy esasda öwrenilmegi uzak taryhy ýoly geçdi. Mysal üçin, geçen asyryň ýigriminji-otuzynjy ýyllaryny alyp görsek, şol döwürde dürli çemeleşmeleriň, garaýyşlaryň bolandygyny görmek bolýar. Kesgitlenen möhüm soraglaryň käbirleri boýunça gutarnykly jogap alynmadyk-da bolsa, şunuň bilen Nusaýyň TGNII-ň (Türkmen döwlet ylmy-barlag instituty) Areheologiýa kabineti tarapyndan geçirilen arheologik barlaglary tamamlanyp, bu gurama Gadymy Merwdäki Gäwür Galada geçiriljek gazuw-agtaryşlara taýýarlyk görüp başlaýar. (1934 ýylyň gazuw-agtaryşynyň esasy maksatlarynyň biri bolan şähristanyň ahmeniler döwründäki ýaşaýşynyň meselesi). Çünki Awestadaky Nisaýi bilen Aşgabat-Bagyr töweregini baglanyşdyrmak hakyndaky pikiriň täsiri bilen, yslama çenli döwrüň- ahmeni, Parfiýa, sasany döwürleriniň esasy medeniýetleriniň toplumlarynyň kesgitleýji häsiýetlerini almaklyk öňünden meýilleşdirilipdir. A.A.Maruşenko ady agzalan oýulyp bejerilen süňk plastinkasynda “Ahmeni barelýefiniň häsiýetli aýratynlygyny”görüpdir. Alym gadymy Nusaý baryp ahmeniler döwründe emele gelipdir diýip hasaplapdyr. S.A.Ýerşow “aramgähdäki” dört şahanyň birleşmesine çalym edýän dört ganatly sütünleri ahmeni binagärligine bolan yşarat hasaplapdyr. ÝuTAKE-ň 1946 ýyldaky maglumatyna görä, bu sütünler b.e. i ýa-da II asyryndan öň emele gelip bilmejekdigi aýdylýar. Şol sanda Parfiýanyň Nusaýynyň ýerleşen anyk ýeri baradaky sorag hem çözülmändi. S.A.Ýerşow toplanan arheologik maglumatlardan çen tutup, ol Gadymy Nusaý galasynyň daş-töweregi bolupdyr diýip çaklaýar. 1936 ýyl Nusaýda arheologik materiallary (esasan, keramikany) toplamakda soňky ýyl bolup, lukman we höwesjeň arheolog Ýe.G.Sukaçýow tarapyndan 1927 ýyldan bäri meşgulanyp gelen toplamak işini jemleýär. Ol musulman döwrüniň keramikasynyň gowy toplumyny döredipdi. Ol tapyndylar Türkmenistanda 30-njy ýyllarda kabul edilen şkala laýyklykda “seljuk we horezmşalar” döwrüne (ХI-ХIII asyrlar) degişli edilipdi. Tapyndylar ÝuTAKE tarapyndan 1946 ýylda täzeden öwrenilip, IХ-Х aa degişli edildi. Gazuw-agtaryşlaryň bes edilmegi goragyň hem gowşamagyna getirýär. Şol döwürde Köne Nusaýa diňe bir sakçy goragçylyk edýär. Şol wagtda sitadeliň selitraly topraklarynyň ürç edilip alnyp, ekerançylyk meýdanlaryna dökülmegi netijesinde, arheologik gymmatlyklara (mysal üçin hammama) uly zeper ýetirilýär. 1939 ýylda Türkmenistanyň Halk Komissarlarynyň Soweti tarapyndan Daşkentden Türkmenistana M.Ýe.Masson çagyrylýar we şähristany goramak meseleleriniň çözülmegine gatnaşýar. Ýagny ol şähristany öwrenip, onuň, takmynan, 6 ga ýerinde toprakdan alnan tapyndylaryň orunlaryny derňäp, 14-15 asyrlara we 14 hem-de 13 asyrlara degişli medeni gatlaklarynyň doly diýen ýaly ýitirilendigini, emma has irki medeni gatlaklaryň saklanandygyny anyklaýar we ýokary guramalara esaslandyryjy ýazmaça kesgitnamany düzýär. Ol:”Nusaýy gadymy greklere däl-de, diýeli, bir-iki asyr öňki parslara degişli etmek has dogrudyr” diýip aýdýar. Giňden ýaýran we metbugatda aýdylan pikire görä, Parfiýanyň paýtagty bolan Nusaýyň hem orta asyr Nusaýynyň ornunda ýerleşendigi hakyndaky pikire ilki bolup W.W.Bartold garşy çykýar. Ýerinde 19 asyryň 80 ýyllarynda geçirilen arheolok barlaglar hem muny subut etdi diýip hasaplanýardy. A.W.Kamarow Bagyryň gadymy arheologik we numizmatik tapyndylaryny has içgin öwrenensoň, Täze we Köne Nusaýdan tapylan tapyndylaryň biri-birinden düýpli tapawutlanýandygyny kesgitleýär. Soňky adalgalary-da hut onuň özi ylmy dolanşyga girizýär. Köne Nusaýyň şähristanyndan ganatly sygyrlar, hökki zebular şekillendirilen “hakyk şaý-sepleri” tapylýar. Bu şähristanda musulman döwrüne degişli tapyndylara gabat gelmedik A.W.Komarow 1888 ýylyň 25-nji fewralynda Peterburgda, Russiýa arheologik jemgyýetiniň Gündogar bölüminiň maslahatynda eden çykyşynda Köne Nusaýyň arap basyp alyşlaryndan öň ýumrulandygy, bu ýerde otparazlaryň ýaşandygy hakynda aýdýar. Ol bu ýerde gadymyýetde otparazçylygyň bolandygyna güwä geçýän binalaryň ýerleşendigini nygtaýar. Täze Nusaýdan düýbünden başga tapyndylar tapylandygy dogrusynda, şol sanda arap döwrüne degişli bolan teňňeleriň tapylandygy barada W.G.Tizengauzen çykyş edýär. Şol teňňeler öz gezeginde A.W.Komarowa hem bu şähristany arap bastbalyşyndan soňky döwre degişli etmeklige esas berýär. Bu ýagdaýda Taze Nusaýyň Köne Nusaýa garanda ähmiýetiniň pesdigi baradaky nädogry düşünjäniň peýda bolmagyna getirýär. Aşgabat-Bagyr awtomobil ýoly bilen barýarkaň, eýýäm has daş aralykdan, Köpetdagyň lowurdaýan belent gerişleriniň öňünde duýdansyz iki sany uly depeligiň dilkawlanan sudury peýda bolýar. Bu depeler bagy-bossanlyga bürenip, parahat oturan türkmen obasynynyň iki ýanynda sak duran ýiti gözli merdana sakçylary ýatladýar. Depeleriň ilkinjisine Täze Nusaý diýilýar. Oňa näçe golaý bardygymyzça, depäniň ýokarsynda ýerleşen täji ýatladýan pagsa diwarlaryň, ýarym aýlaw şekilindäki minaralaryň, birçaklar içi suw bilen doldurylan garymyň sudurlary has aýdyň görnüp ugraýar. Şeýle-de ýumrulmanyň netijeleri: çöken we käbir ýerinde zarbalaryň yzlary bilen örtülen we ýykylan gala diwarlary, çöken minaralar we gala derwezesiniň oprulan açyk orny mese-mälim görünýär. Emma muňa seretmezden, birçaklar ýumrulan we unudylan bu gadymy şäheri synlanyňda, henizem ol ýüregiňe beýiklik we äpetlik duýgularyny çaýyp juda haýran galdyrýar. Gündogar tarapyndaky kert bolmadyk eňňitden uly ýol barýar. Bir wagt gala girelgesini berk goran derwezäniň indi geregi-de ýok. Ol derweze bireýýämler goňşy Änewe alnyp gidilipdir. Ozalky orta asyr şähristanynyň ýaşaýyş toplumlarynyň (kwartallarynyň) ornunda indi gönüburçluk şekilindäki mellek ýerleri, baglar gök-ýaşyl öwsüp otyr, olaryň arasyndan ýaplar we aryklar çekilipdir. Ony demirgazyk-gündogardan günorta-günbatara uzaýan tut agaçlary bilen jäheklenen ýol kesip geçýär. Arygyň boýunda iküç sany horaşaja pagsa jaýlar görünýär. Indi Nusaýda bary-ýogy iküç maşgala ýaşaýar. Häzirki wagtda Täze Nusaýyň daş-töweregini gurşap alan Bagyr obasy Türkmenistanyň paýtagty Aşgabady gök-önümler bilen üpjün edýär. Ýaşyl oazisi ýatladýan obany ýeke-täk suw akabasy – gamyş we böwürslen bilen örtülen ýap suw bilen üpjün edip, ol galanyň günbatar tarapyndan akyp geçýär. Galanyň iň belent nokady onuň günorta-günbatarynda ýerleşen ark bolup, bu ýerde hökümdaryň minaraly diwar bilen gurşalan köşgi ýerleşipdir. Parfiýanyň we onuň ajaýyp paýtagty Nusaýyň taryhyny öwrenmeklik işi yzygiderli dowam etdirilýär. “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek” ýylynda milli taryhymyza üns has-da artýar. Parfiýa diýip atlandyrylan taryhy welaýat Günorta Türkmenistanda ýerleşip, onuň esasynda soňra Beýik Parfiýa şalygy kemala gelipdir. Bu döwlet soňra öz düzümine uly geografik çäkleri birleşdirip, Gadymy Rim bilen bäsleşipdir. Parfiýanyň dürli döwürlerde paýtagt şäherleriniň özgerendigi mälimdir. Emma Nusaý Parfiýanyň “sallançagy”- ruhy we taryhy paýtagty bolupdyr.

Köneler, TDUgulya tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir