men alty ýaşymdakam, ýeriň şar şekilli togalakdygyny bilemokdym. ýöne, ýaşaýan daçamyzyň eýeleriniň ogly stýopka, maňa ýeriň nähilidigini düşündirdi. ol: -ýer togalakdyr. eger-de şu ýerden gönüligine, durman gidiberseň, onda ýeriň daşyndan aýlanyp, öňki duran ýeriňe gelersiň—diýdi. men ynanmadym. ol meniň ýeňsäme çalyp goýberdi: -men ýeriň daş-töweregine syýahata seniň bilen gidenden, seniň gyz doganyň bilen gidenim gowy bolar. hiç zat bilmeýän kelesaň bilen gitsem, ýolda meniň içim gysar—diýdi. ýöne meniň hem ýeriň daş-töweregine syýahata gidesim gelýärdi, şonuň üçin men stýopka öz çakgymy sowgat berdim. stýopka meniň çakgym ýaran bolsa gerek, sebäbi ol meni öz ýany bilen äkitjekdigini aýtdy. bakjada stýopka syýahatçylaryň umumy maslahatyny geçirip, maňa we lýolýa şeýle diýdi: -ertir, siziň ene-atalaryňyz şähere gider, meniň ejem bolsa derýa kir ýuwmaga ugrar, şonda biz niýetimizi amal ederis. biz şonda göni we diňe göni gideris, çöllügem bolsa kesip geçeris, daglygam bolsa aşyp geçeris. biz şu duran ýerimize gelýänçäk gös-göni ýöräris, goý onuň üçin biziň bir ýylymyz gitsin. lýolýa: - stýopka jan, birden indeýlere duşaýsak näme?—diýip sorady. -indeýler hakda aýdanyňda – diýip, stýopka jogap berdi,– biz indeý taýpalaryny ýesir alarys. -ýesir düşesi gelmeýänleri näme ederis?-diýip, men çekinip soradym. -ýesir düşesi gelmeýänleri,--diýip, stýopa sähel salym pikir etdi-de,--olary biz ýesir almarys hem—diýdi. lýolýa: -syýahatymyza üç manat ýetermi? men öz kopilkamdan alaryn—diýdi. stýopka: -syýahatymyza, üç manat gürrüňsiz ýetmeli, sebäbi biz ol pullara diňe çigit we kemput satyn alarys. nahar barada aýdanyňda bolsa, biz ýol ugra ownuk-uşak haýwanlary awlarys, we olaryň näzijek etlerini oda bişirip iýeris—diýdi. ol ammara girip, undan boşan haltany aldy-da, yzyna geldi. biz oňa çörek bilen şeker saldyk. ondan başga-da her-dürli gap-çanak salyşdyrdyk: tarelkalar, stakanlar, wilkadyr çemçeler. ondan soň, azyrak pikir edip jadyly fonary, reňkli galamlary, toýundan ýasalan el-ýüz ýuwulýan gutyny we ot ýakmak üçin ýagtylygy ýitilidýän lupany aldyk.ýene-de iki sany ýüň ýorgan bilen tagtanyň üstündäki ýassygy halta dykdyk. bulardan başga-da, men üç sany ýaý, çeňňek we kebelek tutar ýaly tor halta taýynladym. ertesi, haçan-da biziň ene-atalarymyz şähere gidende, stýopkaň ejesi bolsa derýanyň kenaryna kir ýuwmaga ugranda, biz peski obasyny terk etdik. tokaýyň içinden geçýän ýol bilen menzil aşyp başladyk. öňümizden stýopkaň gürjüsi tuzik ylgap barýardy. onuň yzyndan stýopka agyr haltany kellesine alyp barýardy. stýopkaň yzyndan lýolýa towsulýan ýüpüni eline alyp barýardy. lýolýaň yzyndan, üç sany ýaýly, tor haltaly we çeňňekli men barýardym. biz bir sagat çemesi ýöredik. ahyrsoňy stýopa: -halta çensiz agyr. men muny ýeke özüm göterip bilmerin. goý, herimiz öz nobatynda haltany götersin—diýdi. şondan soň, haltany lýolýa arkasyna aldy. ýöne ol uzaga gidip bilmedi, çünki haltany göteren dessine ýadady. lýolýa egnindäkini ýere taşlady-da: -indi goý minka äkitsin—diýdi. haçan-da haltany arkama ýüklänlerinde, tasdan-da diň-arkan gaýdypdym:arkama gunt düşen ýaly boldy. ýöne arkam haltaly ädimimi sanap başlamda welin, tasdan-da aňym başymdan uçupdy. men onuň agramyna iki bükülip, ädimlämde sagat çarhy ýaly,iki ýana hallan atyp başladym. haltam bilen ganawa gapgarylýançam, on ädim ätmäge dagy ýetişdim. üstesine, ganawa ilki halta gaçdy, soňra bolsa onuň üstüne özüm gaýtdym. men agyr bolmasamam, stakanlaryň hemmesini, tarelkalaryň hemmesini diýen ýaly we palçykdan edilen el-ýüz ýuwulýan gutyny döwipdirin. biz hem gynanýardyk, hem haltadan döwlen gaplaryň böleklerini çykarýardyk. stýopka meniň ýeňsäme çaldy-da, “seniň ýalylar ýeriň daş-töweregine syýahata gitmeli däl-de, öýde oturmaly” diýdi. soňra ol itini sygyryp çagyrdy we ony ýük göteriji etjek boldy. ýöne onuň bu pişesi başa barmady, sebäbi tuzik ondan edilýän talaba asla düşünmedi. biziň özümizem tuzige nädip ýük urup boljagyna düşünmeýärdik. şondan soň stýopka jigim ikimize bilelikde haltany almagymyzy buýurdy. herimiz haltanyň bir çüňkünden tutdukda, ony göterip ugradyk. ýöne götermek şeýle bir kyndy we agyrdy. şeýle-de bolsa, biz ýene-de iki sagatlap ýol ýöredik. ahyrsoňy tokaýdan kiçeňräk çemenlige çykdyk. şu ýerde stýopka düşlemegi makul bildi. ol: -her gezek biz dynç alamyzda ýa-da düşlämizde, men aýagymy gitjek ugrumyza uzadyp ýatjakdyryn. hemme beýik syýahatçylar şonuň ýaly edipdirler, şonda olar hiç haçan ýalňyşmaýan ekenler—diýdi. stýopka ýoluň gyrasynda oturdy-da, aýagyny uzatdy. biz haltanyň agzyny çözdük-de, garbanmakçy bolduk. nanyň ýüzüne şeker guýup iýip başladyk. biden-kä depämizden arylar pyrlanyp başlady. olaryň biri meniň şekerimi iýjek bolup, ýaňagymdan çakdy. bir salymdan meniň ýaňagym köke ýaly çişdi.öýümize dolanasym geldi. ýöne stýopka “milt hem edäýmegin” diýdi. ol: -kim-de kim öýüne dolanjak bolsa, şony şu agaja daňaryn-da, garynjalara hurşlyk ederin—diýdi. ýolumyzy dowam etmeden öňinçä, stýopka haltadaky ähli gerekmejek zatlary çykaryp zyňdy we biz ýüksüz, täzeden ýola düşdük. hemmelerden yza galyp, zeýir-zeýir edip, aglamjyrap men barýardym. meniň ýaňagym hem ýanýardy, hem sorkuldap agyrýardy. lýolýa-da bu syýahatçylykdan bizardy. ol uludan demini alyp, öýüne dolanmagyň alajyny gözleýärdi. biz gelejege umytsyz ýolumyzy dowam etdik. diňe tuzigiň keýpi bäşdi. guýrugyny dikgerdip, ol her ýerde gonýan guşlary kowalap, üýrýän sesi bilen biziň syýahatymyza şagalaň goşýardy. ahyry garaňky düşüp başlady. stýopka haltany ýere oklady-da, bize“gijäni şu ýerde geçireris” diýdi. biz ot ýakmak üçin odun ýygnadyk. stýopka, ot ýakmak üçin haltadan lupany çykardy. ol asmana seretdi, görse gün eýýäm ýaşan eken. stýopkaň keýpi gaçdy.biz hem gynandyk. soňra diňe çörek iýdik-de, ýatmakçy bolduk. stýopka, dabara bilen aýagyny öňe uzadyp,ýorganyň üstünde süýndi, onuň üçin säher bilen ugrumyzy ýitirmezlik wajypdy. ol dessine hor çekip başlady. tuzik hem burnuny ýere berdi. ýöne lýolik ikimiz welin, uzak wagtlap uklap bilmedik. bizi tokaýyň tümlügi we agaçlaryň sesi howatyrlandyrýardy. birden-kä lýolýa, ýassanyp ýatan şahasyna ýylandyr öýdüp, çirkin gygyrdy. üstüme arça agajynyň gozasy gaçanda bolsa, men gorkyma, içi ýelli pökgi ýaly böküp hondan düşdüm. ahyry biz irkilipdiris. men gözümi açanymda, lýolýa meni aldygyna yralap durdy. daňyň ümiş-tamyşydy. gün dogardan entäk irdi. lýolýa : -minka, gel, entäk stýopka ýatyrka, onuň aýagyny götin öwreli. ýogsa ol bizi makaryň çekene bakmadyk ýerlerine elter—diýip, pyşyrdady. biz stýopka seretdik. ol süýji ukuda ýatyrdy. biz iki bolup göz açyp-ýumasy salymda stýopkanyň aýaklaryndan tutup, ony düýnki gelen tarapymyza gönüläp goýduk.onuň kellesi bolsa, ýarym aýlaw aýlanyp, aýaklarynyň öňki duran ýerine geldi. näme-de bolsa stýopka oýanmady. ol düýşinde iňledi-de, elini galgadyp, “eý, tiz boluň, ýanyma geliň...” diýip samrady. megerem ol indeýleri ýesir alýandyr, olaryň bolsa ýesir düşesleri gelýän däldir, garşylyk görkezýändirler. biz, stýopka turýança garaşdyk. günüň ilkinji şöhlelerine stýopka gözüni açdy, tirsegine galyp, aýaklaryna seretdi-de: -aýaklarymyzy islän ýerimize uzadyp ýatan bolsak, onda biz nirä gitmelidigimizi hem bilmezdik. indi bolsa aýagymyň kömegi bilen, biz gitmeli ugrumyzy bilýäris—diýip, düýnki gelen ugrumyza elini uzatdy. biz çörek iýdik-de, ganawdaky ýata suwdan içip, yzymyza tarap ýola düşdük. düýnki geçen ýolumyz bolansoň, töwerek örän tanyşdy. stýopka geň galyp, aram-aram aňkarýardy. ýöne ol hiç zat aňmady. -ýeriň daş töweregine syýahadyň beýleki syýahatlardan tapawudy, onda hemme zat gaýtalanýar, sebäbi ýer togalakdyr—diýip, ol bize düşündirdi. yzymyzda arabanyň jygyldysy eşidildi. seretsek, arabada bir daýyň ýeke özi gelýän eken. stýopka: -syýahaty tiz geçirmek üçin we ýeriň daşyndan çaltrak aýlanar ýaly, şu araba münüp bilsek gowy bolardy--diýdi. biz daýydan arabasyna mündürip, alyp gitmegini haýyş etdik. hoşgöwün ýaşulynyň bize rehimi indi, ol arabasyny saklap, bizi mündürdi. indi biziň syýahatymyz ýeňil gezelenje öwrüldi. iki sagat çemesi wagtdan, alysda biziň peski obamyz göründi. stýopka, geň galmadan ýaňa hasanaklap ýerinden turdy, soňra: -bu oba, hakyt biziň peski obamyza meňzäp dur—diýdi. soňra: -ýeriň daş töweregine syýahat edilýän wagty, bular ýaly taňlyklar bolýandyr—diýip, bizi köşeşdirdi. ýöne biz derýa golaýlaşyp, gämi duralgasynyň ýanyna gelenimizde welin, stýopka dilini ýuwdan ýaly bolup, gürläp hem bilmedi. biz arabadan düşdük. bu dogrudan hem biziň obamyzyň gämi duralgasydy we edil şu wagt duralga gämi gelen eken. stýopka zordan pyşyrdady: -aý-ýoga! biz näme ýeriň daş töwereginden aýlanyp, yzymyza geläýdikmikäk? lýolýa pyňkyrdy, men hem güldüm. ýöne, diňe şu ýerde biz, ýaňyja gämiden düşen ejemi, kakamy we enemizi gördük. olaryň ýanynda bolsa, biziň enekämiz aglamjyrap, bir zatlar diýip durdy. biz ene-atalarymyzyň ýanyna ylgadyk. olar bizi görüp, begenjinden gülüşdiler. eneke bolsa: -çagalar, düýn gark bolansyňyz öýdüp gorkdum—diýdi. lýolýa: -eger-de biz düýn gark bolan bolsak, onda ýeriň daş töweregine syýahata gidip bilmezdik—diýdi. ejem allaniçigsi boldy: -meniň eşidýänim näme? bulara temmi bermek gerek. enem agaçdan şaha döwüp aldy-da: -bulary çawlamak gerek. minkany goý ejesi çalsyn. lýolýany men mazalyja köteklärin. ýaşy uly bolany üçin, men ony ýigrimi gezek saýaryn—diýdi. kakam bolsa: -saýmak—terbiýäniň köneki usuly. ol peýda getirmeýär. çagalary urup-sögüp ýörmeseň hem, olar öz eden işleriniň biderekdigine düşündiler—diýdi. ejem uludan demini aldy-da: -wah, meniň kelesaň çagalarym! geografiýany bilmezden, köpeltmek tablisasyny bilmezden, nähili ýeriň daş töweregine syýahata gidip bolar—siz akyla sygmajak zat edipsiňiz ahyry?! kakam bolsa: -geografiýany ýa-da köpeltmek tablisasyny bilmek az. ýeriň daş töweregine syýahata gitmek üçin ýokary bilimiň bolmaly, özi hem bäş kursdan az bolmaly däl. ol ýerde öwredilýän zatlaryň hemmesini bilmeli, şol sanda kosmografiýany. uzak ýola ylymsyz, bilimsiz çykýanlar bolsa, elmydama gynandyryjy netijelere gelýändirler. şu sözlerden soň biz öýmize gaýtdyk. soňra oýlänlik edinmäge oturdyk. biziň başymyzdan geçiren wakalarymyzy eşidip, ene-atalarymyz bir gülýärdiler, bir howatyrlanýardylar. kakam: -bolsa-da hemme zat gowulyk bilen gutardy. geçeni geçdi bileliň—diýdi. ol bize ýeriň daş töweregine eden syýahatymyz üçin temmi berip durmady, hatda, tagtanyň üstünde duran ýassygy ýitirenimiz üçin hem adymyzy tutmady. stýopkany bolsa, onuň ejesi hammama salyp, daşyndan gurdy, ol ýerde biziň beýik syýahatçymyz öz iti tuzik bilen uzynly gün oturdy. ertesi, ejesi ony daşyna goýberdi. biz ýene-de, hamana hiç zat bolmadyk ýaly, bile oýnamaga başladyk. terjime eden kakamyrat geldiýew.

Köneler, rejepguwaja tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir