Ýurdumyzda her bir adamyň sagdyn ruhly, berk bedenli bolmagy hakynda uly işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda: “Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek türkmenistanlylar üçin mizemez ýörelgä öwrülmelidir” diýip belleýşi ýaly, gündelik sport maşklary adamyň özüni duýşuny gowulandyrýar, ruhuny belende göterýär, işe ukyplylygyny artdyrýar. Häzirki döwürde türkmen sportuny ösdürmek döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Şol nukdaý nazardan, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda sportuň dürli görnüşlerini ösdürmäge ähli şertler döredilýär. Bu bolsa halkymyzyň saglygyny berkitmäge, berk bedenli, ruhy taýdan sagdyn ýaş nesilleri terbiýelemäge, olimpiýa hereketini köpçülikleýin we giňden ornaşdyrmaga itergi berýär. Şu maksatlardan ugur alnyp, bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň, ussat türgenleri taýýarlamagyň döwlet maksatnamalary kabul edildi, toplumlaýyn özgertmelere badalga berildi. Milli maksatnamalarymyzy we özgertmelerimizi amala aşyrmagyň çäklerinde köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, sportda gazanylýan netijeleri has-da ösdürmek üçin uly möçberde maýa goýumlary gönükdirilýär. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde, şol sanda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dünýä ölçeglerine laýyk sport we atçylyk- sport toplumlary, stadionlar, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri, dynç alyş-sagaldyş merkezleri, şypahanalar yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýär. Içeri işler ministrliginiň Sport-ulag merkeziniň toplumyna girýän täze sport desgasynyň açylyp, ulanylmaga berilmegi hem ähli raýatlarymyzda uly ruhubelentlik döretdi. Bu sport desgasynda motosport bilen meşgullanmak we sportuň bu görnüşi boýunça ýaryşlary geçirmek üçin motoulag bölümi gurlup, ol gerekli enjamlar bilen enjamlaşdyrylypdyr. Bu bolsa ýurdumyzda sportuň dürli görnüşklerini, şol sanda tehniki görnüşlerini ösdürmäge hem uly ähmiýet berilýändigini görkezýär. Içeri işler ministrliginiň Sport-ulag merkeziniň täze sport toplumynyň açylyş dabarasynyň “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin sport çäreleriniň biraýlygyna gabat gelmeginiň hem özboluşy taryhy ähmiýeti bar. Soňky ýyllarda ýurdumyzda awto we motosport ulgamy uly meşhurlyga eýe boldy. 2013-nji ýylda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Sport-ulag merkezi açylyp ulanylmaga berildi hem sportuň bu görnüşi boýunça toplumlaýyn ýaryşlar geçirildi. Häzir ýurdumyzyň awto we motosportunyň öňünde täze mümkinçilikler açylýar. Onda zerur şertleriň döredilmegi, degişli maddy-enjamlaýyn binýadyň berkidilmegi, ýokary tizlikli sport ulaglarynyň döwrebap görnüşleri bilen yzygiderli üpjün edilmegi ýaşlaryň sportuň bu görnüşi bilen höwesli meşgullanmagyna, türgenleriň we olaryň halypalarynyň ussatlygyny ýokarlandyrmagyna ýardam berýär. Türkmen sürüjileriniň 2009-njy ýylda Kazan – Aşgabat ugry boýunça Dakar tapgyryndaky “Ýüpek ýoly” halkara rallisine gatnaşmagy-da milli awtosportunyň taryhynda ýatdan çykmajak waka boldy. Awtomobil sporty ýaly motosport hem gyzyklanma bildirýänleriň we sport janköýerleriniň örän köp sanlysyny özüne çekip, sportuň iň giň ýaýran görnüşleriniň biri bolup durýar. Şu ýyl “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly biraýlygyň çäklerinde Derweze- Gökdepe ugry boýunça awtomobil ýaryşy hem geçiriler. Awto we motosport hem adamyň bedenine oňaýly täsir edip, onda tutanýerliligi, erjelligi kemala getirýär. Umuman, sportuň her bir görnüşi, şol sanda sportuň tehniki görnüşleri hem adamlarda ruhubelentlik, şähdaçyklyk döredýär.