Ylhamyndan bina bolan gözel mekan Awazany dostluk kenary hökmünde häsiýetlendirmek adaty ýagdaýa öwrüldi. Munuň hem özüne ýetik sebäpleri bar. Hazaryň türkmen kenary taýsyz dynç alyş merkezi bolmak bilen birlikde, halkara derejesindäki ylmy-amaly maslahatlardyr sport ýaryşlarynyň, şeýle-de medeni çäreleriň geçirilýän mekanyna öwrülip, bu ýerde halklary has-da ysnyşdyrýan dostluk mukamlary belentden ýaňlanýar. Ýurdymyzda aýdym-saz sungatyny parahatçylygyň, dostlugyň we döredijiligiň çeşmesi hasaplaýar. Ynsanlaryň birek-birek bilen has-da ýakynlaşmagynda hem-de özara düşünişmeginde aýdymyň we sazyň jadylaýjy güýjüne uly baha berýär. Dost-doganlyk mekanyna öwrülen Awazanyň diňe bir adamlaryň oňat dynç almaklaryny, saglyklaryny berkitmeklerini üpjün edýän merkez hökmünde däl-de, eýsem täze sungat eserleriniň döredilýän mekany hökmünde hem giň meşhurlyga eýe bolmagy ugrunda uly tagallalary edýär. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda döredijilik ussatlary üçin özboluşly sungat baýramyna öwrülýän medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Awazanyň döredijilik, dost-doganlyk kenaryna öwrülmegi ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik, medeniýetleri we sungatlary ýakynlaşdyrmak ýörelgesiniň Berkarar mynasyp dowam etdirilýänliginiň subutnamasy bolup jahana dolýar. Baýram Muhammedow