Maňa упаптап, eşege ynanjakmy? Bir adam Ependiden eşegini sorapdyr. Ependi hem: — Eşegim obada ýok - diýip jogap beripdir. Şu halatda ýatakda daňylgy duran eşek aňňyrmaga başlapdyr. Muny eşiden dilegçi: — Weý Ependi, sen maňa «eşegim ýok» diýdiň welin, bu aňňyrýan näme? –diýip sorapdyr. Ependi oňa: — Päh-eý, sen-ä bir akmak adam ekeniň! «Ýok» diýemsoň, ýok bolar-da. Sen indi gel-gel meniň ýaly adamyň sözüne ynanman, eşegiňkä ynanjakmy? -diýipdir. Palaw iýenler gitsin Ependi öýlenen güni dostlaryny toýa çagyrypdyr. Olar iýip-içipdirler-de, Ependini nahara çagyrmagy ýatlaryndan çykarypdyrlar. Özüniň gowy görýän zagpyranly palawyndan aç galan Ependi gaharlanyp, öýden çykyp gidipdir. Birnäçe wagtdan soňra Ependini gözläp başlapdyrlar. Emma ony hiç ýerden tapmandyrlar. Dumly-duşa adam iberip, ahyry ony bir ýerden tapyp getiripdirler. Garyndaşlary: — Ýeri, Ependi, bu näme etdigiň boldy? Nirä ýitirim bolduň? Biz seni niçe wagtdan bäri gözläp ýörüs—diýip, ony gelniň ýanyna eltjek bolupdyrlar. Ependi bolsa: - Palawy kim iýen bolsa, gelniň ýanyna-da şol gidibersin—diýip, öýkeli jogap beren. şorta söz Ogly: - Eje men ýaňy ylgap gelýärkäm ýykylaýdym-da. Ejesi: - Agladyňmy? Ogly: - Ýok-la. Ejesi: - Näme üçin aglamadyň? Ýa-da hiç ýeriň agyrmadymy? Ogly: - Hiç kim görmedi-dä! Onsoň aglajagam bolmadym.