Bir gün Ependiniň eline az-owläk pul düşüpdir. Öýde hiç kim ýokka ol elindäki puly ýere gömüpdir. Soň gaýrarak çekilipdir-de: «Eger özüm ogry bolsam-a, muny derrew tapardym» diýip pikirlenipdir. Onsoň ol puly gömen ýerinden alyp, başga bir ýerde gömüp goýupdyr. Ýene-de gaýrarak durup: «Ýok, bu-da bolanok» diýipdir. Gepiň tümmek ýeri, nirede gömse-de, Ependiniň göwnüne jaý bolmandyr. Onuň öýüniň ilersinde kiçiräk bir alaň bar eken. Ependi baga baryp, ýörite bir syryk kesinipdir-de, puluny hem torba salyp, şol syrygyň ujuna daňypdyr. Ujy torbaly syrygy getirip, alaňyň üstüne dikip goýupdyr. Soňra eden işinden göwni hoş bolup: — Syrygyň depesine çykyp alar ýaly adam guş däl ahyryn. Baý oňat ýer tapdym-ow! — diýip, öz ýanyndan arkaýyn bolup gidipdir. Bir ogry Ependini aňtap ýören eken. Ependi giden badyna ogry alaňa çykyp, syrygyýykypdyr. Ujundaky pully torbany hem alypdyr. Syrygyň çür başyna bolsa sygyr maçjasyny ildirip, ýene öňki ýerinde dikip goýupdyr. Günleriň birinde Ependä pul gerek bolupdyr. Ol dikip soýan syrygynyň ýanyna baryp görse, ne torba barmyş, ne-de pul. Syrygyň çür başynda hem pully torba derek sygyr tezegi durmuş. Ependi haýran galyp, başyny ýaýkapdyr-da: —Meniň adam baryp bilmejek ýer diýip tapan ýerime asyl sygyr hem çykaýsa nätjek! — diýipdir.