Türkmenistanyň Prezidentimiziň şu ýylyň ýanwarynda kabul eden Kararyna laýyklykda, diýarymyzda aprel aýynyň 05-den maý aýynyň 05-i aralygynda «Sagdynlyk we bagtyýarlyk» atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş çäreleri geçirilýär. Bu asylly başlangyç sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän agzybir halkymyzy diýseň begendirdi. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli yglan edilen biraýlygyň çäklerinde ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleri, türkmen milli oýunlary boýunça ýaryşlar we Türkmenistanyň çempionatlary geçirilmäge başlandy. Köpçüligiň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, ýaşlary sporta çekmek maksady bilen geçirilýän sport ýaryşlarynyň we çäreleriň sanawy barha köpelýär. Sportuň maddy-enjamlaýyn binýadynyň ýylsaýyn kuwwatlanmagy, adamlaryň bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmagy üçin döredilýän şertler ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesiniň dabaralanmagyna güýçli täsirini ýetirýär. Soňky wagtlarda sport toplumlary hemişe türgenlerden, geçirilýän sport ýaryşlaryna tomaşa etmäge gelýän sport janköýerlerinden doly. Sagdyn, kämil, bilimli, edep-terbiýeli nesli kemala getirmek ýurdumyzyň baş maksadydyr. Saglyk ynsan ömrüniň bezegidir. Ruhy we beden saglygy halallagyň hem bagtly ýaşaýşyň gözbaşydyr. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş, syýahatçylyk we sport ulgamlary görlüp-eşidilmedik derejelere ýetdi. Döwletimiziň welaýatlarynda, etraplarynda, şäherleridir obalarynda binagärlik keşbi bilen görenleri haýrana goýýan täze stadionlaryň, sport mekdepleriniň, syýahatçylyk desgalarynyň, aýlawlaryň gurulmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Ynsan saglygy barada döwlet derejesinde edilýän aladalar barada söhbet edilende Hazar deňziniň kenarynda döredilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň gürrüňini etmän geçmek bolmaz. Çünki bu ýerde gurlup ulanylmaga berlen dünýä ülňülerine laýyk gelýän ajaýyp myhmanhanalar, dynç alyş we sagaldyş merkezleri adam baradaky aladanyň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Arçman, Baýramaly, Mollagara, Farap, Ýylysuw şypahanalarynyň durkunyň täzelenmegini we täze binalar bilen üstleriniň ýetirilmegini hem guwanç bilen bellemelidiris. Magtymguly atamyzyň: «Saglygyň gadyryny bilgil, hassa bolmazdan burun» diýen parasatly setirleri milletimiziň eýerýän sagdyn durmuş ýörelgesiniň aýdyň beýannamasy bolup çykyş edýär. Magtymguly atamyzyň döredijiligine şeýle baha berilýär: «Magtymguly — ynsan kalbynyň ruhy lukmanydyr. Şahyryň şygyrlarynyň döwürler dolanyp, heňňamlar öwrülse-de, öz gymmatyny ýitirmän, eýsem gadyrynyň artmagy ondaky öwüt-ündewleriň kalbyňa melhem bolup siňýänligindedir, göwünleri ganatlandyrmagyndadyr, adamlary heýjana getirmegindedir. Onuň şygyrlary ynjan ýüreklere em, argyn bedenlere kuwwat, sussupese ruhy ganatdyr. Hut şonuň üçin hem, halkymyz Magtymgulyny agyran-ynjan, aljyran, gussa batan gününde dertlerden gutarjak lukman tutunypdyr. Şahyryň melhem şygyrlary, tenekar sözleri her döwürde ulynyň-kiçiniň ruhuny tämizläp, bu owadan dünýä, adamzada, durmuşa söýgi döredipdir, halkyň göwnüni belende galdyryp, tutuş türkmen jemgyýetiniň ruhy sagdynlygyny üpjün edip gelipdir. Hakykatdan hem Magtymgulynyň şygyrlary dagdan çogup çykan gözbaşy arassa çeşmäniň suwy kimin jana şypalydyr. Ol şygyrlar edil daň-säheriň howasy ýaly tämizdir. Olar läle-reýhanly, gül-gülälekli bag-bossanyň hoştap ysy kimin bark urup, ynsanyň janyna hoşluk çaýýar. Bedenleri bogun-bogun söküp, ýüreklere giňlik berýän dutaryň mylaýymdan şirin sazy bolup heýjana getirýär. Mahlasy, Magtymgulynyň şygyrlary ynsan saglygyna zerur bolan ähli gowy närseleri özünde jemleýän jana şypa beriji ruhy melhemdir». Baýram Muhammedow