Taryhda yz goýan dana şahsyýetleriň käbir aýdan sözleri durnukly söz düzümlerine öwrülip, göçme manyda asyrlar boýy nesilden-nesle geçip, ýörgünli ulanylyp gelýär. Şeýle jümleleriň biri hem elde baryň bilen oňňut etmekligi, ýagdaýyň ýetmejek işe baş goşmazlygy ündeýän «Ýorganyňa görä aýak uzat!» diýen durnukiy söz düzümidir. Bu jümläniň döreýşi türkmenleriň arasynda Myraly ady biлen tanalýan Gündogaryň beýik akyldar şahyry Alyşir Nowaýy hem-de soltan Hüseýin Baýgara barada aýdylýan köp sanly şorta sözleriň biri bilen baglydyr. 01 şorta sözde gysgaça şeýleräk gürrüň berilýär. Günlerde bir gün Soltansöýün, ýagny Hüseýin Baýgara öz wezirleriniň akyl-paýhasyny synap görmekçi bolupdyr. 01 özüne gysgarak bolýan ýorgany kellesi bilen büräp, injigini açyp ýatypdyr-da, wezirlerine: Şu ýorgany meniň aýagymyň aşagyna ýetiriň! - diýip buýrupdyr. Wezirler hernäçe synanyşsalar-da, onuň tärini tapmandyrlar. Ahyry Soltansöýün: Hany, Myraly ýokmy? - diýip, ýatan ýerinden gygyrypdyr. Myraly oňa: Soltanym, eger gaharyň gelmese, ýorganyňy aýagyň aşagyna ýetireýin - diýipdir. Soltansöýün gaharlanmajakdygyny aýdypdyr. Myraly ýanyndaky ýatan gamçyny alypdyr-da, soltanyň ýalaňaç injiklerine mäkäm çalypdyr. Soltansöýün gamçynyň awusyna ilk-ä, derrew aýaklaryny ýygryp, ýorganyň içine çekipdir. Soňam ýerinden turup: Bu näme etdigiň boldy? - diýip, Myralydan sorapdyr. Myraly oňa: Men seniň buýrugyňa amal edip, ýorganyňy aýagyňa ýetirdim. Aslynda, sen ýorganyňa görä aýak uzatmalydyň - diýip jogap beripdir. Şorta sözdäki şu waka esasynda-da «Ýorganyňa görä aýak uzat!» diýen jümle durnukly söz düzümine öwrülip, dilimize ornapdyr. Durnukly söz düzümleri bolsa köplenç göçme manyda ulanylýar. Hal-ýagdaý aňladyp, göçme manyda ulanylýan bu söz düzüminiň ýaşlarda durmuşyň her bir meselesinde kanagatly bolmagy terbiýelemekde örän uly ähmiýeti bar. Baýram Muhamedow