et iýmek- saglygyň üçin zyýanly diýilen ynam bar. şu pikiri özlerine ýörelge edinip, adamlaryň köpüsi wegetarian (et iýmeýänler) bolýarlar. ýöne hut wegetarianlyk, howply we bejermesi kyn bolan keselleriň gözbaşy bolup biler. şeýle netijä, şu ugurdan birnäçe barlag işlerini geçiren kornell uniwesitetiniň ylymy işgärleri geldiler. munuň sebäbi-de, köplenç iýmitiň ösümlik görnüşini nahara ulanýan adamlar, organizmlerini omega-3 we omega-6 goýgun ýag erginlerinden mahrum edýärler. bu erginler diňe et önümlerinde bolýar. erginleriň şu görnüşiniň ýoklugy, organizmde alyş-çalyş prosesleriniň bozulmagyna getirip, her-dürli çişme prosesleriň döremegine alyp barýar, kä halatda bolsa, ýogyn içegede rak keseliniň döremegine we damarlarda we ýürek myşsalarynda problemalaryň peýda bolmagyna sebäp bolup bilýär. toplan rejep guwaja.

Köneler, rejepguwaja tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir