awtoulag satmak—iş ýüzünde köp zähmeti, dartgynlygy talap edýän, tagallaly işdir. biziň makalamyz, şu işde siziň wagtyňyzy tygşytlap, iň ýokary netijäni gazanmaga kömek eder. bu ýerde siz awtoulag satmagyň ýollaryna, satuwy nämeden başlamalydygyna we beýleki bu tema degişli wajyp soraglara jogap taparsyňyz. satuwa nämeden başlamaly? ilki bilen awtoulagy hasapdan çykarmaly. awtoulagy ynanç hatynyň kömegi bilen sataýmaň. sebäbi şonda kanun boýunça awtoulagyň eýesi siz bolýarsyňyz we ulag heläkçiligi bolsa jogapkär siziň özüňiz bolarsyňyz, ýa-da gözegçilik kamerasynyň surata düşüren ýol-düzgün bozmasyna gelen jerime kwitansiýasyny siz tölemeli bolarsyňyz. eger-de siz awtoulagyňyzy hasapdan çykarman satan bolsaňyz, onda hökman ynanç hatynyň nusgasyny alyp galyň. haýsy usullarda awtoulagy satmak amatly? şeýlelikde, siz awtoulagy özbaşdak satmaly diýen karara geldiňiz, onda muny nädip ýeňil, kän wagtyňyzy we nerw resurslaryňyzy harçlaman etmeli? iň ýeňil usuly, awtoulagy awtomobil bazarynda satmak. şonuň üçin awtoulagy alyja görkezmek üçin taýynlamaly. bilişiňiz ýaly, awtoulagy ilki bilen daşky görnüşi boýunça saýlap başlaýarlar, diňe şondan soň “iç goşlaryna” syn edýärler. alyjynyň bada haýyny almazlyk üçin, bazara gitmäkäňiz awtoulagy oňatja edip ýuwyň, oňarsaňyz daşyny mum bilen ýalpyldadyň we hökman salonyň içini arassalaň. gapylaryň aşagynda çüýrän ýerleri bolsa “antigrawiý” örtügini çalyň, dwigateli ýalpyldaýança ýuwyň. eger-de awtoulagy bir ýana çekýän bolsa, beýleki tarapynyň tekeriniň ýelini azaldyň. gyşyk diskaly tekeriňize owadan kolpak dakyň. bazara, gowy ýeri eýelemek üçin, ir gidiň we alyjyny yrmak üçin, bazara iki bolup gitmegi maslahat berýäris. şeýle-de, awtoulagy internetiň awtobazar saýtlarynda satmak bolýar. bu ýagdaýda, bildirişiňizi abraýly saýtlarda goýuň, awtoulagyň doly ýazuwyny beriň, her tarapyndan düşürilen fotosuratlary ýerleşdiriň. satuwyň bu usulynyň artykmaçlygy, internet habar beriş serişdesiniň elýeterligi we ulgamdan peýdalanýanlaryň sanynyň ägirtligidir. şeýlelikde, awtoulag satmanyň birnäçe görnüşini gözden geçirip, biz olaryň her biriniň öz plýusynyň we minusynyň bardygyna göz ýetirdik. bu makalaň niýeti, hormatly okyjy, size degişli maglumaty ýetimekde, galanyny bolsa, siziň özüňiz çözüň. çalt we amatly satuw arzuw edýäris! terjime eden rejep guwaja
Adiz 8 years ago- gowy pikir,ýöne nesibe diýyilýän söz bar. näçe arrasalanyňda peýdasy näme geçmese. häzirki wagt maşynam geçip duranok