birinji sentýabryň şowhuny yzda galdy, gül bermelerden, dabaraly söz sözlemelerden soň hemmesi öz ýerine geldi, şonuň bilen bilelikde, geçen okuw ýylyndan soň ýatdan çykyşan, öý işleri diýilip atlandyrylýan jebir ýene-de dolanyp geldi. nädip, düýniň özünde howluda ýoldaşlary bilen pökgi kowalap ýören okuwça, ýene-de eliňe kitap bilen depder almaly wagtyň gelendigini düşündirmeli? ýetişik, okuwçyň diňe bir bilim derejesine däl, eýsem, ýene birnäçe tekge bermeli wajyp ukyplara bagly bolup durýar. nädip öý işlerini, asgyn, çalt ýadaýan çagalar bilen etmeli. eger-de çaga ýarawsyzlygyň ýa-da ösüş derejesiniň pesligi netijesinde asgynlan bolsa, çalt ýadaýan bolsa, onda öý işlerini etmek oňa agyr degýär. okuwçyň “horluklaryny”, belli bir iş tertipnama eýermek arkaly ýeňilleşdirip bolar. .öý işlerine, diňe çaga gezelenç edeninden, garbanandan we ýatyp dynjyny alandan soň başlaň. gündizki uky diňe bir kiçi ýaşly çagalara däl, eýsem uly ýaşly çagalara-da zyýan etmez. .öý işlerini birnäçe bölege böliň we olaryň arasyna arakesme goýuň. .öý işlerini ilki bilen çaga kyn düşýän predmetlerden başlaň, soňra ýeňillerine geçiň. .çaga kömek sorasa ýok diýmäň, oňa gönükdiriji soraglary beriň, meseläň çözgüdine itergi beriň, emma ähli işi öz boýnuňyza almaň. elbetde, çagaň beden kemçiliklerini, saglyk ýagdaýyny ýadyňyzdan çykarmaň— ol näçe çalt daýansa we deň duşlarynyň yzyndan ýetse, şonça-da ýetişigi ýokarlanar, öý işlerini etmek oňa kyn düşmez. toplan rejep guwaja

Köneler, rejepguwaja tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir