dünýäde iň uly nyşan çyragy(maýak). dünýäde iň uly tebygy nyşan çyragy (maýagy) nirede ýerleşýär? bütün dünýäň deňizçileri onuň merkezi amerikaň kenarlarynda ýerleşen, boýy iki müň metr bolan isalko atly wulkandygyny aýydýarlar. bu wulkanyň kraterinden, her sekiz minutdan ses edip magma atylyp çykýar, goýy tüssä öwürilip boýy 300 metre çenli galýar. bular ýaly atylyp çykyş bu ýerde eýýämi iki ýüz ýyl bäri dowam edýär. şonuň üçin gije gündiz, howanyň isledik ýagdaýynda, bu wulkan gämiler üçin çelgi belligi bolup hyzmat edýär. rebusyň taryhy. rebuslar surata duwlanan tapmaça höküminde ilkinji gezek 15 asyrda fransiýada peýda boldy. birnäçe wagtdan soň fransuzlar söz aýlawundan düzülen ýomakly tapmaçany, latyn dilinde ýaňlanýan nakylyň- ”nonwerbessedrebus” /söz bilen dälde, goşuň kömegi bilen/- iň soňyny bilkastdan bölip rebus diýip atlandyrypdyrlar. surat hökiminde getirilen rebuslar hem şol döwirde peýda bolupdyr. wagtyň geçmegi bilen tapmaçalaryň has çylşyrymly görnişleri peýda bolup başlapdyr 16 asyryň başlarynda rebus germaniýa, angliýa, italiýa ýaýrapdyr. muňa 1582 ýylda fransuz etýen taburoň düzen rebuslar ýygyndysy ýardam edendir. muňa garamazdan rebusly tapmaçalary ilkiler diňe fransuzlaň söýgisine mynasyp bolup, başga ýurtlarda uly gyzyklanma döretmändir. orsyýetde rebus 19 asyryň ortalaryna peýda bolupdyr. şekilleriň we harplaryň astynda gizlenen sözleri, ilkinji gezek meşhur “illýustrasiýa” jurnaly 1845 ýylda çap edipdir. uzagyndan rebus uly- kiçiniň güýmenjesi bolup, agşamlaryna maşgala ojagynda tapmaça ýormak oýuna öwürilipdir. 1881 ýylda orsyýetde “rebus” atly ýörite jurnal çykyp başlady. onda, rebuslardan we tapmaçalardan başgada gyzykly statýalar, dünýäň dürli künjeginden habarlar, okamasy ýeňil bolan çeper eserler çap edilýän eken. tapmaçalaň jogabyny bilen adama kiçiräk pul baýragy berilýän eken. žurnal örän meşhur eken we 20 ýyllap çap ýedilipdir. kakamyrat geldiýew. “zaman” gazeti, 21-nji fewral, 2015-njy ýyl.