Ýenim, iý!.. Ependi bir gün mertebeli öýe nahara çagyrylypdyr. Ol bu ýere köne geýimini geýip barypdyrweli, hiç kim onuň ýüzüne-de seretmändir. Soňky saparkyçakylykda ol geýnibilenini geýnip, egnine hem peşeneli don atyp barypdyr. Ony uly hormat bilen garşylap, töre geçiripdirler. Öý eýesi tagamly tabaklary Ependiniň öňüne süýşürip: — Hany, Ependi, alyň! — diýip, tagzym edipdir. Ependi bolsa donunyň ýeňini tabaga sokubrak: — Iý ýeňim, iý! — diýipdir. Muňa oturan myhmanlar haýran galyp: — Ependi, bu näme etdigiň? — diýip sorapdyrlar. Şonda Ependi olara: — Eger hormat dona edilýän bolsa, goý don iýsin-dä diýip jogap beripdir.