sahna sungatlarynyň janköýeri sergeý alekseýewiç dybkini, diş agyry heläk edýär. tejribesi ýetik zenanlaryň we moskwa diş lukmanlarynyň berýän maglumatlaryna görä, diş agyry üçe bölünýär: guryagyryjy, beýnä çümüji we süňk iýiji, ýöne maňlaýy gara dybkiniň horlukdan ýaňa süýrelip giden ýüzüne äňedeňizde, onuň janyny iýýän agyryň, bularyň hiç birine gabat gelmeýäni size düşnükli bolar. göwnüňe bolmasa, şeýtan arwahlary bilen onuň dişinde mekan tutunyp, misli ony dyrnaklary, dişleri, şahlary bilen köwýän ýalydy. görgüliň kellesi ýarylara gelip, gulagyna çiş sokulýardy, gözleri gögerip, burny dyrnaçaklanýardy. ol iki elleri bilen sag dulugyndan ýapyşypdyr-da, ol çüňkden, bu çüňke ylgaýardy we bogazyna sygdygyndan gygyrýardy... --kömek edäýiňdä maňa! maňlaýymdan gülle goýbererin, al kakmyşlar! boýnuma syrtmak ataryn!—diýip, ol hem gygyrýar, hem aýaklaryny tapyrdadýar. aşpez aýal oňa, agzyny arak bilen çaýkamagy maslahat berýär, käbesi—ýaňagyna nebite ýatyrylan gyrgyçdan geçirilen hren ýapmagy maslahat berýär, uýasy syýa garylan atyry ulanmagy maslahat berýär, ejekesi hiç zat diýmän, dişleriniň etini, ýod bilen çyrşap çykdy... ýöne, bu serişdelerden ýaňa, üstünden gelýän dermanyň ysy töweregi tutdy, özüniň aňkasy aşdy we öňküden hem beter gaty ses bilen gygyryp başlady... synagdan geçirilmedik serişdeleriň diňe biri galypdy—maňlaýyňa sapança diräp, mäşäni gysmak ýa-da üç çüýşe konýagy birden içip, akylyňy çaşyryp, ýykylyp ýatyp galmak... ynha, ahyry dybkine twerskoýa, zagwozdkiniň jaýynda ýaşaýan, dişi şol bada, agyrysyz hem arzan—öz bahasyna sogurýan diş lukmany karkmanyň ýanyna gitmegi maslahat beren akylly adam hem tapyldy. dybkin bu teklipden, serhoş söwdagäriň germeçden ýapyşyşy ýaly ýapyşdy, paltosyny geýäge-de, paýtuna münüp, berilen salga tarap tüweleý ýaly ýüwürdi. ynha sadowaýa, twerskaýa... melkaýut siu, filippow, gabaý... ahyry soň, atýazgyly gapy: “diş lukmany ý. a karkman.” saklan! dybkin paýtundan böküp düşdi-de, dat-perýat, daş basgançak bilen ýokarlygyna ylgap çykdy. jaňyň düwmejigine guduzlan ýaly basýar welin, hatda nepis dyrnagyny-da döwenini duýmaýar. --öýdemi? kabul edýärmi?—diýip, ol öý hyzmatçy aýaldan soraýar. --merhemet ediň, kabul edýärler... --uf-f! paltomy çykar! çaltyr-rak bol! agyrydan ýaňa ene-de bir minutdan, göwnüňe bolmasa pahyryň kellesi, ahyry soň ýarylaýmagy ahmal ýalydy. akylyndan azaşan ýaly, ýa-da, dogrusy, aýaly nebisi agyryp depesinden gaýnag suw guýulan erkek ýaly, ol kabulhana ylgap girýär we... nähili elhençlik! kabulhana märekeden depilip dykylan ýaly. dybkin göni iş otagyň gapysyna ylgaýar, ýöne ony ýartmajyndan tutup saklaýarlar we onyň hem öz nobatyna garaşmalydygyny aýdýarlar... --men ejir çekýän ahyry! al kakmyş, men elhenç pursatlary başymdan geçirýärin!—diýip, ol gyzmalyk edýär. --geçireňde näme?! bize-de hezil däl—diýip, biperwaý jogap berýärler. meniň gahrymanym halys bolup kürsä özüni goýberýär, elleri bilen ýaňaklaryny tutup, garaşmaga başlaýar. onuň ýüzi, tüýs uksusa ýuwulan, gözlerinde ýaş damjalary... --nähili elhençlik! wah, öl-ýä-ri-in!—diýip, ol iňleýär. --görgüli, görmegeý ýigit! meniň hem ejirim siziňki-çe bar: eziz çagalarym meni, meniň hut öz öýümden kowdylar!—diýip, onuň ýanynda oturan zenan uludan demini alýar. hiç hili öňdebaryjy maliýe makalasy, hiç hili haýr-sahabat üçin berilýän sahna oýuny, kabulhanada oturmak ýaly içýakgyç içgysgynç bolup bilmez. bir sagat geçýär, ikinjisi, üçünjisi, betbagyt dybkin bolsa, kürside iňläp otyr. öýlerinde bir eýýam öýlänlik edinendirler, tizden agşam çaýyna başlarlar, ol bolsa otyr. diş bolsa ganymy bar ýaly, gitdigiçe beterleşýär... ahyry, müdimilik görgi geçýär we dubkiniň nobaty gelýär. ol gopup ýerinden galýar we kürsäp iş otaga girip gidýär. -hakyň adyndan! ýalbarýaryn!—diýip, ol diş bejerilýän kürsä özüni goýberip, agzyny açýar. --näme? size näme gerek?—diýip, iş otagynyň eýesi, äýnekli, uzyn saçly, saryýagyz erkek kişi ondan soraýar. --goparyň! goparyň!—dybkiniň demi demine ýetmeýär. -kimi goparmaly? --eý taňrym! meniň dişimi! --geň galaýmaly!—diýip, saryýagyz kişi egnini gysýar: --meniň, jenap wäşi, bälçireşmäge wagtym ýok, haýyş edýärin aýdyň: size näme gerek? terjime eden kakamyrat geldiýew.