1999-njy ýylyň 21-nji martynda, ýunesko-nyň baş konferensiýasynyň 30-njy mežlisinde, her ýylyň 21-nji martyny bütündünýe şygyryýet güni diýip hasap etmeklik (worldpoetryday) karar edildi. ilkinji bütindünýe şygyryýet güni , parižde, ýunesko-nyň ştab—kwartirasynyň ýerleşen ýerinde geçirildi. ýuneskonyň kararynda şeýle diýilýär: “şygyrýet, häzirki döwür adam ruhunyň ýiti we çuň talaplaryna jogap bolup biler—ýöne munuň üçin şygyrýete jemgyýet köpçüliginiň ünsini has—da köp çekmeli”. bütindünýe şygyrýet güniniň ýene bir maksady, şahyrlara, okujy köpçüligine öz eserlerini ýetirmekde esasy hyzmaty edýän kiçi neşirýatlara, çuň many berýän şygyr döredijiligine ýardam berýän edebiýat toparlara özlerini giňden gorkezmäge mümkinçilik bermekdedir. şol gün köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, adamlar üçin açyk, hakyky hem häzirki zaman şygyrýetiň obrazyny döretmäge ündemelidirler diýip, ýunesko hasap edýär. iň gadymy şygyr—senalar, biziň eramyzdan öňki 23-nji asyrda doredilipdir diýilip hasap edilýär. biziň günlerimizde, şygyrýet güni medenýet edaralarynda, bilim edaralarynda, döredijilik toparlarda we beýleki ,metbugat edaralarynda her-dürli şygyrýet konsertleri, awtorlyk çykyşlar, şahyrlara we olaryň döredijilik ýollaryna bagyşlanan konferensiýalar we seminarlar, döredijilik prezentasiýalary geçirilýär.

Köneler, rejepguwaja tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir