alymlar, şimpanzň biri biri bilen 66 sany üm arkaly habarlaşýandyklary barada 19 gezek habar ýazdylar. alymlaryň täze kaledon gargalary bilen geçirilen tejribe-synaglarynyň esasynda, gargalaryň sebäp- netijelilik düşünjesiniň ýedi ýaşly çagaň akyl ýetiriş ukuby bilen deňdigi aýan boldy. eger-de garga kiçiräk gapdaky suwda ýüzýän tagamjygy çüňki bilen alyp bilmese, onda ol suwuň içine daşjagazlary oklap, suwuň derejesini ýokaryk galdyrýan eken, şondan soň çüňki bilen tagamjygy alýan eken. şeýle-de täzekaledon gargalary çeplekeý ýa-da saglakaý bolup bilýän bilýärler. alymlar şimpanzeleň biri-biri bilen habar alyş ümlerini aýdyňlaşdyrmagy başardylar, olaryň aň- akyl gatnawunyň çylşyrymlylygy adamyňkydan pes däl diýen neijä geldiler. mysal üçün şol bir üm, aýry-aýry şertlerde, aýry-ayrý manyny berýän eken. beýleki bir ylymy barlaglar, maýmynlar hem adamlar ýaly akyl ýetiriş ukubuny nesilden- nesile geçirip bilýän ekenler. amerikan biologlary akyl paýhasyny barlamak maksady bilen, nesili bir bolan 100 maýmynyň öňünde teklip hökümünde 13 sany birmeňzeş mesele goýupdurlar. ýany bilen olaryň gen seljermeler arkaly, aýry-aýry jynslaryň arasyndaky garyndaş gatnaşyklary barlanyldy. barlagyň netijesi, maýmynlaryň aň- düşünje derejesiniň nesil yzarlama dahyllydygyny tassyklady. ýöne gargalaň ýa-da maýmynlaň akyl ukuplary öňden belli bolsa, balyklaryň takyk, çylşyrymly gylyk häsýetleri alymlary dogrudan hem haýran galdyrdy. öňler süýtemdirjileň biri ýa-da ikisi adam bilen düşünişmäge ukuply diýilip hasap edilýärdi. häzirki ylymda geçirilýän barlaglaň netijesi ýokarda getirilen nazarýetden çetleşmäge mümkünçülik berýär. mysal üçün koral foreli murenleriň (ýyrtyjy balyk) awyna kömek edýän, öz manyly hereketleri bilen olara bukuda ýatan oljany görkezip, soňundan özüne ýeten paýy alyp gidýän eken. ýöne jandarlaň hemmesi biri- biri bilen arkalaşykda däldir. gündüzkörleň ýaň lokasiýa arkaly aw edýänleri hemmä belli bolsa gerek. meksikan gündüzkörleri öz oljasyna beýleki gündüzkörüň gönügenini eşitse, ol bäsdeşiniň garşysyna päsgelçilik ýaň tolkunlaryny goýberip, ony azaşdyryp goýberýär. alymlar hatda gündüzkörleň goýberýän ultraseslerini ýaňadan meňzetmäni öwrenipdiler, tejribe hökümünde ultrasesleri olaryň tizlik-ýygylygynda ýaňlandyryp, birentek gündüzköri azaşdyrdylar. belli bolşy ýaly iň oňat ys alyjylar diýilip itler hasap edilýärdi. soňky geçirilen ylymy barlaglaň netijesinde pillerde yslara jogap berýän 2000-den gowurak gen tapyldy. şeýlelikde piller ýiti ys alyjylyk ukuby bilen, öz körsaňlygynyň öwezini dolýarlar diýip alymlar hasap edýär. olar hatda afrikaň halkynyň aw bilen meşgul masai taýpasyny, daýhan kamba taýpasyndan diňe bir ysy boýunça tapawutlandyrman, eýsem olaryň dilleriniň aýry- tapawuduny hem saýgarýan ekenler. keniýaň amboseli milli parkynda, “an-ha serediň, piller gelýär” diýen sesi iki dilde ýazdyrdylar we pillere diňletdiler. kambo daýhan taýpasynyň dilinde ses goýberilende pillerde hiç- hili bimazalyk duýulmady. haçan-da piller awçy masai taýpaň sesini eşidende dessine ýagy çozan ýaly bir ýerik üýşüp garşylyk görkezmäge taýyn bolupdurlar. bulardan başga-da piller tupan turjagyny ýüzlerçe kmetr öňünden bilýän ekenler. terjime eden rejep guwaja.

Köneler, rejepguwaja tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir