-gözüm gözüne düşende on iki süňňüm lagşaýdy. näme sorasa “bar” diýip agzymy öweldip durupduryn. duranja ýerinde ýüküni tutup ugradyp goýberdim-ow.- diýip dükanda bile işleýänýoldaşym pallaw agyz suwardyp gürrüň berdi. -adyny berin soradyňmy, adresini aýytdymy- diýdim. -wah hawa-la. “ertir doglan günüm, wagt tapsaň geläýem” diýdi. ýeke özüm gitmäge utanýan. nätanyş ýeriňe ýoldaşlyja barsaň gowy bolýar, bileje gidelile.- diýdi. -ol seni çagyrypdyr ahyry- diýdim. -menem seni çagyrýanda, belki, oňatja jorasy dagy bardyr, gidäýeli-dä- diýip duransoň, geregimi artdyryp durmadym. -ýeri onsoň, nämejik sowgat ederis- diýip pallaw ýene maňa sala saldy. -altyn sagat al, gyzyl ýüzük al. aýal maşgalalar şol zeýilli zatlary gowy görýärler- diýdim. pallaw ör- gökden geldi. soňam töweregine ýaltaklap, pyşyrdap gepledi. -diliňe bir bek bolaweri, gelnejeň eşidäýmesin. başymyza kyýamat inderer ol... -gelinden gorkýan bolsaň, bu işe ulaşyp nätjekdiň? -aý bu- dabir jahyllykdyr-da, dost jan... aýytsana sowgady näderis? -gül alarys. zenanlaryňdoýmaz aşy güldir. sowgadyň bolsa, göwnüňden tursa soň äberibererler.- diýdim. pallaw meniň soňky maslahatymy makul bildi. bir desse güli goltuga gysdyryp, belleşilenpursatda ýola düşdük. belent mertebeli jaýyň girelgesinden sümüp, basgançakdan ýokary çykyp başladyk. ahyrsoňy, pallawuň makullamagy bilen, bir gapynyň jaňyny basdyk. ses üýn ýok. ýene, ýene basdyk. elbet, gaýtalap duramyzsoň, öý eýesiniň ýüregine düşendiris-dä. aňyrdan aýak sesi eşidildi. men arkan çekildim. pallaw gül dessesini ýüzüne tutup ykjamlandy. aýtjak nutugyny jemledi. onýança-da gapy açyldy. -bir bakyşda ýesir eden näzenine... pallawuň dili tutuldy. has dogrusy, öýden çykanyň ýognas sesi pallawuň diline badak boldy. -ýeri onsaň, bir bakyşda ýesir eden näzenine-hä güljagaz getiripsiň, bir kakyşda ýere ýazjak gerçege nämejik getirdiň.? rejäň geň däldigini duýdum-da, basgançakdan aşaklygyna düwdenekledim. gorsaň dagy, aýagyňam diýeniňi edenok. iki- üç basgançagy- dagy goşalabam towusýan welin, asyl ýol önenok. bir haýukdan pallawuň gyryljagyrak sesi eşidildi: -eý nädýäň- aý?! soň näme- nämeleriň bolanyny bilemok. bir görsem, pallow düwdenekläp mendenem öňden barýar. girelgäniň gapysynda pete- pet gelen oral aýal bilen tas çakyşypdyk. ol biziň bolup gelişimizi görüp allaniçigsi boldy. ýöne ýakasyny tutup yza çekilse-de, ol bu ýagdaýa belet eken: -wah ýurt ýykan bihaýa, bujagaz neresselerem girisine salypdyr-ow. negözel ýigitleň başyny aýlap, äri bilen şeýdip ýördä... bulaňňam ýüzüni ýuwmaly däl. haýsy bir gülüp bakanyň yzyna düşjek ýörjek diý-dä welin, wah, oglan bolýarlar-da. arta- süýşe zadyňyz bolsa, bala- çagalaryňyza iýdiriňde, oturyň-da tünegiňizde. näme iliň aýalynyňaýagy altyn-da, başy kümüşmişmi...- diýip, ol yzymyzdan käýinip galdy. gaty ýangynly gürlänindenmi nämemi, men gaňyrylyp- gaňyrylyp ol aýala seretdim. pallaw ýakamdan tutup: -ýörsene, agzyňy öweldip durma-da. näme uzyn etekli görmänmidiň?- diýdi. geldiýew kakamyrat. “edebiýat we sungat.” gazeti. 10-njy mart, 1989-njy ýyl.