käbir soraglar okyjylarymyzda köpçülikleýin gyzyklanma döredýär. gazetimiziň şu sanynda biz hem ýygy- ýygydan gabat gelýän soraglara giňişleýin jogap bermegi makul bildik. mysal üçin gurbandurdy çolukow öz hatynda “alpinizmde ýedi çürlik” näme”- diýip soraýar. gürrüň ýer ýüzüniň ýedi kontinentiniň her birsinde ýerleşen iň beýik dag gerşi barada gidýär. alpinizmde bu dag gerişleri “ ýedi çürlik” ady bilen bellidir, düşünjäni 1985-nji ýylda ady belli, ýedi kontinentiň ýedi sany iň beýik dag gerişlerine çykyp gören alpinist riçard bass (1929ý.) girizdi. bada belläsim gelýär: sanawnamada gürrüň, dünýä belli 14 sany sekiz müň metrlik dag gerişleri barada dälde, eýsem ýedi kontinentiň her birisindäki iň beýik dag gerşi barada ediljekdir. häzirki belli bir sorag boýunça saýlamamyzda biz, dünýäniň dürli künjeginden nusgalyk alyp, size hödürlemekçi. demirgazyk amerika, mak- kinli dagy, alýaska. alýaskadaky mak- kinli dagy (ýa-da denali) abş-da we demirgazyk amerikada iň beýik dag gerşidir. onuň iň beýik nokady, deňiz derejesinden 6194 metre ýetýär. topografiýanyň düzgünine laýyk ölçege alynanda, mak- kinli ewerestden we akonkaguadan soň dünýäniň iň beýik dag gerişleriniň üçünjisidir. daglyk, denali milli parkyň merkezi bölegi bolup durýar. günorta amerika- akonkagua, argentina. akonkagua- diňe bir günorta amerikada däl, eýsem demirgazyk amerikada hem iň beýik dag hasaplanýar. beýikligi 6959 metr bolan dag, argentinanyň mendosa welaýatynda, and daglarynyň tirkeşiginde ýerleşendir. beýik dag gerşi huan welaýatyndan 5 kilometrlikde, çili bilen aralykdaky serhetden bolsa 15 kilometr daşlykda ýerleşendir. akonkagua- ýer ýüziniň günbatar we günorta bölekleriniň iň beýik dag gerşidir. sanawnamamyzy ýewraziýa kontinenti boýunça dowam etdirmekçi, ýöne biz bu uly kontinenti ýwropa we aziýa bölmegi makul bildik. sebäbi dünýäň iň belli dag gerişleri, elbrus we ewerest ýerleşendir. ýewropa- elbrus dagy, orsyýet. elbrus dagy- kawkaz dag hatarynyň günbatar çetinde, kabardin- balkariýada we garaçaý- çerkeziýada, orsyýet bilen gruziýanyň araçäginde ýerleşen sönen wulkandyr. kawkaz ýewropa bilen aziýanyň araçäginde ýerleşenligine seretmezden, ylymy we geografik çeşmeleriň köpüsi, elbrus- ýewropanyň iň beýik dagy diýip hasap edýärler. onuň çür depesiniň beýikligi 5642 metrdir. aziýa- ewerest, nepal/ hytaý. ewerest- ýer ýüzüniň iň beýik dag gerşidir, onuň beýikligi deňiz derejesinden 8848 metre ýetýär. ol gimalaý daglarynda, hytaý bilen nepalyň arasynda ýerleşendir. dünýäniň iň beýik dagy bolany üçin ewerest alpinizmiň mekanyna öwürilendir, bu ýere köp sanly tejribeli, köpi gören alpinistler gelýärler. olara belli ugurlar bilen ýokaryk galmaga tehniki şertler döredilendir. afrika- kilimanjaro dagy, tanzaniýa. kilimanjaro- kilimanjaro ( tanzaniýa) milli goraghanasynda ýerleşen, üç sany wulkan gerişleri ( kibo, mawenzi, şira) bolan, sönen wulkandyr we afrikaň iň beýik dagydyr. onuň beýikligi deňiz derejesinden 5895 metre ýetýär. ol hakykatda, million ýyl mundan öň wulkan atylyp, lawa zyňylma netijesinde emele gelen, ýeriň ýokarky atmosfera gatlagyna ýetip duran äpet wulkandyr. onuň iki wulkan gerşi, mawenzi we şira sönendir, kibo bolsa (iň beýigi) hereket etmeýän wulkan bolup, täzeden oýanyp biler diýilip hasap edilýär. iň soňky gezek kiboda 360000 ýyl mundan öň lawa zyňylma bolupdyr, şonuň bilen birlikde onuň 200 ýyl mundan öň herekete geleni bellenilýär. awstraliýa we okeaniýa- punçak-jaýa( karstenz piramidasy) papua prowinsiýasy, indoneziýa. punçak- jaýa ýa-da karstenz piramidasy, karstenz daglarynyň çür depesi hasaplanylýar. onuň beýikligi, deňiz derejesinden 4884 metr beýikdedir. pinçak jaýa, indoneziýanyň, okeýaniýanyň we awstraliýanyň iň beýik dagy bolup, günorta- gündogar aziýanyň beýik daglarynyň bäşinjisidir. antarktida- winson dag toplumy, elsuorta daglary. winson dag toplumy antarktidanyň iň beýik dagydyr. onuň ahyrky nokady bolan winson dag gerşi 4892 metrde ýerleşendir, oňa 2006- njy ýylda amerikaň kongresiniň agzasy karl winsonyň ady dakyldy. dag toplumy ilkinji gezek 1958-nji ýylda ýüze çykaryldy we 1966-njy ýylda onuň gerşine alpinistler tarapyndan ýörüş gurnaldy. 2001-njy ýylda täze ekspedisiýa dag toplumynyň günorta uguryndan ýokaryk galdy we onuň gerşinde gps ölçegleri geçirdi. biler bolsaňyz! biziň planetamyzyň iň beýik dagy, ýuwaş ummanyndaky gawaý adalarynda ýerleşen manua- kea dagydyr. ol deňiz derejesinden bary- ýogy 4200 metr ýokary göterilýändir, ýöne welin onuň esasy bölegi, suwuň düýbinde, 10000 metrden hem gowurak çuňlukda gizlenendir. dünýäniň iň beýik daglary. annapurna (morşiadi). beýikligi- 8091 metr. annapurna, merkezi nepalyň gündogar böleginde, kali- gandak we marsiandy derýalaryň aralygynda ýerleşendir. ol, günbatardan gündogara uzalyp gidýän ägirt uzyn dag hatarynyň iň beýik gerşidir. nangaparbat (diamir). beýikligi 8125 metr. bu ägirt uly dag massiwi gimalaý daglarynyň 2000 kilometrlik aýlawunyň günbatar çetinde, pakistanda, inda derýasynyň gözbaşynda ýerleşendir. özüniň köp sanly örküçleri, buzluklary we gaýalary bilen 5000 metre uzap gidýän bi dag toplumy, goňşy dag gerişlerinden 1000 metr beýikdir. manaslu (kutang). boýy 8156 metr. manaslu (kutang)- marsiandi- gandaka we annapurna- dhaulaguri dag toparlarynyň (merkezi nepal) gündogarynda ýerleşen gurkha- gimale dag toplumynyň ýeke- täk sekizmüňligidir. dag gerşi ilki bada “geriş-30” diýilip atlandyrylýan eken, 50-nji ýyla çenli bolsa onuň ady “kugitang-1” eken. dhaulagiri-1. beýikligi 8167 metr. çykmasy kyn, uzalyp gidýän giň, bir beýik dag gerşi bolan daglyklar, kali- gandaka hanasynyň (kanýonynyň) günbatarynda, dhaula- gimale (merkezi nepal) dag toplumynda ýerleşendir. ço oýýu. beýikligi 8153 metr. dag nepal bilen hytaýyň araçägindäki mahalangur- gimale dag toplumynda ýerleşen jomolungmy beýik dag gerşiniň 29 kilometr demirgazyk- günbatarynda ýerleşendir. onuň ady “firuza perizady” diýen manyny berýär. makalu (makalufeng). beýikligi 8010 metr. örän oňat sudury bolan, beýikli- pesli, granit harsaňly dag gerşi mahalangur- gimale (gündogar nepal) dag toplumynda ýerleşen jomolungmi beýik gerşiň 16 kilometr günorta- günbatarynda ýerleşendir. dag darjiling tarapdan gowy görünýändir. lhosze. beýikligi 8511 metr. “lho-sze” tibýetçe, “günorta dag gerşi” manyny berýändir. dag gerşi jomolungmi dagyndan 3 kilometr günortada ýerleşendir. ilkiler lhosze, jomolugmi dag toplumynyň ýan tarapynyň dag etekleri hasap edilýärdy. emma onuň jomolugmiden eýer görnüşli dag toplumy bolup aýratyn ýerleşenligi aýdyň görünýän eken. kançenjanga (kançenjunga, kançenfanga). beýikligi 8598 metr. kang- çen- dze- nga tibýetçe ady (beýik garlygyň bäş hazynasy) bu dagyň bäş sany buzluklaryny örän takyk häsiýetlendirýän eken. ewerest açylmazdan öň, kaçenjanga köp ýyllap ýer ýüzüniň iň beýik dag gerşi diýilip hasap edilipdir. uzynlygy 12 we ini 7 kilometr bolan göwrümli dag massiwi, gimalaý daglarynyň gündogar böleginde, nepal-hindistan- hytaý üçburçlykda ýerleşendir. onuň iň beýik, 8000 metrden geçýän dag örküçleriniň uzynlygy, 6 kilometrden geçýändir. bu beýik dag gerşi sekizmüňlik dag gerişleriniň iň günbatarda we şonuň bilen birlikde iň günortada ýerleşenidir. k-2 (çogori, kýaogelifeng). beýikligi 8611 metr. k-2 karakorumyň (pakistan) baltoro- mustang diýilýän ýerinde ýerleşendir. balti taýpasynyň dilinde çogori “uly dag” diýen manyny aňladýar. geodeziýada berilen k-2 belgisi, bu dag gerşiniň ýer ýüzinde ikinji beýik dag gerşidigine hiç- hili dahyly ýokdur. jomolgma (ewerest, jumalungfeng, sagarmatha). beýikligi 8848 metr. üç erňekli, piramida görnüşli dag gerşi mahalangur- gimal (khumbu- gimal) dag gerişleriniň gündogar nepal tarapynda ýerleşendir. toplan rejep guwaja.

Köneler, rejepguwaja tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir