dzýunitoro tanidzaki. ýapon ýazyjysy, dramaturgy we senariýaçysy (1886-1965). biografiýasy tanidzaki, tokioda, baý kommersant, çaphana eýesiniň maşgalasynda, 1886-njy ýylyň 24-nji iýulynda eneden dogulýar. 1956-njy ýylda çap edilen “çagalyk ýyllarym” atly kitabynda, çaga wagty özüniň lälik saklanandygyny ýazýar. ýöne wagtyň geçmegi bilen, maşgalasynyň maliýe ýagdaýy pese gaçýar we ol tokionyň başga raýonyna göçüp, mugallym bolup işe ýerleşmäge mejbur bolýar. tanidzaki tokionyň uniwersitetiniň edebiýat fakultetine okuwa girýär, emma pulsuzlyk sebäpli 1911-nji ýylda okuwyny taşlamaly bolýar. tanidzaki ilkinji edebiýat ädimlerini, bir aktly pýesa ýazmak we ony edebiýat jurnalynda çap etdirmekden başlapdyr. ol özüniň irki döredijilik döwründen başlap edebiýatda naturalizma garşy göreşip, modernizmiň we awangardizmiň tarapdary bolupdyr, eserlerinde adaty ýapon edebiýatynyň esaslaryny, günbatar ýewropa edebiýatynyň estetiki prinsipleri bilen utgaşdyrmaga çalyşypdyr. ýazyjynyň irki eserleri ruhuň we teniň ýowuz gujurynyň, şum söýgüniň syrly güýjiniň beýanlaryna we açyk erotizme baýdyr. onuň eserleri, döwrüniň beýleki ýapon edebiýatçylarynyň döreden eserlerinden gelin-gyzlaryň obrazlarynyň unikallygy bilen tapawutlanýar, ylaýtada “çagalar”(1910), “syr”(1911) we “arwah”(1912) powestlerinde ýowuz gelinleriň obrazlary we “naomi”(1924) romanynda döwürdeş gyzlaryň obrazlary. ýazyjynyň giçki döredijiligi babatda(1923-nji ýyldan başlap), onuň günbatarýewropa täsirinden saplanyp, ýapon gadymylygynyň we estetikasynyň älemine çümenligini aýratyn bellemeli. tanidzaki dzýunitiro 1965-nji ýylyň 30-njy iýulynda, sidziokaň atami şäherinde, 79 ýaşynda dünýäden ötdi. şol ýyl “týuokoronsýa” neşirýaty onuň adyny göterýän baýrak döretdi. režesýor ýasudzo masumura ýazyjynyň eserleriniň esasynda “kelpeňiň söýgüsi”, “tatuirowka” we ýene birnäçe kinolentalary döretdi. eserleri: “tatuirowka” we “szilin” (1911-12ý) “kinniwanja ýurt” (1918) “kelpeňiň söýgüsi” (1025) “swastika” (1928-1930) “kölegäniň öwgisi” (1934) “körüň hekaýaty” (1934) “asikari” (1932) “sýunkiniň taryhy” (1933) “gendzi barada powest” (20-nji asyryň 30-njy ýyllary) “ownuk gar” (1943-1948) “sigemotanyň ejesi” (20-nji asyryň 50-nji ýyllary) “açar” (1956) rejep guwaja.

Köneler, rejepguwaja tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir