sýunkin ady bilen belli aýal adam koto modzuýa, osakaly dermanhana eýesiniň maşgalasynda, dosýomati kwartalynda dünýä inen. meýdziniň 19-njy ýylynyň onunjy aýynyň 14-nji gününde dünýäden gaýdyp, dzýoda sektasynyň buthanasynda jaýlanypdyr. buthana, osakaň sitadera kwartalynda ýerleşen eken. maňa, ýaňy-ýakynda bu ýerlerde bolmak miýesser etdi. sýunkiniň guburyna zyýarat etmek maksady bilen, ruhanydan onuň nirede jaýlananlygy barada gyzyklandym. --modzuýalaryň mazarlary, ho-ol ýerde—diýip, ruhany jogap berdi we meni esasy pawilionyň arkasyna eltdi. gür kameliýa agaçlarynyň saýasynda, men modzuliýalaryň nesilleriniň ençemesiniň mazaryny gördim, emma näme üçindir sýunkiniň mazary olaryň arasynda ýok eken. men ruhana kimi gözleýänimi düşündirdim. ol azyrak pikirlenip: “belki onuň gubury ýokardakydyr?” diýip, meni buthananyň günorta tarapyndan ýokarlygyna, uçut depä galýan basgançaklara alyp gitdi. sitaderanyň günortasyndaky depelikde ikutama sintoist buthanasy dur, ondan gaýdýan ýodajyk göni şol uçuta alyp barýan eken. depäni, osaka mahsus bolmadyk gür agaçlyk örtüpdir, sýunkiniň gubury bolsa uçutyň gyrasyndaky kiçeňräk, tämizlenen meýdançada ýerleşipdir. men gabyr daşynyň ýüzünde, haşamlanyp ýazylan setirleri okadym: “şirin janyna rahatlyk tapan we şöhradyň belentligine göterilen sýunkin”. aşakdan ýazgylar: “şu ýerde sýunkin ady bilen, 58 ýaşynda, meýdziniň 19-njy ýylynyň, onunjy aýynyň 14-nji gününde aradan çykan koto modzuýa jaýlandy” diýen sözler bilen dowam edýär. daşyň gapdalynda ýazga “ýadygärligi diken şägirt sasuke nukui” diýen sözler goşulupdyr. sýunkin aýatda döwri modzuýa adyny göteren hem bolsa, “şägirdi” nukui bilen är-aýal bolup ýaşanlary aýandyr— onuň guburynyň maşgala mazarlygyndan daşda ýerleşenligi şonuň üçin bolsa gerek. ruhanaň aýtmagyna görä, modzuýaň neberesiniň ýagdaýy pese düşipdir, şonuň üçin onuň garyndaşlary bu ýerde seýrek görünýärler, görinäýenlerinde-de sýukiinň mazaryna barmaýarlar. ýöne, “onda mazara asla seredýän ýokdur” diýenimde ruhany çürt-kesik garşy çykdy: “hagi çaýhanasynda ýaşaýan ýetmiş ýaşly garry mama, ýylda bir ýa-da iki gezek bu ýere gelýär, şu mazara seredýär. ol ýene-de bir ýanaşyk mazara seredýär—diýip, sýunkiniň mazarynyň çep ýüzündäki kiçeňräk gubury görkezdi-- muňa-da gül getirýär, şem ýakyp çokunýar. bize-da sutr okanymyz üçin töleýär.” men synlaýyn diýip ruhanaň görkezen mazaryna tarap süýşdim. onuň üstündäki daş, sýunkiniň mazarynyň üstündäkiden iki esse çemesi kiçi eken. daşyň ýokarky böleginde: “sylagly dindar kindaý” diýen iiroglif çapylyp ýazylypdyr, aşagynda bolsa: “kindaý lakamly sasuki nukui. meýdziniň 40-njy ýylyň, 10-njy aýynyň, 14-nji gününde, 82 ýaşynda dünýäden gaýdan.” ynha, kör sazandanyň jaýlanan ýeri, gör nirede eken!.. mazaryň töweregi arassa eken—hagi çaýhanasyndaky kempir bu ýeriniň hem aladasyny edipdir. mazaryň üstündäki ýadygärligiň sýunkiniň mazarynyň üstündäkiden kiçiligi, “şägirt” diýen ýazgy bilen bilelikde sasukiniň dünýäden ötenden soň hem söýgüli mugallymasyna wepalydygyny görkezmek isleginiň bolandygy barada aýdýar. ýaşyp barýan günüň seçelenýän şöhlesi, granit plitalara öz nuruny çalýardy. men depeden, öňümde açylan uly şäheriň şekilini synlaýaryn. günorta, tenno buthanasyna çenli uzalyp gidýän depeleriň keşpi, gadymy naniwa döwründen bäri hiç-hili üýtgemedik bolsa gerek. tüssäň we gurumuň derdinden otlardyr ýapraklar saralyp-solupdyr: ägirt agaçlar gurapdyr, olary tozan basypdyr, ýöne eýsem bu mazarlaryň peýda bolan döwründe, hemme zat başgaça bolandyr. her niçik-de bolsa, şäheriň çetinde ýerleşen mazarystanlykdan, osakiniň owadan keşbini arkaýynlykda synlamak bolýar. depelikde, ykbalyň hökümine tabyn halypa, wepaly şägirdi bilen müdimi ukuda ýatyrlar, peslikde bolsa beýik ymaratlary bilen agşam tümlügine bürenip, gündogaryň iň iri senagat şäheri osaka ýaýylýar. häzir osaka üýtgedi, onda kör sazandalardan nam-nyşan galmady, diňe şu iki sany daş sütünleri sasuke bilen sýunkiniň biri-birine egsilmez söýgisiniň bolandygyny ýatladýar. nukuiniň neberesi nitiren sektasynyň tarapdarlary eken, şonuň üçin onuň maşgala agzalary öz watanynda, ýagny gosýu welaýatynyň hino şäherindäki buthanada jaýlanypdyr. sasukeniň özi bolsa, duýgularyndan el çekip bilmän, sýunkinden müdimilikde-de aýry düşmejek bolup, öz neberesiniň dininden el çekip, dzýodo sektasynyň agzasy bolupdyr. merhumy jaýlamak—at ýazgysy, ýadygärlik daşynyň durmaly ýeri we onuň göwrümi baradaky görkezmeler, sýunkin entäk dirikä berilen eken. sýunkiniň ýadygärlik daşynyň beýikligini sasukanyň özi alty sýaku diýip kesgitläpdir, özüniňkiň beýikligi bolsa, dört sýakudan geçmeýän eken. daşlaryň ikisi hem, ýadygärlikleriň aşaky postamentinde ýerleşdirilipdir. sýunkiniň guburynyň sagynda uly sosna ösüp otyr, onuň ýaşyl ýaprakly şahalary, mermer plitalaryň üstüne uzalyp gidýär. sasukeniň gubury iki-üç sýaku çepiräkde, edil sosnaň şahalarynyň gutarýan ýerinde ýerleşipdir. mazaryň üstündäki daş ýadygärlik, hamana dyzynda duran wepadar hyzmatkäri ýatladýar. bu iki mazara seredip, men, sasukaniň aýatda döwri öz mugallymasyna jany—teni bilen, kölegesi deý yzyndan galman hyzmat edendigini göz öňüne getirdim, eger-de daşda ruh bolsa, onda sasuke häzir hem hyzmat etmekden lezzet alýandyr diýip pikir etdim. men hormat bilen sýunkiniň mazarynyň öňünde dyzymy epdim, soňra sasukiniň mazaryna elimi goýdum-de, daşyň büdür-südür ýüzüni emaý bilen sypalap, ýaşyp barýan gün, şäher kwartallarynyň aňyrsynda gözden ýitýänçä, depede oturdym. rus dilinden terjime eden rejep guwaja.