hat. /hekaýa/. mark tarlowskiý. garyň ysy çagalyk döwrüňdäki ýaly, soň hiç haçan bolmaýan eken... has-da garyň, täze ýylyň öňüsyrasyndaky, ikinji çärýegiň iň soňky sapagy bilen utgaşyp gidýän ysynyň, çagalara berýän aýratyn täsiri. elektrik lampasynyň yşygynda geçýän ýakymly sapak, we ondan soňky okuw kanikuly, on iki sany uzaga çekjek ajaýyp günler. men gyssanman mekdepden gelýärin, kellämde bolsa on iki gün rugsat: “gör munuň kändigini- on iki gün... ilki üç güni geçer. üç güniň içinde nämeler edip boljak, akylyňa sygdyryp hem boljak däl. ýöne bu, bary-ýogy üç gün ahyry, ondan soň ýene-de dokuz gün bar, ol bolsa üç esse köp.” iki minut töweregi men dokuzy üçe bölmegiň lezzetini gördüm... “soň ýene üç... ýok, iki gün geçer. eger üç bolsa, onda ýarsy bolýar...” ikinji çärýek uzaga çekdi. esasan hem soňky iki hepdesi agyr boldy: ikilikçiler ikiliklerini düzetdiler. ýene-de meniň gözümiň öňüne mekdep, meniň klasym geldi. ol ýerde gönükmeler galdy, meselelerdir mysallar galdy. goý galsyn-- öňümizde on iki dynç günümiz bar ahyry. häzir men öýüme gelerin, ol ýeri örän mähirli, ejemiň biş-düşüniň yslary bolsa janyňy alyp barýar. etažerkadan anderseniň ertekiler kitabyny alaryn-da okaryn. bir sagat okaryn, belki iki sagat okaryn... näçe okamalydygyny meniň özüm çözerin... men ýol ugra göwün ýüwürdýärdim, hem gaýyp gelýän garjagazlary dilim bilen tutmaga çalyşýardym. öýe girenimden, bizar eden şarfymy boýnumdan aýyryp zyňdym, pökgerip duran portfelimi garaňky çüňke oklap, köne-küşül zatlary onuň üstine üýşürdim. soňra anderseni elime aldym. “gar patyşa aýaly oglanjygy ogşady welin, onuň ýüregi bir bölek buza öwrüldi...” men penjireden howla seretdim. daşynda edil ertekidäki ýaly gar ýagýardy. pamyk ýaly gar gerişleri sessiz- üýnsiz her ýerlerde hoňkaryşyp görünýärdi. häzir... häzir, şu gaýyp gelýän garjagaz gar patyşa aýalyna öwrüler... men birnäçe sekuntlap gaýyp gelen, soňra bolsa penjiräň çüňküne gonan iri garjagaza syn etdim. ýöne meniň tamam çykmady: garjagaz gar patyşa aýala öwrülmedi. haçanda meniň nazarym aşaklygyna inende, ýüregim jüňküldäp gitdi: maňa ýazuw stolunyň astyndan, içine täze ýyl oýnawaçlary salynan çelejik seredýärdi. men kitabymy ýapdym-da, dessine koridora ylgap çykdym, we gulply ammaryň açar öýjügine gözümi goýdum. ol ýerde boýy potologa diräp duran ýolka söýelgi durdy. men esli wagtlap onuň hoşaly, iri- iri ýapraklaryna syn etdim, şepbik ysyndan öýkenimi dolduryp dem aldym. seredip- seredip keýpden çykdym-da gitmekçi boldum, birden-kä howada bir zat ýalpyldap giden ýaly boldy. üns berip seretsem, kir serilýän ýüpüň gyrasynda buz şelpejigi asyl- asyl bolup duran eken. çagalaryň haýsysy buz şelpejigini agzyna salyp sormany gowy görmeýär?! meni bu güýmenje şeýle bir özüne çeken eken, hatda koridora ejemiň girenini hem duýmandyryn. -sen näme işleýärsiň?!- diýip, ol gygyrdy.- sen ýakynda ýaraman ýatdyň ahyryn! sen söz berdiň ahyryn! gör sen nähili sözüňde durýarsyň? -men indi gaýtalajak däl!- men zähräm ýarylan ýaly bolup elimdäki buzy basgançaga tarap zyňdym. -näçe gezek söz bermek bolar?!- diýip ejem dowam etdirdi.- sen bizi asla diňlemeýärsiň. haýp, gynansakda sen öz baýramçylygyňy özüň buladyň: indi kanikulyň gutarýança öýde oturarsyň... men gyssanman otagyma girdim. penjiräň daşynda öňküsi ýaly gar ýagýardy... kanikullar gutarýança öýde!.. ýöne biz oglanlar bolup gardan gala gurmakçydyk ahyry... lyžada gezelenç etmekçidik... katok... biz ol ýere tyrpmaga gitmekçidik. näme üçin öýde oturmaly?! näme üçin?! dünýäde nämeler bolýar? näme üçin ulular kiçilere ezýet berýärler? biz olara näme ýamanlyk etdik? belki, olary hem gar patyşa aýaly ogşandyr?.. ýo-ok! olar etäk ökünerler! olar entäk ahmyr çeker! men elime galam bilen bir list kagyz aldym. aşhanadan tarelkalaryň zaňňyrdysy gelýärdi: ejem agşamlyk taýynlaýan bolsa gerek. “eje, sen meniň göwnüme degdiň, ony söz bilen beýan edip boljak däl.- diýip, men ýazyp başladym- eje, sen meni azajyk hem gowy görmeýän ekeniň. seniň kelläň agyrýanyny bilýärin, ýöne şeýle-de bolsa başga alaç ýok: meniň ýaşasym gelmeýär. indi seni hiç kim käýetmez, alada goýmaz...” meniň damagym doldy, gözlerime ýaş aýlanyp başlady. “...siz öňräkden bäri, meni gurjak teatra äkitjek diýip söz berýärdiňiz, ýöne indi bu niýetiňiz hiç haçan amal bolmaz. ýöne siziň özüňiz, men bar-ýok diýmäňde gidiberiň, gurjak oýuny görersiňiz...” men, gözýaş edip gurjak teatrdan çykyp gelýän ejem bilen kakamy göz öňüne getirdim. kakamyň saçlary agaraýypdyr. “gör nähili täsin erteki!-diýip, kakam aýdýar.- eger-de biziň wadigimiz biziň bilen bolan bolsady, onda ajap bolardy! (uludan demini alýar.) görgüli çagajyk! barsyna men günäkäk. men ony greçiha şülesini iýmäge mejbur edýärdim. hatda çüňkde hem duruzýardym...” “meni köşeşdirme,-diýip, ejem onuň sözüni bölýär,-men ony näme üçin edenini bilýärin.” “näme üçin?” “buz şelpesi üçin... eger-de men bilen bolsam!..” egerde ejem bilen bolsa... men täzeden myşşyldap başladym. “...hoş galyň, ejem we kakam. mümkin, üçünji çärýekde men sap bäşlikçi bolardym...” göz ýaşymy döküp, sözlerimiň üstüni ýetirdim: “men aglaýan, ýöne göz ýaşymy gizleýän.” bir az köşeşip, men höwäs bilen köpden bäri arzuw edip gelen niýetimi amala aşyrmaga başladym. ilki bilen hatymyň iň soňky setiriniň aşagyndan kelleçanagyň suratyny çekmäge başladym. bu iş örän kyn eken. ilki bilen men göz öýjükleriniň nusgasyny çekdim. olaryň birisi has uly bolupdyr, ýöne göwnüme bolmasa şekiliň şu boluşy biçem däl. ynha dişini bolsa çekme has kyn boldy. sebäbi olar kändi we netijde ululy-kiçili boldy. men öz zähmetime uzak wagtlap gözümi aýyrman syn etdim, lezzet aldym. dogrudan hem kelleçanak gowy bolupdyr. ýöne, ynha äňini bir az kiçeldip bolsa kem däl eken... men galamyň ujyny ýiteldip başladym. bir gezek arassaladym-gyryndy, ikinji gezek arassaladym-ýene-de gyryndy, üçünji gezek... päki atdanlykda elimi kesdi, we gan damjalary kelleçanagyň üstüni seçelendi. meniň üçin bu tapyndynyň bahasy ýokdy. göz açyp-ýumasy salymda, men hatyň üstüni gan tegmillerinden doldurdym. iň uly gan tegmiliniň gapdalynda bolsa “wadigiň gany” diýip gol çekdim. bir salymdan maňa rahatlanma aralaşdy. men ilki bilen şkafa seretdim, soňra stola, diwanyň ýanyna bardym. men goşlarym bilen hoşlaşýardym. diwan könedi, onuň üstünde otursaň, ol elmydama jygyldaýardy. men ýene-de şol jygyldyny eşidesim geldi, men diwana geçip oturdym. bir näçe gezek diwanda oturdym, turdum. örän tiz men otagyň içindäki ähli zatlary gözden geçirdim, soňra meniň içim gysdy. näme, indi hoşlaşmaga hiç zat galmadymyka? men krowatyň astyna göz gezdirdim--hiç zat ýok... bir az wagtlap ýaýdanyp durdum, soňra öwrülip, aşhana ýöneldim, el ýuwulýany görmekçi boldum. enem-atam näme? meniň, olara öz günälerini has hem doly duýdurmak isledim bardy. şonuň üçin öz otagyma dolanyp geldim, poly süpürmäge başladym. agşam düşdi. kakam işden geldi, biziň hemmämiz agşamlyk edinmäge oturdyk. -be-e, gör bu gün bizde nähili arassaçylyk.-diýip, kakam aýtdy.-poly syryp-süpüren senmi? -ýok,-diýip men jogap berdim,-men däl. goý poly meniň syranymy adam bilmesin. diňe birnäçe ýyldan soň, kimiň edenine düşünerler. -meniň bada hakydama-da gelmändir,-diýip kakam, hamana, hakydasy gapydan girene dönüp gürledi,-saňa bir iş etdirjek bolsaň, hökman ýatlatmaly ahyry! men şeýle diýjegini hem bilýärdim... -ýadyňa düşýärmi, kaka, daşkekräň suraty çekilen sary käse? sen şony kän gözlediň. ýadyňa düşdimi? şol käsäni men döwdüm... kakam ynandy: -men şonuň ýalydyr öýütýärdim. bu öýde hemme zatlary diňe sen döwýärsiň ahyry! men ýerimden turdum-da, geýinmäge gitdim. gapyda ejem peýda boldy: -sen nirä şaýlandyň? -men häzir... bir minutlyk... howul-hara jübümden kagyza dolanan haty aldym, stoluň gyrasynda goýdum-da, daşaryk ylgadym. daşynda garaňky düşüpdir. men ammaryň arkasynda bukuldym. howlymyzyň jümmüşinde, gury agaç şahalaryna duwlanyp, öýmiziň penjiresinden müňkürli yşk ýalpyldaýardy. olar meniň ýazan hatymy okan bolsalar gerek. birden-kä penjiräň kiçi gözi açyldy. -wadik!- ejemiň ynjalyksyz sesi eşidildi. men dem almamy goýdum. -wadik-diýip kakam gygyrdy. “giç, örän giç”,-diýip men pikir etdim. -wadik!-ejem öňküden hem gaty gygyrdy. -hany, öýüňe ýygnan!-diýip kakam ynamsyz üstüni ýetirdi. -öýüňe ýygnan!!-diýip, olaryň ikisi hem bile gygyrdylar. ömür ýolu soňuna diredi... men el ýaglygymy aldymda, agzymy gysdym. maksat, demikmekdi. niýet ýönekeý hem bolsa, örän kyndy, şonuň üçin men wagtal-wagtal el ýaglygy agzymdan aýyryp, uly-ulydan dem alýardym. ahyrsoňy fortoçka ýapyldy we men el ýaglygymy jübime saldym. ýene on minut geçdi. meniň horluklarymyň üstüne, sada-ja ynjalyksyzlyk goşuldy. köplenç sagat dokuz boldygy, men ýerime geçip ýatýardym. öýüme dolanmaga wagt bolupdy. ýöne men nähili dolanaýyn? olar ýary sözler ýazylan hatdan soň men öýüme baryp bilmerin! ýöne, ynha meni halas etseler, şonda... öýüň gapysy jygyldady, gijäň tümlüginde ejemiň we kakamyň sudurlary peýda boldy. olar gyssanman, howlyň ähli ýerine aýlanyp çykdylar, emma içiňi ýakaýyn diýen ýaly ammara gözleri düşmeýärdi. men oturan ýerimden assrynlyk bilen boýnumy uzatdym. ýöne meni öňküsi ýaly hiç kim görmeýärdi. men bilimden ýokarsyny görkezdim. hiç-hili netije ýok! kakam howlynyň garşysyndaky burça baryp, agaçlaryň düýplerini dörmäge başlady. --wah!-men uludan demimi aldym. peýdasyz. -wah!! olar allaniçigsi bolup, bilelikde maňa tarap öwrüldiler. mundan beýläk men töwekgelçilik edip biljek däldim, şol sebäpli dessine ammaryň arkasyndan çykdym. ilki bilen haýdap kakam geldi: -sen nirede bolduň?! biz gapa ýöneldik. otagyň ýagtysy gözümi gamaşdyrdy. ýüzümi salyp durşuma, men gyssanman paltomy çykarýardym hem gözümi ýumýardym, töweregime seretmejek bolýardym. birdenkä, saklanyp bilmän gaňyrylyp seretdim: stoluň üstünde içi täze ýyl oýnawaçlary salynan çelek durdy. peläket palto... elim onuň ýeňinde çolaşdy durdy. men gyssanan bolsam gerek. şol wagtyň özünde kakam öýe ýolkany süýräp saldy. -gorkmaň,-diýip men seslendim,-gorkmaň... men niýetimden el çekdim... terjime eden kakamyrat geldiýew.

Köneler, rejepguwaja tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir