.m.ardan - (Hindi ýazyjysy) aý aýdyň gijede gije ýaňy başlanypdy. asmanda on dördi gijäniň aýy ýalkym saçýardy, birde ýarymda bulut hem ýok däldi. senen kwartalynda alahasyrdy: adamlaram, ulaglaram ýetişiksiz günde ýaly alňasaklap, hersi bir ýana haýdaýardy... “grand” kinoteatrynyň gabat garşysynda tigir arabalar hatar-hatar bolup durdylar: beşikçiler ýolagçylara garaşýarlar. olaryň edil alkymynda, masnun öz harytlaryny goýuşdyrypdyr: uly bolmadyk çelek, çüýşeler, tüňeke gutylar: gaplaryň hemmesine ýangyç ýagy guýlupdyr. masnunyň elleri hem durşuna ýagdy. ol köýneginiň etegini guma bulap, ýoluň gyrasynda ykjamlaşyp otyrdy. iki dyzyny elleri bilen gujaklap, oýsuz-küýsüz yraň-dyraň bolup oturan masnun, aýyň ýagtysyna öwüşgini öçüşen panusa (tigir arabaň aşaky böleginde, uly bolmadyk panus ýerleşýär) ünjüsiz seredýärdi we aram-aram deňesinden ala-gopgun bolup, müşderilerini alyp barýan beşikçilere-de gözüni aýlaýardy. -waý! – ýeňsesine duýdansyz degen ýumruga, masnun, tasdan-da ýüzin ýykylypdy, ör-gökden gelip yzyna öwrüldi: kim-kä muny eden bedeasyl? -sen näme çang (içang-gysgaldylan.), aklyňdan azaşdyňmy? agyrýar ahyry – diýip, masnun bykynyň agyran ýerini sypalady. içang bolsa hamana zat bolmadyk ýaly onuň nägile ýüzüne çiňňerildi. -näme, bu günler adam daşaňokmy? içang diýýärmiň hem diýmän, oňa äňetmesini dowam etdi. masnun ýerinden galyp onuň ýanyna bardy. ýigidiň bakyşy, birhili üýtgeşikdi. ol masnunuň yzky jübüsine uzan goşaryndan tutdy. -bu gün ýüzüň açyk welin, bir zatlar utduňmy, çang? -ýok, utdurdym! -ýalan sözleme, jübiň-ä göberilip dur! içang gözüniň agyny köpeldip, barmagyny çommaltdy: -mende hiç zat ýok diýip aýtdym-a. masnun ony beter öjükdirdi: -onda näme adam daşaňok? içangyň gazaplandy. ol bir gezek itende masnuny ýere ýazdy. -seň oýun ýadyňa düşýär – diýip, gyz nägile bolup hüňürdedi. - eliň gelse-hä hödür-kerem eden bolýaň, utdursaňam urýaň ýa-da awyňy pürküp dursuň! içang bir zatlar hüňürdedi, soň masnunyň ýanynda çommaldy. -sen gapylda söwdaňy etsene! -gör muny! näme men öz etmeli işimi etmeýänmişimmi? -içigara galmyş! sen diýilenini et how. ýadaw men şu gün, düşüneňokmy? -bolaňda näme? barybir günäkär. hemme puluňy oýna goýmazlar. bir gezek oýnamanyň bilen endamyň çybandan dolaýar öýütdiňmi. doýýançaň iýerdiň, ganýançaň içerdiň. içang masnunyň gulagyndan gödeklik bilen tutdy-da, özüne dartdy. masnun onuň elinden sypyp öwrüldi-de, ýüz kesir çalyp goýberdi. içang gaharyna ýarylaýjak boldy: -bol çalt, gazananjaňy bäri ber, çilim aljak. -pul-a ýok. hiç zat satmadym. içang içýakgyç gülküsini etdi: -sen näme, bu ýerik oýnamaga geldiňmi? bular ýaly wagtam bir söwda bolmazmy? -çilim çekesiň gelýäni çyn bolsa, işle-de özüň gazan. hany, bar ugra şu ýerden! içang ýerinden galdy. asmandan onuň ýüzüne doly aý bakýardy. şol wagt olaryň deňesinde tigir araba togtady, ondan beşikçi böküp düşdi-de, “ýag!” diýip gygyrdy. içang göz astyndan masnunyň ylgaşlap söwda edişine syn etdi. beşikçi it ýylgyryşyny edip ýagy aldy-da, panusa guýdy. -hany pul, ýoldaş! beşikçi kümsükligini edip ýene-de ýylgyrdy. bu gezek içangyň ýüzi hyýrsyzlandy. -pul berjek dälmi how sen! – diýip masnun gaharlandy. -üstüme dazarylyp durma, berjeg-ä häzir! – diýip, beşikçi güldi. içang masnuna erbet seretdi. beşikçi puluny uzadyp gitmekçi boldy, ýöne ýene-de gyzyň sesine aýak çekmeli boldy: -gaýtargyňy al! beşikçi gaňyryldy. ýene-de ýylgyrdy. -çalt bol! – diýip, masnun jany ýangynly hüňürdedi. - beýlekilere-de ýag gerek ahyry! nämedir bir zada hezili gelýän beşikçi, ýylgyrjaklap masnunyň ýanyna geldi: -sen gaharly wagtyň, öňkidenem owadan görünýäň. ol gaýtargysyny aldy, birden-kä onuň nazary içangyň zabun nazary bilen sataşdy. içang gahara bendi bilana meňzeýärdi. beşikçi onuň ýüzüne seretmejek bolup, täze gelen tigir araba gözüni aýlady we garaşylmadyk ýagdaýda tasdan-da ýere ýykylypdy. masnunyň çirkin sesine beýleki beşikçiler ylgaşyp geldiler, üýşüp içangyň hersi bir ýanyndan tutdy. geçegçileriň bu bolýan hadysa aňalyşyp duranlary hem bardy. -entäk sen almytyňy alarsyň! üç-dört sany beşikçi,gazap atyna münen içangyň daşyna geçip, saklap durdylar. -ýuwaş dost, ýuwaş. -ýoguňa ýanaryn, şonda bilersiň! -bolýar-la, bolşuňyz nähili! içangyň garşydaşyny hem ýoldaşlary saklap durdylar. ol oglan ýerden gözüni aýyrman, kellesiniň agyrýan ýerlerini gaşaşdyrýardy. -öz şepeleň bilen urşup-sögüşmek ýaraşmaz – diýip oglanlar içanga igendiler. – ikiňizem bir kespden çörek iýýärsiňiz. sen nähak etdiň. köşeş indi. -utançsyz diýsäninim! ýöne ýere gelmeýän ekeniň, sen bu ýere. içangyň topulan beşikçisi häliden bäri bir gyrada müzzerip durdy. özüne gidiber diýlen soň, ol ulagyna tarap ýöneldi. arabasyna mündi-de, ýerinden gozgandy. içang ýeli ýatyşmadyk bolarly, ol ganyny gaçyryp, täzeden gazaba mündi. -indi seresap bolaýgynyň, nejis! indiki gezek heläk ederin. üýşmegiň gözüne düşmejek bolup, beşikçi dessine ýitirim boldy. içang şondan soň hem köşeşip bilmän, çişip durdy. -oňa näme boldy? – diýip kimdir biri sorady. -ýaňky bolgusyz bu gyza süýkendi durdy! – diýip, içang masnuna tarap barmagyny çommaltdy, soňra gaharly gygyrdy: - hany, ugra öýe! masnun eşitmeýän ýaly, çommaldy. içang gyzyň ýanyna haýdap bardy, elinden tutup çekdi-da, ýerinden galdyrdy. -ýagşam bir söwdaň bar eken seniň. her bir öňi ýeten bilen gözüňi oýnadyp ýören ekeniň. masnun çilim satýan aýala ýüzlenip: ”meniň harytlaryma-da göz-gulak bolarsyňda”, diýdi. içang bolsa sögünmesini bes etmän, ony elinden tutup, süýräp diýen ýaly alyp barýardy. -bolasy, sen meni mydama kireý etmäge kowýaň diýýän-le. söwda edesi gelenmiş munuň! indi bary düşnükli! masnun tabynlyk bilen onuň yzyndan barýardy. mähelle az-azdan dagap başlady. -ol gyz ýigidiň nämesi? – diýip, adamlar bilmäge gyssanyp, bir-birlerine sorag berýärdiler. -dogany – diýip çilim satýan aýal jogap berdi. -hawa-la, doganydyr, garaşyber... -onda, äri bolmaly. märeke olary gözleri bilen ugratdy. birden-kä içang öňden barýan masnuny bat bilen silikdi-de itip goýberdi, muňa garaşmadyk gyz, zordan ýykylman aýak üstünde saklandy. -indi, gaýdyp söwda etmersiň, ýerýuwtmyş! onuň ýumruklarynyň agyrysyna çydap bilmedik masnun, iki ýana urundy. -men-ä kongadan karz pul alýan, gije-gündiz eşşek ýaly işleýärin, sen bolsa kim bilýär nirelerde, nämeler edip ýörsüň. ýene bir gezek göreýin, deriňe saman dykaryn. masnun sesini çykarman diňleýärdi, gaýtargy bermeýärdi. haçanda garaňky geçelgä öwrülenlerinde, masnun içanga öz närazylygyny bildirmekçi boldy, emma saklandy. olar dymyşyp ýollaryny dowam etdiler. ýapdan akýan hapa suwuň porsusyna, howada dem alar ýaly däldi. gür şahalarynyň yşlaryndan, her ýerlere aýyň şöhlesi düşýärdi. masnun bilen içang ybadathananyň haýatyndan ötüp, garawul jaýyň ýanynda aýak çekdiler. içang gyssanman tagtanyň üstünde ýüzinligine gyşardy. ol özüni hiç zat bolmadyk ýaly, arkaýyn alyp barýardy, parahatdy. masnun hyk-çok edip onuň aýak ujunda çökdi, nämä gümenjegini bilmän köne, sal-sal bolup giden köýneginiň epinlerini düzedip başlady. birdenkä içangyň aýagy masnunyň kellesine degdi. -owkala! masnun öňki bolşy ýaly gymyldaman otyrdy. -eý, owkala diýilýä saňa! bu gezek masnun boýun boldy. bir hili keşbi çekmeýän ýaly, ol içangyň çaň basyp giden, çorly aýagyny owkalamaga başlady. onuň aýagy aýlanyp ýene-de masnunyň kellesine degdi. -gowuja owkala! birden masnun owkalamasyny goýdy-da, ýola tarap seretdi. kimdir biriniň aýak sesi eşidildi. içang towsa galyp masnunyň ýüzüne çiňňerildi, ýöne gyz ýüzüni ýerden galdyrmady. içangyň ýüregi gahar-gazap bilen doldy, ýüzi gamaşdy. masnun eýmenip, doňup galdy . ýigidiň elleri işe girişdi: ol gyzyň ýüzüne allygyna urmaga başlady. masnunyň gözlerinde ýaşaýşa bolan höwesden nam-nyşan galmandy, ol gygyrmaýardy, urgulara döz gelmän aglamaýardy. gyz hatda ýumruklardan göm-gök bolan duluklaryny hem tutmaýardy. içang oňa barmysyňam diýmän, ýene-de tagtaň üstünde ornaşdy, aýagy bilen gyzyň arkasyna depdi. -gymylda, ýalta! içang yzky jübüsinden nämedir bir zat çykardy we ony gysymyna salyp, gür ýapraklarynyň arasyndan çala görünýän aýa tarap gözüni aýlady-da ýylgyrdy. masnunyň ýüzi çytyldy, ýöne her niçik-de bolsa göz astyndan içanga gaseretdi. soňra üşerilip, oňa tarap boýnuny uzatdy. içangyň ýylgyrmasy gitdigiçe aýdyňlaşýardy: ýigit etjek bolýan pişesine öňünden begenýäne meňzeýärdi. ol düwülen ýumrugyny kellesiniň aşagyna saldy. masnunyň aňy giden ýaly, oňa ýapyrylyp seredip başlady: bilesigelijilik gyzyň ynjalygyny elinden aldy, ol gözleri bilen oglanyň gysymyny açaýjak bolýardy, birdenkä-de ily sesini edip gygyrdy: -utduňmy? içang başyny atdy we aýagy bilen masnunyň böwründen itdi. gyz bälçiräp ýigidiň endamyndan çümmükledi. ol agyrysyna çydaman, silkindi. şol wagt masnun ony batly itdi. içang ýüzinligine ýykyldy. masnun täzeden içangyň endamyny, aýaklaryny höwes bilen owkalap başlady. oglan lezzet alýardy. -hawa-hawa, şeýleräk! çümmüklemede, owkalasana! masnun käýarym gülümjireýärdi: -näçeräk utduň, çang? -bir rupiý – diýip, içang samyrdady we şobada çümmük paýyny aldy. -çümmüklemäňi goýsana! -onda ýalan sözleme! tötänden masnunyň ýüzüne gözi düşen içang ýerinden zöwwe galdy. ol gyzyň ýylgyrjaklap duran ýüzünden gözüni aýyrman dymdy. masnunam onuň seredip durşundan heder edip, gülmesini goýdy. -dodagyňa näme boldy? masnun geň galyp oňa seretdi. -o nähili, näme boldy? – diýip gyz hüňürdedi. -özüň ýaňyja meni ýençdiň ahyry! içang oňa tarap egildi. -nätdiň-aý? -soňra onuň alkymyna süýşdi: -bu ýerde gan görünýär. egil, süpüreýin! içang maýkasynyň bir gyrasyndan tutup, masnunyň dodagyndaky ganly sypjyrygy süpürmäge durdy. gyz allaniçigsi bolup arkan çekildi. -püf-f,.. maýkaňdan porsy ysyň aňkaýşyny! içang masnunyň tüýkürinip durşuna seredip kinaýaly ýylgyrdy. -gör muny, näzijek şazada gyzy! bilseň, meniň maýkam seniň ýüzüňden arassadyr. -bar ugrasanaý. bolduň meniň başyma pähimli şazada! gowusy aýnaň ýüzüne äňet! hakyky gäwmiş! megerem, gäwmiş has owadan bolsa gerek. -bolýa-la, bes et, lakgyldap durma! owkala ýene! içang, ýüzin düşdi, masnun ýene-de onuň endamyny owkalap başlady. -çang, diňle meni, çang! -hawa! näme diýjek bolýaň? -gado-gado(ajy burçly dogramaç) satyn alaý-da! -haýal owkalaýarsyň! masnun hereketlerini çaltlandyrdy. -çang, ertir kino gidäýelidä? -ýene näme gerek! -bolýa-la çang, bir gezejik. “riwolide” gowy film gidýär. -höwesim ýok. -örän oňat film ahyry, çang, aýdymy hem köp. -bolsa bolupdyr-da. -onda men owkalamaryn – diýip masnun haýbat atdy. -maňa mundan artyk gerek hem däl. içang ýerinden galyp ýöräp ugrady. masnun onuň yzyndan seretdi. içang yzyna seredeýinem diýmedi. -sen nirä, çang dursana – diýip, onuň sessiz-üýnsiz otägidişine masnun ýüregi gyýyldy, ony yzyna çagyrdy. ýöräp barşyna, içang, yzyna-da änetmän: -gado-gado!—diýip gygyrdy masnunyň boz-ýaz bolan ýüzi ýene-de açyldy. ol ellerini galgadyp, içangyň yzyndan okduryldy. -ýaşasyn!-ylgap gelşine, arkasyna hopba bolan masnun, ony ýumruklamaga başlady we gaty güldi, içangyň diýenlerini-de eşitmedi. -hany-hany, ýuwaş bol, seniň oýnuň çeni bardyra! masnun içangyň elinden tutdy we olar iki bolup dükana tarap haýdadylar. aý hem ýagtysy bilen olara ýol görkezýän deý, depelerinden ýüzüp barýardy. söwda edilýän sekiniň öňünde birnäçe adam bardy. olaryň hemmesi gado-gado nobata durdylar. masnun içangyň boýnundan asylyp, gulagyna çawuş çakdy: -goý, pullaryň hemmesi mende dursun, bolýarmy? içang pikirlenýän ýaly bir nokada seredýärdi. -sende pul durmaýar ahyry, ýene-de hemmesini oýna goýup, giderersiň . içang agzyna suw alan ýalydy, gürlemedi. -gowy däl ahyry, ýaňy bir elimize bäş şaýy düşýär weli, bary düýpsiz güýa giden ýaly bolaýýar, kör-köpüksiz galýarys. hany al bäri, çang, elimde saklap göreýin-ä bolmanda? -gowusy diliňi sakla! haýbatly sese masnun bada ýuwaşady, ýöne içangyň ýanyndan aýrylman, oňa beter gysmyljyrady. gyz äňini onuň elnine oýkap, mähirli gözlerini ondan aýyrman seredýärdi. ýöne içang parhsyzdy. -men täzeden söwda etmäge gitjek – diýip, gyz ony çala öjükdirdi. içang gaharyna birden öwrüldi. masnun onyň gaharyny getirenine begenip, güldi: -puly saklamaga berjekmi? içang masnunyň diýýän zatlaryna gulak gabardyp durmady-da, ony itekläp, ýüzüni garaňka tutdurdy. masnun näme bolanyna düşünmän aňka-taňka boldy. satyjynyň sesi ony beter aljyratdy: -gado-gadony al! masnunyň bolşuna beýleki müşderiler hem geň galdylar. gyz gado-gadony aldy-da, töleg üçin içanga gygyrjak boldy, ýöne söwdagär ýene-de oňa elini uzatdy: -gaýtargyňy al! düşnüksizlikden aňkasy aşan masnun, puly aldy-da, içangyň yzyndan ylgady. haşlap, ol oglanyň deňesine ýetip, ylgawyny gowşatdy, içang bolsa ädimlerini giňden alyp, haýdap barýardy. -sen onluk bilen hasaplaşdyňmy, çang? -hawa. -seniň bary-ýogy on rupiýaň bardymy? -hawa. -bolanymy? -ýogsa näme, aňkow. masnunyň häli-häzir hem ynanasy gelmeýärdi, ýöne sesini çykarmady. olar ýene-de agaçlaryň saýasyndaky garawul jaýa ýöneldiler. ol ýeri olaryň sümelgesidi. olar näme üçindir tagtaň üstüne geçmän, ýerde oturdylar, ornaşyp gado-gadony iýmäge başladylar. -seniň tigir arabaň nirede – diýip, masnun gäwişäp durşuna sorady. -kandiňkide goýdum – diýip, içang iýmesini gowşatman jogap berdi. masnun dodaklaryny şypbyldadyp, aldygyna sous iýýärdi. içang onuň iýip oturşyny halaman, oňa gaharly seretdi: -serediň-ä muňa, edil ördek-dä! ýöne masnun onuň diýenlerine ähmiýet bermän, burnuna çyrşalan sousy süpürdi. gado-gadoň boş gaby olaryň aýak astyndaky ganawa zyňyldy. olar bir salym dymyp oturdylar. birden-kä, duýdansyz, masnun böküp turdy-da, gaçyp gitjek boldy, ýöne içang häzir bolup durdy. ol ur-tut gyzyň elinden tutdy: -nirä? -ýag söwdasyny etmäge! masnunyň elinden ykjam tutup duran içang kellesini ýaýkady. bar güýji bilen sypjak bolup çarpurýan gyza syn edýän içangyň içi gülýärdi. masnun onuň elinden dişlejek boldy, emma içang elini sowmaga ýatişdi. hilesi paşmadyk masnun beýleki eli bilen ony çümmüklejek boldy. ýöne ol ýigidiň elinden syparly däldi. ahyry masnun şumjaryp başlady. iki sany ötegçi bu waka syn edip barşyna, öz aralarynda pyşyrdaşdylar: -aýaly bolsa gerek. -ýokla. -onda söýgülisimikä? -ol diýýäniň hem däl. -onda kim-kä? mydama ikisi bile bularyň. -kim bilýär? dogrudan hem elmydama ikisi bile gezýärler. ýigit bilen gyz bu gürrüňleri eşitmeýärdiler. içang masnuny ondan hem beter özüne çekdi. gyz çabalanyp onuň elinden sypjak boldy. olaryň ikisi hem, näme üçin bir-birini sulhlary alypdyr, özleri hem bilmeýärdiler. ne oglan, ne-de gyz, aralaryndaky gatnaşyklar barada pikir etmändiler. asla bular barada başyňy agyrdyp oturmak hökmanmyka? ...birden-kä masnun bar güji bilen içangy dişledi, ol agyra çydaman gygyrdy. säwlikden peýdalanan masnun onuň elinden sypdy-da, gülküli sesini edip ol ýerden ökjäni göterdi. içang onuň yzyndan ylgamady. ol masnunyň yzyndan daş zyňdy, ýöne ol sowa geçdi. -söwda etmäge gidemok men, kelesaň! - masnunyň ýognasdan, gyryljak sesi dar köçä dolup gitdi. – meniň birneme göwün açasym gelýär, çang! gaty görme, bolýarmy? içangyň içi tütäp durdy. masnunyň zyňan daşy onuň kellesine degdi, ol agyryly ýerini sypalap durşuna, onuň yzyndan seredip galdy: -ýer çekmiş diýsäninim! jogaba derek masnunyuň uzakdan gelýän gülküsi eşidildi, gülküli ses aýyň ýagtysyna ýugrulan howada jyňňyrdaýan ýalydy. masnun ýol bilen ylgawyny ýazdyrman barýardy, sähel wagtdan, onuň sudury garaňkyda gözden gaýyp boldy. içang bolsa gyşaryp ýatyşyna, arkasyny ýola tarap öwürdi. ygşyldaşyp duran gür ýapraklaryň arasyndan, ýagyş damjalary ýaly seçelenýän aýyň şöhlelerine içang perwaýsyzlyk bilen seredýärdi... Rus dilinden terjime eden kakamyrat geldiýew.