Ynsanyň iň bir gymmatly, has gadyrly zatlary altyna-zere deňemek endiginiň nähili peýda bolandygyny düşündirmeklik juda kyn bolsa gerek. „Ak altyn“ - bu göçme manydaky adalga bolup, gymmatly oba hojalyk ekini – gowaçadan önýän ak pagtany aňladýandygyny bilýäris. Diýmek, bu gymmatly baýlygyň bahasy altyna-zere barabardyr. Iň esasy hem-de buýsançlysy bolsa, hut biziň ata Watanymyzyň bu gymmatly baýlyga eýe bolmagydyr. Türkmende „Azapsyz ýeriň ady ýok“ diýlişi ýaly, hiç bir zat öz-özünden döremeýär, ähli zat üçin zähmet çekmeli, der dökmeli, yhlas siňdirmeli. Bu, sözüň doly manysynda, „ak altyny“ öndürmekde-de hut şeýledir. Ýyl-on iki aýlap çekilen misilsiz zähmetleriň öwezine döreýän „ak altynyň“ harmanlary gaýratly türkmen babadaýhanynyň hakyky ýürek buýsanjyna, rysgal-berekediň çeşmesine, halkymyzyň bolelin durmuşynyň, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagynyň aýdyň esaslarynyň birine öwrülýär. Ekerançylyk medeniýetiniň iň gadymy mekanlarynyň biri bolan Güneşli Ülkämizde medeni ekinleriň ajaýyp görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär. Türkmen halkynyň baý ekerançylyk däpleri, häzirki zaman agrotehnika ylmynyň nukdaýnazaryndan seredende, iňňän oýlanyşyklylygy, ýerli toprak-howa şertlerine laýyklygy bilen ünsüňi özüne çekýär. Bilşimiz ýaly, halkymyz ýylyň pasyllaryny, pasyllaryň döwürlerini „çarwa hasaby“, „daýhan hasaby“ diýen ýaly ulgamlarda ylmy taýdan örän ýerlikli jemlemegi başarypdyr. Daýhançylyk işleriniň geçirilişiniň ähmiýetli aýratynlyklary, geçirilmeli döwürleri baradaky ylmy nukdaýnazardan iňňän ýerlikli pikirler, ýörelgeler türkmen halk aýtgylarynda-da öz anyk beýanyny tapandygy haýran galdyrýar. „Ýeri güýz sür, güýz sürmeseň, ýüz sür“ diýen nakylda güýz geçirilen sürümiň aýratyn zerurlygy nygtalýan bolsa, „Tohum al-da, ýere bar“ diýen aýtgyda hasyl almak üçin, umuman ekerançylykda tohumyň hyzmaty, başgaça aýdylanda seçgi esasynda has hasylly görnüşleriň tohumlarynyň döredilmegi hakyndaky pähimli garaýayşlar jemlenipdir. „Ýer - hasylyň enesi, suw -hasylyň atasy“ diýmek bilen, dana halkymyz ülkämiziň tebigy şertlerinde topragyň hem-de suwuň bitirýän hyzmatlaryna mynasyp baha bermegi başarypdyr, „Daýhan - mert, ýer-jomart“ diýen aýtgyda bolsa diňe daýhanyň mert, edermen zähmetiniň öwezine ene topragyň bereket-bolçulygyny eçilýändigi aýratyn nygtalýar. Medeni ekinleriň naýbaşylarynyň biri hasaplanýan gowaçany ösdürip ýetişdirmekde-de halkymyzyň uly taryhy döwürleri içine alýan ekerançylyk tejribesi, daýhançylyk däpleri irden bäri mälimdir. Çünki gowaça has gadymy döwürlerde ata-babalarymyz tarapyndan biziň ýurdumyzyň toprak we howa şertlerine uýgunlaşdyrylypdyr, asyrlaryň dowamynda iň esasy medeni ekinleriň birine öwrülipdir. Geçen asyryň dowamynda bolsa, oba hojalyk tehnikasynyň ösmegi netijesinde gowaça tehniki ekinleriň hataryna ynamly goşuldy. Sebäbi ony ekmeklik, dökünler bilen iýmitlendirmeklik, bejergi geçirmeklik, zyýankeşlere garşy dermanlamaklyk, ýapragyny emeli usulda düşürmeklik, ýetişen pagta hasylyny ýygmaklyk ýaly işler tehnikanyň kömegi bilen ýerine ýetirilýär. Ýurdumyzyň içerki toprak-howa şertlerine laýyklykda, gowaçanyň inçe we orta süýümli sortlary ösdürilip ýetişdirilýär. Hünärmenleriň tassyklamaklaryna görä, dünýä bazarynda türkmen pagtasynyň süýüminden taýýarlanylan önümlere, umuman, türkmen pagtasyna uly isleg bildirilýär. Çünki Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň dokma senagaty pudagy düýpli rowaçlandy. Gurlup, ulanmaga berlen onlap häzirki zaman egirme, dokma fabrikleriniň, egirme-dokma toplumlarynyň öndürýän nah ýüplükleri, matalary, dokma önümleri, egin-eşikleri dünýä bazarynyň iň geçginli harytlaryna öwrüldi. Pagta hasyly diňe bir dokma senagatynda däl, eýsem azyk senagatynda-da, medisinada-da, kosmetiki önümleri, sabynlary öndürmekde-de, gowaça çigidiniň galyndylary bolsa maldarçylykda-da giňden peýdalanylýar. Görşümiz ýaly, pagtanyň “ak altyna” deňelmegi ýöne ýerden däl. Ak bugdaýyň watany bolan ýurdumyzda bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmekde uly gerimli işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň döwlet derejesindäki üns-aladasy netijesinde, gallaçy-kärendeçilerimiz üçin ýokary zähmet şertleri, tehnika we dökün üpjünçiligi döredilýär. Türkmenistanyň indi dünýä bazaryna öz öndüren gallasyny eksport edýän döwletleriň hataryna goşulandygy buýsançly hakykatdyr. Daýhançylygyň ýokary medeniýetini kemala getiren gadymy halkymyz bugdaý ösdürip ýetişdirmeklige aýratyn ähmiýet berýär. Çünki türkmen tagamlarynyň arasynda esasy orun eýeleýän, saçagymyzyň bezegi, rysgal-berekediň beýik alamaty bolan çörege bolan belent sarpa milli aýratynlyklarymyzyň esasylarynyň biridir. Halkymyz duz-çöregi mukaddes saýyp, tamdyry keramat hasaplaýar. Türkmeniň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan milli tagamlarymyz köpdürlilige, gaýtalanmajak özboluşlylyga eýe bolup, çörek–tagamlaryň içinde iň esasysy, baş iýmit saýylýar. Hakykatdan-da, türkmen milli tagamlarynyň onlarça görnüşlerini taýýarlamakda ak bugdaýyň uny, bugdaý, jöwen ýarmasy giňden peýdalanylýar. Halkymyzyň guşgursak ak bugdaýa „uly iliň soltany“ diýip taryplamagy ýöne ýere däl. „Harman aldym-gala aldym“ diýýän türkmen galla oragy möwsümine aýratyn jogapkärli çemeleşip gelipdir. Sebäbi bu möhüm oba hojalyk möwsüminiň netijesi bilen biziň saçaklarymyzyň rysgal-berekedi gös-göni bagly bolup durýar. Merdana halkymyzyň ekerançylyk medeniýeti dogrusynda aýtsak, medeni ösümlikleriň genetiki köpdürlüliginiň gelip çykyşynyň esasy merkezleriniň (ojaklarynyň) ylmy sanawynda möhüm orna eýe bolan Orta Aziýa (Amyderýadan Hind derýasyna çenli aralygy öz içine alýar) we Alynky Aziýa (“Bereketli ýarymaý” diýip hem atlandyrylýar, Kiçi Aziýany, Zakawkazýany, Eýrany we ýurdumyzyň Köpetdag we dagetek etraplaryny öz içine alýar) merkezleriniň düzüminde ata Watanymyzyň hem möhüm orny bardyr. Çünki bu merkezleriň düzümine girmek bilen, ýurdumyzyň çäkleri köpläp medeni ösümlikleriň ilkinji (ýabany görnüşleriň ösýän we medeni görnüşleriň dörän), ikilenji (şol merkez arkaly beýleki ýerlere ýaýran) ojagy hökmünde ylymda doly ykrar edilendir. Mysal üçin, Güneşli Diýarymyzyň ak bugdaýyň watany hökmünde şöhratlanmagy munuň bir ajaýyp mysalydyr. (Änew medeniýeti ady bilen taryhdan mälim bolan (b.e.öňki V-IV müňýyllyklar) taryhy-arheologil ýadygärligiň 1904-nji ýylda geçirilen gazuw-agtaryşlary ak bugdaýyň we arpanyň kömüre öwrülen dänelerini ýüze çykardy. Soňra Diýarymyzyň çägindäki beýleki gadymy ýadygärliklerde geçirilen köpsanly barlaglar hem şeýle netijäni tassyklady. Bu bolsa ylmy esasda Türkmenistanyň ekerançylyk medeniýetiniň ilkinji ýüze çykan ojaklarynyň biri hökmünde doly ykrar edilmegine getirdi). 1500 ýyldan gowrak taryha eýe bolen Beýik ýüpek ýolunyň alyp görsek, şu ýol arkaly dürli döwürlerde Merkezi Aziýadan Hytaýa, esasan, “ganatly asman atlary” (türkmen bedewiniň ata-babalary), düýeler, harby enjamlar, altyn we kümüş, ýarym gymmatbaha daşlar, aýna we deri önümleri, ýüňden dokalan nepis halylar, ýüň we nah matalar bilen bir hatarda, ýorunja, düýp sogan, üzüm, garpyz, gawun ýaly gök we bakja ekinleri, miweler, goýunlardyr tazy itleri we beýlekiler ilkinji gezek aralaşypdyr. Mysal üçin, biziň eýýamymyzdan öňki II asyrda Merkezi Aziýa ilkinji gezek gelip gören hytaýly diplomat we syýahatçy Çžan Sýan Merkezi Aziýada ilkinji gezek “ganatly asman bedewlerini” synlap aňk bolmak bilen, üzümi we ondan öndürilen ýokary hilli çakyry dadyp görüp, diýseň haýran galan bolsa gerek. Sebäbi Hytaýda beýle atlary hem-de beýle täsin ir-iýmişi-üzümi we ondan ýasalan çakyry heniz görmändiler we bilenokdylar. Hytaýda çakyr diňe tüwüden öndürilýärdi. Merkezi Aziýada bolsa, üzümçilik we çakyr öndürmegiň tehnologiýasy ýokary derejede ösendi. Bedew atlar hakynda aýdylanda bolsa, Hytaý “asman bedewlerini” ele salansoň, olaryň esasy iýmiti bolan ýorunja tohumyny-da ilkinji gezek biziň Ülkämizden alypdyr. Halkymyzyň düme we suwarymly ekerançylygyň, irrigasiýanyň (suwaryşyň) ajaýyp däplerini döredendigine gojaman taryh şaýatlyk edýär. Akabalar, ýaplar, aryklar, kärizler, nowalar, jykyrlar halkymyzyň gadymy irrigasion ulgamlarynyň biziň günlerimize gelip ýeten ajaýyp nusgalarydyr. Düňle çölde ýeke damja suwsuz täsin garpyzy ýetişdirmegi başaran halkymyzyň ugurtapyjylygyna we merdanalygyna haýran galmazlyk asla mümkin däl. Çünki kökleri onlarça metr çuňluga gidýän ösümligiň kök ulgamyny peýdalanmak pikiri ilki kimiň kellesine gelen-de bolsa, ol genial adam bolan bolmaly. Çünki ýandagyň tebigatynyň bu aýratynlygyna akyl ýetirmek üçin täsin ylmy düşbülik we bilim zerur ahyryn. Soňra ýandagyň esasy baldagynyň düýbüne çenli kesip, oňa garpyz çigidini sapmaklygyň hötdesinden gelen adama-da “botanik-seleksioner”, ussat ekerançy diýmezçe däl. Gögeren çigide bolsa, suwuň geregi ýok: ony suw bilen ýandagyň kök ulgamy doly üpjün edýär–ýerasty suw gatlagynna çenli ýeten kökler şol suw bilen ösümligi iýmitlendirýärler, üstesine-de, ýandak dermanlyk ösümlik bolansoň, onda döreýän özboluşly maddalar garpyzyň miwesinde ýygnalýar. Netijede, şirin-şeker garpyzlar dermanlyk häsiýete eýe bolýarlar. Bir aýratynlygy, olar biraz ownugrak bolup bitýärler. Görşümiz ýaly, türkmen halkynyň taryhynyň gadymy bolşy ýaly, onuň kemala getiren ekerançylyk medeniýeti-de iňňän gadymy taryha eýedir. Bu bolsa, biziň merdana halkymyzyň milli mirasynyň bir ajaýyp bölegi bolmak bilen, nesilleriň milli buýsanjyny goşalandyrýan beýik taryhy hakykatdyr.