Soňky ýyllarda Türkmenistanda üstünlikli amala aşyrylýan reformalaryň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak barada köp işler amala aşyrylýar. Kabul edilen onlarça häzirki zaman kanunçylyk resminamalary häzirki wagtda döwletiň syýasy, ykdysady we gumanitar sferada sazlaşykly ösüşini, halkara gatnaşyklarynyň sazlaşykly ýola goýulmagyny üpjün etmeklige hyzmat edýändigi hakykatdyr. Çünki ýurduň özygtyýarly, Garaşsyz döwlet hökmünde dünýäde doly ykrar edilendigine seretmezden, bellibir döwürde ýurtda öňki Soýuzdan galan kanunlar hereket edip geldi. Bu bolsa özgeren durmuş, üýtgän syýasy, ykdysady, jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň ösmegine päsgelçilik berip geldi. Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet başyna gelmegi bilen, bu möhüm meseläniň çözülmegi ugrunda aýgytly çärelere- kanunçylyk reformasyna hem badalga berildi. Bu babatda hormatly Prezidentiň ýurduň kanun çykaryjy häkimiýet edarasy bolan Türkmenistanyň Mejlisiniň işine yzygiderli baha berip, olaryň öňünde anyk tabşyryklary goýmaklygy, kanun çykaryjylyk işine tejribeli hünärmenleri çekmekligi, dünýäniň häzirki zaman kanunçylyk-hukuk tejribesini öwrenmeklik we ulanmaklyk üçin giň mümkinçilikleri döretmekligi aýratyn itergi berdi we bu prosesi çaltlandyrdy. Netijede, Türkmenistanda onlarça häzirki zaman kanunlary taýýarlanyldy we kabul edildi. Şol bir wagta, Türkmenistanyň onlap halkara şertnamalaryna we konwensiýalaryna goşulandygyny-da belläp geçmek ýerliklidir. Esasy-da, soňky kabul edilen we edilýän kanunlaryň öňki nusgalaryna seredende, has ynsanperwerleşendigini, demokratlaşandygyny, hakykatyň hatyrasyna, bellemek zerurdyr. Mälim bolşyna görä, Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça Konstitusion topar hereket edýär. Onuň esasy wezipesi Konstitusiýany kämilleşdirmeklige we döwrebaplaşdyrmaklyga gönükdirilen köpugurly çäreleri taýýarlamakdan we üstünlikli durmuşa geçirmekden ybaratdyr. Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň ýurduň Baş Kanunyny kämilleşdirmek boýunça anyk wezipeleri has-da aýdyňlaşdyryp, döwletiň we halkyň durmuşynda bolup geçýän düýpli özgertmeleri kanunçylyk taýdan berkitmek, ilkinji nobatda, Baş Kanunda beýan etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna syýasy, ykdysady we durmuş meselelerini has aýdyň beýan edýän täze kadalary girizmegiň zerurlygy, ýurduň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmekde ylmy çeşmeleri we iň öňdebaryjy dünýä tejribesini gollanmagyň maksadalaýyklygy dogrusynda anyk tekliplerini aýtmaklygy, ýagny bu möhüm wezipäniň çözgüdine aýratyn üns bermekligi goldawa mynasyp işdir. Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň ýolbaşçylygynda Konstitusion topar tarapyndan işlenilip taýýarlanan täze Baş Kanunyň taslamasynyň ählihalk tarapyndan ara alyp maslahatlaşmaklyga hödürlenmegi bolsa, elbetde, Türkmenistanyň raýatlarynyň demokratik hukuklarynyň we erkinlikleriniň aýdyň ýüze çykmasydyr. Şu ýerde biz Baş Kanun diýlip atlandyrylýan hukuk resminamasy dogrusynda has jikme-jik durup geçeliň. Çünki islendik zada düşünmek üçin onuň häsiýetli aýratynlyklaryndan, kemala geliş taryhyndan az-kem habarly bolmaklygyň möhümdigini inkär edip bolmasa gerek. Konstitusiýa (latyn dilinden terjime edilende “constitutio”- gurluş, ornatmak, ýaly manylary aňladýar)- bu döwletiň esasy, baş kanunydyr, aýratyn, möhüm kadalaşdyryjy hukuk namasydyr we ol ýokary ýuridiki güýje eýedir. Konstitusiýa döwletiň syýasy, hukuk we ykdysady ulgamlarynyň gurluşynyň esaslaryny kesgitleýär. Şonuň ýaly-da onda jemgyýetiň gurluşynyň esaslary, döwlet edaralarynyň ulgamy, olaryň döredilişiniň we işiniň guralyşynyň tertibi, raýatlaryň hukuklary, erkinlikleri we borçlary kesgitlenýär. Konstitusiýa döwletiň esaslandyryjy resminamasy bolup, onda döwletiň döredilmeginiň esasy maksatlary beýan edilýär. Adatça aglaba döwletleriň Konstitusiýalary dörediji ýygnak ýa-da ahlihalk ses bermesi (referendum) arkaly kabul edilýär. Konstitusiýa döwletiň ýa-da döwletara birleşigindäki döwlet-çäk arkalaşygynyň ýokary ýuridiki güýje eýe bolan hukuk namasy bolup, döwletiň ýa-da arkalaşygyň syýasy, ykdysady we hukuk ulgamlarynyň esaslaryny, döwletiň we şahsyýetiň hukuk derejesini, olaryň hukuklaryny we borçlaryny kanun arkaly berkidýär. Maddy babatda alanyňda, Konstitusiýa döwletiň ýokary edaralaryny, olaryň döredilmeginiň we işiniň tertibini, olaryň özara gatnaşygyny we hukuk çägini, şonuň ýaly-da indiwidiň döwlet häkimiýetine bolan prinsipial ýagdaýyny kesgitleýän hukuk kadalarynyň jemidir. Hukukda ýuridiki we hakykat ýüzündäki konstitusiýa düşünjeleri tapawutlandyrylýar. Ýuridiki konstitusiýa diýlende, jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän hukuk kadalarynyň ulgamyna düşünilýär. Hakykat ýüzündäki konstitusiýa diýlende, hakyky hereket edýän, bar bolan gatnaşyklara düşünilýär. Görnüşi boýunça konstitusiýalar ýazylan we ýazylmadyk görnüşlere bölünýärler. Ýazylan konstitusiýa – bu ýeke-täk kadalaşdyryjy hukuk namasydyr (aglaba döwletleriň konstitusiýalary) ýa-da birnäçe konstitusion kanunlaryň jemidir (mysal üçin, Şwesiýanyň, Ispaniýanyň Konstitusiýalary). Ýazylmadyk konstitusiýa köpläp hukuk namalarynda ýerleşen konstitusion häsiýetli kadalardan we konstitusion däplerden ybaratdyr. Ol anglo-sakson hukuk maşgalasy (ABŞ-dan başga), Beýik Britaniýa üçin häsiýetlidir. Ýazylan konstitusiýa öz gezeginde iki görnüşe bölünýär: 1)kodifisirlenen Konstitusiýa, ýagny ýeke-täk kadalaşdyryjy namadan –Konstitusiýadan ybarat (mysal üçin, ABŞ-ň, Fransiýanyň, Russiýanyň, Türkmenistanyň Konstitusiýalary); 2)kodifisirlenmedik konstitusiýa, ýagny “konstitusiýa” atly ýeke-täk namada jemlenmedik we berkidilmedik kanunlardan, kazyýet presedentlerinden, hukuk däplerinden, doktrinalaryndan ybarat (mysal üçin, Beýik Britaniýanyň, Täze Zelandiýanyň Konstitusiýalary). Beýleki kanunçylyk namalary bilen deňeşdireniňde, Konstitusiýa üçin şu aýratynlyklar häsiýetlidir: 1)döwletiň gurluşyny, raýatlaryň esasy hukuklaryny we erkinliklerini kepillendirýär, döwleti dolandyrmagyň görnüşini we döwletiň ýokary häkimiýet edaralarynyň ulgamyny kesgitleýär; 2)ýokary ýuridiki güýje eýedir; 3)kanunçykaryjylyk işi üçin binýat bolup hyzmat edýär; 4)durnuklylygy bilen tapawutlanýar; 5)kabul etmek we üýtgetme girizmek babatynda oňa aýratyn tertip häsiýetlidir; 6)gös-göni täsir etmek güýjüne eýe bolan kadalaşdyryjy namadyr; 7)döwletiň ähli çäginde ýokary güýje eýedir. Adatça konstitusion namalar mazmunlary babatynda biri-birine meňzeş bolup, olarda döwlet häkimiýetiniň gurluşy, häkimiýet edaralarynyň hukuklary we ygtyýarlyklary hem-de olaryň raýatlara bolan gatnaşygy, raýatlaryň borçlary we esasy hukuklary- raýat azatlyklary baradaky kadalar beýan edilýär. Konstitusiýa şu möhüm ugurlar boýunça hereket edýär: 1)esaslandyryjylyk; 2)guramaçylyk; 3)daşary syýasat; 4)ideologiýa; 5)kanunçylyk. Jemgyýetçilik durmuşyndaky möhüm özgerişleriň netijesinde onuň geljekki ösüşini kesgitleýji syýasy we kanunçylyk binýadyna öwrülmegi arkaly Konstitusiýanyň esaslandyryjylyk hereketi ýüze çykýar. Şeýlelikde, Konstitusiýa jemgyýetde eýýäm bar bolan gatnaşyklar üçin ýa-da täze gatnaşyklaryň kemala gelmegi üçin kanunçylyk- hukuk şertlerini esaslandyrýar. Şeýle-de döwletiň syýasy we jemgyýetçilik ulgamyny, döwlet-hukuk institutlaryny esaslandyrmak arkaly hem bu hereket amala aşyrylýar. Diňe bir ýetilen sepgitleri berkitmek bilen çäklenmän, jemgyýetiň we döwletiň öňünde täze wezipeleri we maksatlary goýmagy, syýasy işjeňligi ýokarlandyrmagy, döwlet edaralaryny, jemgyýetçilik birleşmelerini we ähli raýatlary täze esasy kanunyň ruhunda hereket etmäge gönükdirmegi arkaly Konstitusiýanyň guramaçylyk hereketi ýüze çykýar. Diýmek, Konstitusiýa diňe bir ösüş üçin bar bolan şertleri şöhlelendirmek bilen çäklenmän, ony gazanmagyň kanunçylyk-hukuk gurallaryny-da özünde jemleýär. Konstitusiýanyň daşary syýasat babatyndaky hereketi onuň diňe bir döwletiň syýasy durmuşyna gönükdirilendigi bilen çäklenmän, eýsem, döwletiň daşary syýasat işiniň binýadyna öwrülmegi bilen şertlendirilendir. Konstitusiýanyň ideologiýa babatyndaky hereketi onda döwletiň baş syýasy taglymatynyň-ideologiýasynyň kanuny esasda berkidilmegini aňladýar. Täze kanunçylyk ulgamynyň we ýurduň hukuk tertibiniň esasyny düzýändigi, jemgyýetçilik gatnaşyklaryny sazlaşdyrýandygy, gös-göni täsir güýjüne eýe bolan hukuk resminamasy hökmünde şeýle gatnaşyklaryň döremegine şert döredýändigi, kanunçylyk-hukuk ulgamynyň kämilleşmegine we täze kanunlaryň kabul edilmegine itergi berýändigi Konstitusiýanyň kanunçylyk hereketiniň netijesidir. Kabul edilýän kararlaryň Konstitusiýa laýyk gelmegine gözegçiligi ýörite kazyýet edarasy- Konstitusion kazyýet amala aşyrýar. Käbir döwletlerde bu işi Ýokary kazyýet amala aşyrýar. Konstitusiýanyň döreýiş taryhyny yzarlanymyzda, onuň öz gözbaşyny gadymyýetiň kanunlaryndan alyp gaýdýandygyny görýäris. Oňa çalymdaş kanunlar baryp Gadymy Ýunanystanyň şäher-döwletlerinde (polislerinde) kabul edilipdir. Afinyda kabul edilen Solonyň we Klisfeniň kanunlary, Spartanyň “Uly retrasy” (rowaýaty Likurg tarapyndan düzülendigi aýdylýan-da bolsa, hakyky awtory näbelli bolan) ýaly kanunlar munuň mysalydyr. 1600 ýylda kabul edilen San-Marinonyň Baş Kanuny biziň günlerimize çenli hereket edýän iň irki konstitusiýa bolup, ol 1300 ýylda kabul edilen şäher Tertipnamasynyň esasynda işlenilip düzülipdir. 1529 ýylda kabul edilen “Beýik Litwa Knýazlygynyň Statuty” ilkinji konstitusiýa diýlip hasap edilýär. Ilkinji häzirki zaman manysyndaky konstitusiýa diýlip ABŞ-ň Konstitusiýasy hasaplanýar. (1787 ýylyň 7 dekabrynda Delawer ştaty tarapyndan ratifisirlenen). Ýewropanyň ilkinji ýazylan konstitusiýalary hökmünde 1791 ýylyň 3 maýynda kabul edilen Reç Pospolitanyň Konstitusiýasy we 1791 ýylyň 3 sentýabrynda kabul edilen Fransiýanyň Konstitusiýasy bellidir. (Emma ikisi-de uzak wagt hereket etmändir). Görşümiz ýaly, häzirki zaman hukuk döwletiniň baş binýady bolan Konstitusiýa özboluşly aýratynlyklara we uzak taryha eýedir. Adamzat siwilizasiýasynyň ösmegi bilen, kanunçylyk ulgamy hem barha kämilleşýär. Bu konstitusiýa babatynda-da şeýledir. Çünki bu kanunçylyk namasy döwletiň we jemgyýetiň sazlaşykly ösüşini üpjün edýän esasy kanundyr. Syýasy-jemgyýetçilik we kanunçylyk-hukuk babatyndaky öňdebaryjy adalatly garaýyşlarynyň, ynsanperwer pikirleriniň we başlangyçlarynyň dabaralanmagy hem-de halkara kanunçylygynyň ösen häzirki zaman nusgalarynyň we tejribesiniň ylmy esasda içgin öwrenilmegi, milli kanunçylygymyzyň däpleri bilen sazlaşykly utgaşdyrylmagy, şonuň ýaly-da türkmen milletiniň milli ruhy-ahlak ýörelgelerinden ugur alynmagy netijesinde işlenip taýýarlanylýan döwrebap, halkara ülňülerine laýyk gelýän Türkmenistanyň täze Konstitusiýasynyň merdana türkmen halkynyň we ýaş Türkmen döwletiniň geljekde rowaçlanmagyna hyzmat etjekdigine ynanýarys.