Günler aýagyna ot degen ýaly, duşumyzdan zybrym geçip dur. Olary elimiz bilen tutup hem, togtadyp hem bilmeýäris. Wagtdan, sagatdan üstün çykmagyň ýoly, iň gowusy, ondan öňe geçmekdir. Ömrüňe, ykbalyňa dahylly işlere gümra bolup, wagtdan geregiňi edinmekdir. Adamyň ömründe günleriň gadyrsyzy, ähmiýetsizi ýokdur. Her günüň hem özüçe gyzygy, lezzeti bar. Gülüp gelen günleri, ýylgyryp garşy alnan pursatlary ýagşy işlere gönükdirmek, üstünlige beslemek diňe biziň haýrymyzadyr. «Her dogan Gün ýaşaýşy täzeden başlamaga mümkinçilik berýär» diýýärler. Bu hakykatdyr. Çünki bu gün bize düýnki galan işlerimizi soňlamaga, göwnüne degen adamlarymyzdan ötünç soramaga, hassahana giren ýoldaşlarymyzyň halyny sorap gaýtmaga... - ähli zada mümkinçilik berýär. Bu gün - biziň üçin açylan gapy. 01 gapydan düýnki günüňe nazar aýlamak, säwlikleriňi, ýalňyşlyklaryňy düzetmek geljegimiziň röwşen, zyýada bolmagyna getirýär. Käte üstünlige, rowaçlyga ýetmek üçin sähelçe pursat, wagt ýetmezçilik edýär. Pellehanadan ilkinji geçmeli at sähelçe wagt gijä galyp, ýeňlişe sezewar bolýar. Menzile ilkinji bolup gelmeli türgen az wagtlyk gijä galyp, ýoldaşlaryndan yza galýar. Sähelçe wagt, ujypsyzja pursatlar... Olar adamyň ömründe yzygiderli gaýtalanyp dur. Her bir minudy, sagady ýerlikli peýdalanyp, ony üstünlige, ýeňşe gönükdirip bilmek biziň şol günümiziň şowly bolmagyna, üstünlige ýetmegine getirip biler. Wagtymyzy ýerlikli peýdalanmak üstünlige ýetmekde ilkinji ädimdir. Bizde köplenç şeýle bolýar: käte edip oturan işimizi taşlap, «Ertir ederis», «Ertir jemläris» diýip, sapalak atýarys. Kähalatda bolsa şol «ertir-ertirleriň» wagtynyň gelmeýän pursatlary-da bolýar. Onsoň şol ýitirilen wagtlaryň, günleriň öwezini nädip doljak?! Bir ötegçiden: Sen näme üçin çalt ýöreýärsiň? - diýip sorapdyrlar. 01: Men ulumsylykdan gaçmak we işlerime howlukmak üçin çalt ýöreýärin- diýipdir. Biziň biperwaýlykdan, parhsyzlykdan gaçmagymyz hem edil şol ýolagçynyňky ýaly bolmalydyr. Çünki haýyrly işlere howlukmak, maksada ýetmäge dyrjaşmak eýýäm üstünlige tarap ädilýän ilkinji ädimlerdir. Düýn, şu gün, ertir - adamyň ömrüni kesgitleýän esasy üç pursat. Düýnki gün biziň şu günümižiň taryh-ydyr, geçmişidir. Ertirki gün bolsa biziň şu günümiziň netijesinden hasyl bolýar. Biziň üçin iň gowy gün şu gündür. Çünki şu gün biziň işlerimiziň, sogaply başlangyçlarymyzyň rowaçlanmagyna itergi berýär. Şu gün biziň geljegimiziň gapysyndan ätlejek, ertirki güne alyp gitjek uly güýçdür. Geçmişde ata-babalarymyz gün ahyrlaberende: «Ýene-de bir günümiz ötdi» diýip, aglaşar ekenler. Eýsem-de, ömrümizde sähelçe pursatlyk düşleýän bu günleri ünssüz, biperwaý ötürip bolarmy?! Bir gün akyldarlaryň biri uly bir märekä ýüzlenip: Şu gün kim agzyny bekledi? - diýip Sorapdyr. Märekedäki adamlaryň hemmesi bilelikde jogap beripdir: Hemmämiz! Şu gün haýsy biriňiz ajy naharladyňyz? Hemmämiz! Şu gün haýsyňyz hassanyň halyny soramaga gitdiňiz? Hemmämiz! Şu gün kim ene-atasynyň halyny sorady? Hemmämiz! Akyldar näme diýip sorasa, märekedäkileriň hemmesi biragyzdan «Hemmämiz!» diýip jogap beripdir. Şonda ýaňky akyldar: Ömrümizde şu günümiz bolmadyk bolsa, biz, gör, nähili zatlary ýitirerdik - diýipdir. Hawa, günler bize nämedir bir zatlary edip bilmegimiz - hassanyň halyny soramagymyz, dost-ýarlarymyz bilen söhbet etmegimiz, ene-atamyzyň halyny sorap gaýtmagymyz, ylym-bilim bilen meşgul bolmagymyz... üçin berlendir. Günler biziň bagtyýarlygymyzy, agzybirligimizi has alyslara alyp gider. Ertir diňe şu günden başlanýar. Ine, säher bilen ýaldyrap Gün çykar-da, dünýämiz bilen birlikde göwnümizi, kalbymyzy hem ýylyjajyk mähir gurşap alar. Şol pursat ömrüňde ajaýyp günüň - şu günüň başlanandygyny aňarsyň. «Men bu gün näme etsemkäm?!», «Men bu gün nähili işlere gümra bolsamkam?» diýen soraglary özümize berip, bu günüňi diňe haýyrly işlere gönükdirmäge çalşarsyň. Çünki günleriň biziň üçin gymmatlydygyna, gaýtalanmajakdygyna düşünýäris. Taryhda her bir gününi hasaply ýöredip, wagtyny tygşytly tutýan, her minudyny altyna barabar gören akyldarlaryň, danalaryň iň soňunda uly üstünlige, derejä ýetendigini bilýäris. Şu günki edilen iş ertirki gün edilmeli işden haýyrlydyr. Şu gün dost-ýarlaryň arasynda bolup, olar bilen gyzykly söhbet etmegiň ertirki etjek söhbediňden has sogaplydyr. Şu günki başy başlanan işleriň, aýdan hoş sözleriň, haýyr-sogaplaryň ertirki etjek işleriňden has haýyrlydyr. Şonuň üçin-de ähli ýagşy işleri etmegiň, birek-birege hoş sözleri aýtmagyň... iň amatly pursady şu gündür. Geliň, ertirki günde ýatlanyljak şeýle günlerimizi - şu günümizi gyzykly, manyly geçireliň! Şu gün bir hassanyň halyny sorap gaýtmaga, ene-atamyzy, söýgüli ýarymyzy, çagalarymyzy şatlandyrmaga, gowy maksat tutmaga, kitap okamaga... biziň wagtymyz bar. Geliň, ony ýagşy zatlara, Watan, il-gün üçin sarp etmäge howlugalyň!